Adam ata一pygamber we adamlaryň atasy oldur. Ol baradaky maglumatlar ol hakda gürrüň etmekden has meşhurrakdyr[1]. Hudaý tagala一Toprakdan adam ýasap, jan berip, ony ýer ýüzünde öz ornumda oruntutar goýjak一diýip, perişdelere aýtdy. Onda perişdeler: 一Olar (ýagny ynsanlar) ýokardan berlen jany saklap bilmezdiler. Şol sebäpden saňa boýun egmezler, ýaradanyň öler durar一diýdiler. Hudaý tagala: 一Meniň bilýänimi siz bilýän dälsiňiz. Siz gidiň-de, toprakdan bir adamyň suratyny ýasaň!一diýdi. Ezraýyl aleýhissalam, hudaýyň buýrugy bilen bütin ýer ýüzündäki dürli toprakdan alyp, Mekgeýe mugazzyma bilen Taýyfyň arasynda şol toprakdan palçyk edip, Adamyň suratyny ýasap ýatyrdy. Birnäçe ýyl geçensoň, hudaý tagala oňa jan berdi. Ol müň ýyl bu dünýäde ýaşady. «Adam» diýmeklik arap sözi bolup, araplar derä «adam» diýýärler. Her bir zadyň daşyna «deri» diýýärler. Perişdeler topragy alyp, Adam suratyny ýasadylar. Şoňa görä-de oňa «Adam» diýdiler. Adamyň behişde barşy, ondan çykyşy, ýer ýüzünde ýaşaýşy hakda gürrüň il içinde meşhur bolany üçin ony aýtmaýarys[2]. 1. Abu Bekr Tährany «Taryhy diýarbekriýýe» (Akgoýunly türkmenleriniň taryhy). 2. Abylgazy Bahadur han «Şejereýi teräkime» (Türkmenleriň şejeresi)

Köneler, Afrasiyap tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir