Yaz gunleriniñ biridi.Howa eýýam garalypdy.Men bolsa bir yodajyk bilen oye alñasap baryardym.Sebabi asmany gara bulutlar tutupdy.Kate bulutlaryñ icinden ýyldyrym süynup gidyardi.Daš-towerek dym-dyrslykdy.Ol dym-dyrslygy ýyldyrymyñ gümmürdileri pozyardy.Inede ýagyš damjyklap bašlady.Men bolsa paltomyñ eginlerini galdyryp bukuljyrap baršyma ýagyš ýagmasyny tizlendirdi.Has dogrusy jala bašlapdy.Men bolsa ejemiñ aýdan sözlerini ýadyma düšürip,jala ezilmejek bolup,bir bukyrak yer gözledim.Ine munuñ gabat gelšini diysene.Gözlerim gözlegdeka,dünyasini tazelan bir garryja yone baý adamyñ jayyna gözüm düšdi.Göze ilmezce hem däldi,jay uludy.Išigindäki bir bolek mellegini her dürli otlar basypdy.Ol garryja adamyñ ayaly ir yogalypdy.Ol yeke ýašardy.Kicijik cagajyklar onuñ jaýyna golaýlašyp bilmezdi.Sebabi onuñ jaýynyñ haýatlarynda her hili haywanlaryñ kelle-canaklary asylgy durdy.Mundan bašgada ol ýašuly barada her hili tãsin gürrüñler ešdilerdi.Hic hili züryady yoklugy sebapli jay bošja yatyrdy.Men jaýyñ gapysyna tarap okduryldym.Derrew jaýyñ içine girdim.Jaý sowukdy,garañkydy,gorkunçdy,ýöne ýyldyrymyñ ýagtylygy käte jaýyñ içini ýagtyldÿardy.Men demimi dürsedim,gözlerim garañkylyga öwrenišdi.Men ýagyš goyyança bu ýerde galmasam bolmajagyny bildim.Eywany giñ,bir uly diwan bar,ikinji gata basgançak hem gidyardi.Her adimimde agaçlar "jjyyk-jjyyk edip döwülaýjek ýalydy.Men diwanyñ üstüni kakyšdyryp bir gyrasynda kellami goydum we üstüme egnimdaki paltomy atdym.Hiç kim ýašamanlygy sebapli jaýyñ içinde šemal uwlap aýdym aýdýan ýalydy.Men kellami goysam hem gözlerim acykdy. Munuñ ýaly jayda-da bir uklap bolarmy.Ýyldyrym çakanda seredip yatan yerimde iki sany zat yalpyldady.Ol bärik golaýlašyardy.Birden hem "Guuuuump"bolup otagyñ ici yagtylyp gitdi.Görsem bu golaylašyan bir alaka ekeni.Birden hem ol gozden yitirim boldy.Jänewer gorkandyr diýip,men gözlerimi ýumdum.Her nähili bolsada bu gün uzak gün aýak üstünde ýadaldy.Men irkilipdirin.