Anna günüň agşamsy, a men bolsa öýde galdym. Meniň içim gysdy,daşary bolsa gezmelärden sowukdy. Men dostum Muhammede jaň etdim we bize gelmegini soradym. Ol uzak ikirjiňlendi,ýöne pikirlenjekdigini söz berdi. Eýýäm gije düşüpdi,men bolsa telewizoryň başynda oty:rdym.Şol wagt gapy kakyldy,men Muhammet bolmaly diýip oňa"Garaş,açary alaýyn"diýip gygyrdym.Ol gapyny has hem gaty kakdy we "Açsana işigi men doňdum»diýip gygyrdy. Ondan soňra hem "Men doňýan","Men doňýan "diýip birnäçe gezek gygyrdy. Muhammediň howa sowuklygy sebäpli gelmejek bolany ýadyma düşüp,"Bagyşla dostjan,açarlary tapammok"diýip oýun etdim.Ol indi edil aklyndan azaşan ýaly"Göýber meni öýe"diýip arlap başlady. Men egnime ýapynja atyp işigiň ýanyna bardym welin,telefona jaň geldi. . Açary gapyda goýup jaňa jogap berdim.Bu Muhammetdi. " Açýan-how häzir,arlamasana. Ýöne ol arkaýyn jogap berdi:-Kime açýaň,nämäni açýaň?Men bu gün baryp bilemmok dost.Bagyşla,ýene bir gün.Men ýyldyrym çaltlygynda gapa ylgadym.Bagtyma men gapyny doly açmandym.Men gapynyň gözjagazyndan jykladym.Koridorda hiçkim ýokdy. Men "Muhammet oýun edýändir"-diýip,üns hem bermedim.Birnäçe minutdan gapy ýene kakyldy.. Bu ses Muhammediň sesine meňzänokdy:" Goýber goýber ahyry,men doňdum.Goýber diýýärin!" Gapy sandyrap başlady,men şeýle bir gorkdum,ýöne gapynyň döwülmejegini bilýärdim.. Men ýene Muhammede jaň etdim we meniň bilen kimdir biriniň erbet oýun edÿändigini aýtdym.Men onuň gelip bu meseläni çözüşmegini haýyş etdim. Ol ýarym sagatdan geldi we meniň gapyma kakdy.Men ony gözjagazdan gördüm we şol bada gapyny açdym.Hany ol oýunçylar?Koridorda adam ýok» — diýdi. Men ony öýe goýberdim we biz birnäçe sagatlap bolan waka barada gürrüň etdik. Biz bu bir ýöne goňşy çagalaryň oýunydyr we munda hiç hili gorkar ýaly zat ýok diýen netijä geldik. Muhammet öýüne gaýdan badyna derrew gapylary gulpladym.Ol gideninden soňra hem men birnäçe sagat oturdym.Men arasynda koridora seretdim,ýöne ol ýerdi hiçzat görmedim.Hemme ýeri dym dyrslykdy.Men ahyry soňy köşeşip ýatylýan jaýa geçdim.Haçanda men kellämi ýassykda goýamda,meniň gulagyma"Goýbereniň üçin sagbol"-diýen ses eşdildi.