Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen berkarar döwletimiziň Esasy Kanuny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň – döwletimiziň Konstitusiýasynyň döwrümiziň talap edýän özgertmeleri nazarda tutulyp işlenip düzülen täze redaksyýasynyň 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda bolan Türkmenistanyň nobatdan daşary XXI Halk Maslahatynda kabul edilendigi, häzirki wagtda bolsa hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylyň 16-njy maýynda gol çeken resminamasyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky Konstitusion topar tarapyndan onuň kämilleşdirilen görnüşiniň taslamasynyň taýýarlanandygy hem-de üstümizdäki, 2016-njy ýylyň 15-nji fewralynda halkymyzyň giňden ara alyp maslahatlaşmagy üçin onuň merkezi metbugat organlarymyz bolan “Türkmenistan”, “Neýtralnyý Turkmeninstan” gazetlerinde çap edilmegi aýratyn bellemäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere raýatlarymyz, hünärmenler, ylmy işgärler, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary, häkimiýet edaralary we ýaşulular işjeň gatnaşýarlar. Hormatly ýaşulularymyzdan, edara-kärhanalardan, syýasy we jemgyýetçilik guramalaryndan, şeýle hem raýatlarymyzdan Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek bilen bagly köp sanly teklipler gelip gowuşýar. Bu tekliplere Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparlarynda hemmetaraplaýyn seredilýär. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak berkarar döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Konstitusiýada döwletimiziň ykdysady işi adamyň we jemgyýetiň bähbitlerinden ugur alyp düzgünleşdirýändigi, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna durnukly ösüşi üpjün edýär. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň esaslaryny we borçlaryny kesgitleýän kadalar Konstitusiýada giňden beýan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, gelip gowşan teklipler esasynda adam hukuklary bilen bagly maddalary kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirilýär. Bu tekliplere dünýä tejribesini, halkara guramalarynyň esasy resminamalaryny hemmetaraplaýyn öwrenmek esasynda seredilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň Konstitusiýasynda adamyň we raýatyň hukuklaryny has-da berkitmek bilen bagly teklipleri içgin seljerilýär. Garaşsyz döwletimiz adam hukuklary we azatlyklary boýunça esasy halkara şertnamalaryna gatnaşýar. Şol şertnamalaryň kadalaryny öz milli kanunçylygyna işjeň ornaşdyrýar. Şoňa görä-de, bu möhüm meselä Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Konstitusiýamyzyň taslamasynda adam hukuklary we azatlyklary babatda döwrebap kadalar öz aýdyň beýanyny tapýar. Her bir adamyň öz at-abraýyny we mertebesini goramaga hukugynyň bardygy, hiç bir ýagdaýyň şahsyýetiň mertebesini peseltmek üçin esas bolup durmaýandygy anyk beýan edilýar. Ýurdumyzda hemmetaraplaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa raýatlarymyzyň syýasy hukuklaryny doly kepillendirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Kämilleşdirilen Konstitusiýamyza ýurdumyzda köp dürli syýasy garaýyşlaryň we köp partiýaly jemgyýetiň ykrar edilýändigi baradaky kadalary girizmek boýunça hem teklipleriň gelip gowuşýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Şol teklipler bolsa ýaşulular we hünärmenler tarapyndan goldanyldy. Bu düzgünleriň kämilleşdirilen Konstitusiýamyzda berkidilmegi ýurdumyzda demokratiýanyň yzygiderli ösýändigini aýdyň görkezýär. Hususy telekeçiligi ösdürmäge Garaşsyz Watanymyzda uly üns berilýär. Telekeçileriň netijeli işlemeklerine giň ýol açylýar. Şoňa görä-de, Esasy Kanunymyzda her bir adamyň telekeçilik bilen meşgullanmagy, kanun bilen gadagan edilmedik beýleki ykdysady işi alyp barmagy üçin öz ukybyny we emlägini erkin peýdalanmaga bolan hukugynyň kepillendirilmegi üpjün edilýär. Döwlet häkimiýetiniň ähli şahalarynyň ornuny we ygtyýarlyklaryny anyk kesgitlemek, olaryň halkymyza hyzmat etmekleri üçin amatly hukuk şertlerini döretmek hem möhüm meseleleriň biridir. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň häkimiýet edaralary ulgamynyň konstitusion hukuk esaslaryny kesgitleýän bölüme üýtgetmeleri girizmek baradaky mesele doly öwrenildi. Bu ugurda döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmagyň milli we halkara tejribesi, şeýle hem gelip gowuşýan köp sanly teklipler göz öňünde tutuldy. Şol teklipler Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty, geňeş agzalary, halk maslahatynyň agzalary tarapyndan giňden goldaw tapdy. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyza döwlet Baştutanynyň öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda Prezident saýlanýança onuň ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna geçirmegi göz öňünde tutýan kadalary girizmek teklip edilýär. Bu teklibi ýaşulular hem, hünärmenler hem goldady. Şoňa görä-de, halk köpçüligi ara alyp maslahatlaşandan soň, bu mesele boýunça gutarnykly karara gelmek göz öňünde tutulýär. