Salam hormatly Talyplar.com siziň pikiriňizi anyklamak üçin açdym bu blogy! Men ertir.com agzasy @Afrasiýap agza! Hawa düýn meni ertir.coma girmekligimi mahrum etdiler. Men Miras merkeziniň taryhy kitaplaryndaky maglumatlary synagdan geçjek talyplara aňsat bolar ýaly her şahsyýetiň taryhyny aýratynlykda mowzuk edip açýardym. Emma käbir şahsyýetleriň terjimehaly gysgarak bolany üçin ol temalary ertir.comyň moderatorlarynyň içinde @Ertir, agza pozuşdurdy. Şeýle-de ata-babalarynyň atlaryna bihormatlylyk getirdi we ýazanjalarymy puja çykardy. Iň erbet ýeri hem duýdurman pozmaklygy. Pikirlerde agzap geçdim. Diýilmeli zatlar ýüzüne diýildi welin aşagyndan çykmaga bahana tapyp bilmedi. Soň ol pikirimi pozupdyrlar. @Ertir, atly moder! Soň @Mergen atly moderator geldi bir ýerden. Oňa dagy kim moderatorlygy berip ýör!? Öňüräk bir pikirde @Mergen, diýilýäne. «Şu saýtda bolmaklyga höwesim ýok». Diýsem «Onda näme üçin oturýaň?» diýdi. Menem «Men bärde oturamok, men bärde zat ýazýan» diýdim. Bu @Mergen, diýilýäniň pikirlerinden ýazýan zatlaryndan hem bilse bolýar, nähilidigini! Siz ikiňiz barkaňyz nesip bolsa intek köp agzalary ýitirersiňiz. Meni şol saýta siz salmadyňyz jenap @Mergen, we @Ertir, meni banlap ýa-da saýtdan kowar ýaly!? Men şol saýta öz islegim bilen girdim. Öz islegim bilenem çykýaryn!

Köneler, Afrasiyap tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir