Geçip barýan her bir gün baky Bitarap Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk ýubileýine barha golaýladýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda her bir pudakda bolşy ýaly, bedenterbiýe we sport ulgamynda hem ezber türgenlerimiz öz halypalarynyň ýolbaşçylygynda iri halkara ýaryşlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri we medallary bilen bu şanly senä mynasyp sowgat taýýarlaýarlar. Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Ýakudystan Respublikasynyň paýtagty Ýakutsk şäherinde “Aziýanyň çagalary” atly festiwal gyzgalaňly dowam edýär. Ildeşlerimiz bu festiwalda alty günüň dowamynda 6 sany medal gazandylar – 1 altyn, 1 kümüş we 4 bürünç medal! Aşgabadyň Olimp orta sport mekdebiniň tälimçisi Ýakup Mazakowyň şägirdi Zyýamuhammet Saparow 85 kilogram agramlyk derejede ähli deň-duşlaryndan üstün çykyp, indi bassyr 6-njy gezek geçirilýän “Aziýanyň çagalary” festiwalynyň altyn medalyna mynasyp boldy. Ol alyslarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýaşyl tuguny belentde parladyp, döwlet senamyzy ýaňlandyrdy. Tälimçiler Döwletgeldi Tejenow bilen Öwez Atalyýewiň dzýudoçy pälwan şägirtleri bu festiwalda bir kümüş we dört bürünç medal gazandylar. 66 kilogram agramlyk derejede Muhammetaly Muhadow kümüş medaly eýelän bolsa, 42 kilogram agramlyk derejede Didar Öwezmämmedow, 46 kilogram agramlyk derejede Mergen Pürnepesow, 52 kilogram agramlyk derejede Ýulduzhan Garýagdyýewa we 55 kilogram agramlyk derejede Arzuwgeldi Hommadow bürünç medallary gazandylar. Biziň beýleki türgenlerimizden hem umytly tamamyz uly, aýratyn hem boksçy we woleýbolçy türgenlerimiz Watanymyza medally dolanarlar diýip ynam bildirýäris.