Bir gezek agaç çapýan derýajygyñ boýunda agaç çapyp ýörkä oña paltasyny gaçyrýar. Ol gynançdan ýaña aglap otyrka onuñ ýanyna Allatagalla gelýär we šeýle diýýär: "Sen näme üçin aglaýañ?" "Men nädip aglamaýyn,meniñ eklenjimiñ çešmesi bolan paltamy suwa gaçyrdym". Onda Allatagalla suwdan sap altyndan ýasalan palta çykarýar: "Bu seniñkimi?" "Ýok,bu meniñki däl", - diýip agaç çapýan jogap berýär. Allatagalla bürünçden ýasalan paltany çykarýar: "Belki šu seniñkidir?" "Ýok bu hem meniñki däl", - diýip ol jogap berýär. Ahyry Allatagalla demirden ýasalan paltany çykarýar. "Šumy seniñ paltañ?!" "Hawa bu meniñ paltam", - diyip ol begenýär. "Görýärin welin sen dogruçyl adam we meniñ düzgünlerime boýun bolýañ, üç paltany hem sylag hökmünde al - diýýär". Agaç çapýanyñ güni gowulašypdy,ýöne bir gün onuñ aýaly hem derýa gaçýar. Ol ýenede gynanyp aglaýar. Bu gezek hem onuñ ýanyna Allatagalla gelýär we soraýar: "Näme üçin aglaýañ?" "Nädip aglamaýyn,meniñ aýalym derýa gaçdy ahyry". Onda Allatagalla suwdan bir ša aýalyny çykarýar: "Bu seniñ aýalyñmy?" "Hawa,bu meniñ aýalym", - diyip ol begenip jogap berýär. Allatagallanyñ gahary gelýär: "Näme üçin sen meni allaýañ?" "Bärde bir düšünišmezlik boldy. Eger men ýok bu meniñ aýalym däl diyen bolsam, onda siz ša gyzyny çykarardyñyz ol hem meñki däl diysen meniñ aýalymy çykarardyñyz.Ine bu meniñ aýalym diysem siz maña beyleki ikisini sylag diyip bererdiñiz.Men olaryñ hemmesini ekläp bilmezdim we biz bagtsyz bolardyk.". Moral': Haçanda erkek adamlar ýalan sözlänlerinde,olar hemmelere peýdaly bolar ýaly edýärler.