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlerde ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralaryň, ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň hukuk ýagdaýyna täzeden seretmek möhüm hasap edilýär. Şonda bu edaralaryň ygtyýarlyklaryny, maliýe üpjünçilik we eýeçilik hukuk esaslaryny anyk kesgitlemegiň zerurdygyny aýtmak gerek. Şeýle zerurlykdan ugur alyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirilýär. Häzirki hereket edýän Esasy Kanunymyzyň 49-njy maddasynyň kadalary üýtgedilse, ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem-de kanunlarynda bellenen tertipde ýerli döwlet dolandyryşyny amala aşyrýandygy beýan edilse maksadalaýyk boljakdygyny hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Munuň özi döwleti dolandyryş ulgamynyň has netijeli işlemeginiň hukuk esaslaryny berkider. Kämilleşdirilen Konstitusiýamyzda halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny has giňden we anyk beýan etmek hem teklip edilýär. Halk maslahatlarynyň ýerli býujeti we bu býujetiň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty tassyklaýandyklary, kanunçylygy hem-de jemgyýetçilik tertibini gorap saklamaga, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmäge ýardam berýändikleri hakyndaky kadalaryň Esasy Kanunymyza girizilmegi wajypdyr. Şonuň ýaly-da, degişli çägi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada ýerine ýetiriji edaralaryň, ýagny häkimlikleriň ýolbaşçylarynyň habarlaryny diňleýändigi baradaky, şeýle hem halk maslahatlarynyň kabul eden kararlaryny degişli çäkde ýerine ýetirmegiň hökmanydygy baradaky konstitusion kadalary ýurdumyzyň Esasy Kanunyna goşmak teklip edilýär. Konstitusiýamyza şeýle kadalaryň girizilmegi bilen, ýerli wekilçilikli edaralar bolan halk maslahatlarynyň hukuk ýagdaýy has ýokary derejä çykarylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýerli häkimiýetiň ygtyýarlyklarynyň ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralara degişli edilmegi Konstitusiýamyzyň kämilleşdirilen nusgasynda beýan edilse, maksadalaýyk bolar diýip belleýär. Munuň bilen baglanyşykly, Esasy Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini has anyk kesgitlemek teklip edilýär. Bu bolsa şol edaralaryň jemgyýetde tutýan ornunyň ýokarlanmagyna getirer. Dolandyryş ygtyýarlyklarynyň çäklerinde özbaşdak bolan ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýagny Geňeşleriň işi hem ýokary derejede guralmagyny talap edýär. Şeýle edilmegi, ilkinji nobatda, degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan raýatlarymyzyň işjeňligini ýokarlandyrar. Olaryň öz obalarynyň we şäherçeleriniň durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryna giň mümkinçilikleri döreder. Şoňa görä-de, Konstitusiýanyň kämilleşdirilen nusgasyna ýerli öz-özüňi dolandyryşy ykrar edýän we kepillendirýän täze maddanyň goşulmagynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Munuň bilen baglanyşykly, bu madda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde özbaşdakdygyny we döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna girmeýändigini görkezýän kadalaryň girizilmelmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, özüne degişli emlägi dolandyrmak, jemgyýetçilik tertibini gorap saklamak boýunça ygtyýarlyklaryň Geňeşlere berilmegini hem göz öňünde tutmaly. Olara zerur bolan maddy we maliýe serişdeleri bilen birlikde, kanun arkaly aýry-aýry ygtyýarlyklar hem berilse, dogry bolar diýip hormatly Prezidentimiz aýdýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň ähli halkymyz tarapyndan ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenýän taslamasyna bu teklipleriň girizilmeginiň Geňeşleriň hukuk ýagdaýyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy şübhesizdir. Şeýlelikde, Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda anyk kadalary özünde jemleýän maddalaryň 143-si bolup, şolaryň 28-si täze maddalardyr. Olaryň 80-si bolsa täze kadalar goşulan ýa-da üýtgedilen maddalar bolup durýar. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda Konstitusion toparyň ähli mejlislerinde öňe sürlen teklipler göz öňünde tutulandyr. Şol taslama bolsa ähli halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlendi we biziň öň belleýşimiz ýaly, metbugatda çap edildi. Munuň özi kanunçylygy kämilleşdirmek işine tutuş halkymyzyň işjeň gatnaşmagy üçin ähli amatly şertleriň döredilendiginiň subutnamasydyr. Atajan Burunow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor.

Köneler, Publisist tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir