Ýüregim demirden, kalbym doňmuşyn, Polat gala aýlanmyşym daşyma. Neneň beýle bolup bilýärmişim men, Seýdip ýaşap bormy naçar başyma? Dogry, men aglamok, gülýärin seýrek, Az derdinýän joralarmyň ýanynda. Mune etjek diýip edip bolmaýar, Zeýrenmeklik bolaýmasa ganyňda. Aňsat-aňsat haýyş edip duramok, Özüm etjek bolýan onuň deregne. Men ýanymdan barýan erkek adamyň Garaşamok gapy açyp bererne. Näzirgämok, ýylgyramok owadan, Däl men asla ýekelikden nalaýan. Hindi kino görüp bilemok, Süýji çaý däl, ajy kofe halaýan. Hiç kim maňa gynanç bilen bakanok, Başymy dik tutup gidip bilýärin. Ýeri, sen aýtsana, bularyň bary, Meniň ýüregimi aýdyp berýärmi?! Belki, men has ýekedirin dünýäde, Ýa-da gussalarym çökder gelýändir. Dymmak käte razy bolmagyň däl-de, Çäresiz ýüregiň sesi bolýandyr.