Megerem, ynsan ogly doglup döräli bäri, mawy asman gümmezini, onda erkana gaýyp-pelpelläp uçýan guşlary synlanda, elmydama-da göge galmagy, uçmagy arzuw eden bolsa gerek. Emma, gynansak-da, uzak taryhy geçmişde ynsanyýetde şeýle mümkinçilik bolmandyr. Şonuň üçin bolsa gerek, dünýäniň köpläp halklarynyň folklorynda-halk döredijiliginde, antik mifologiýasynda ynsan oglunyň uçmak hakyndaky arzuw-hyýallary öz beýanyny tapypdyr. Mysal üçin, gündogar ertekilerindäki uçýan haly ýa-da kilim, antik miflerindäki ýeleklerden we mumdan ganat ýasanan ussa Dedal we onuň ogly Ikar, ganatly Pegasa (bedew) atlanan Ýason, rus ertekilerindäki uçýan Küýki Taýçanaga (Konýok-Gorbunok) atlanan Iwan ýa-da türkmen halkynyň gahrymançylykly şadessany- eposy bolan “Göroglynyň” baş gahrymany Görogly begiň bir demde ýüzlerçe kilometri geçip bilýan Gyraty hut adamzadyň uçmak bilen baglanyşykly elýetmez arzuw-hyýallarynyň miweleridir. Eýýäm orta asyrlarda Leonardo da Winçi ýaly, zehinli oýlap tapyjylar täsin uçuş enjamlaryny öz hyýallarynda taslap, olaryň çyzgylaryny çekipdirler. Geçen müňýyllygyň 19 asyrynda bolsa, eýýäm howa şarlary ýaly uçuş enjamlary peýda bolupdyr. Soňlugy bilen dirižabllar, soňabaka bolsa, hakyky uçarlar döredilipdir. Netijede, adamzadyň uçmak hakyndaky gadymy arzuwlary hasyl bolupdyr. Türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde täsin öňdengörüjilik bar. Akyldar şahyr bir şygrynda:”Demirler asmanda ganatlap uçar...” diýip ýazyp galdyrypdyr. Haýran galaýmaly, Pyragy eýýäm 18 asyrda demirden (megerem, alýuminiýden-“uçýan metaldan”) uçarlaryň ýasaljakdygyny (diňe ýigriminji asyryň 30-40-njy ýyllarynda) we olaryň asmanda “ganatlap” uçjakdygyny iki asyr öňünden görüp bilipdir! Muny nähili düşündirip bolar?! Diňe Magtymguly atamyzyň pir, weli derejesine ýeten kämil şahsyýet bolanlygy, köp zatlary birnäçe asyr öňünden görüp, duýup bilendigi bilen düşündirip bolsa gerek. (Magtymguly atamyzyň köpgyraňly döredijiliginiň şu gyraňy aýratyn öwrenmeklige mynasyp diýip pikir edýäris). Häzirki zaman awiasiýasy bolsa, eýýäm, gör, nirelere çenli baryp ýetdi! Tas ýakyn kosmosa çenli belentlige göterilip bilýän, sesiň tizliginden (1 mah) birnäçe esse çalt uçýan, reaktiw uçarlar indi bizi asla-da geň galdyryp bilenok. Biz indi Marsa we beýleki planetalara uçmaklyk hakyndaky arzuwlary ýüregimizde besleýäris. Häzirki zaman awiasiýasy harby, raýat, ýörite, sanitar awiasiýasy ýaly, birnäçe görnüşlere bölünýär. Olaryň her birisi üçin özboluşly uçarlar, dikuçarlar mahsusdyr. Raýat awiasiýasy hem dünýä derejesinde okgunly ösýän ulag pudagy hökmünde barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Şu gün biz bir gije-gündiziň dowamynda dünýäniň o künjüne çenli baryp bilýäris. Beýle mümkinçiligi bize, elbetde, raýat awiasiýasy, onuň sesden çalt uçýan turboreaktiw uçarlary berýär. Türkmenistanyň barha rowaçlanýan transport infrastrukturasynda raýat awiasiýasynyň tutýan orny hem yzygiderli ýokarlanýar. Gysga döwürde ýurtda bu ugurda netijeli işler amala aşyryldy. Raýat awiasiýasynyň awiaparky täze häzirki zaman howa gämileri bilen üpjünlendi, dolandyryşyň halkara ülňülerine geçilip, ýerüsti gulluklaryň işi kämilleşdirildi, aýeroportlaryň durky täzelendi, maddy-tehniki binýady pugtalandyryldy, birnäçe iri şäherlerde täze halkara aýeroportlary guruldy (mysal üçin, Türkmenbaşyda, Maryda), birnäçe şäherlerde täze aýeroportlaryň gurulmagy meýilleşdirildi, hut Aşgabatda bolsa, sebitde iň iri halkara aýeroportynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam etdirilýär. Äpet türkmen laçynynyň şekilinde taslanan bu iri aýeroport özboluşly simwoliki keşbe eýe bolup, ol uly mümkinçilikleri bilen-de sebitde aýratyn orny eýelär. Bu bolsa, şübhesiz, merdana halkymyzyň estetiki buýsanjyny, ata Watanymyza bolan perzentlik söýgüsini has-da artdyrar. Umuman, Türkmenistan ulag-üstaşyr (tranzit) we logistika babatynda iňňän uly mümkinçiliklere eýedir. Soňky ýyllarda bu potensiýaly has netijeli peýdalanmak-transportuň ähli görnüşleri üçin tranzit geçelgeleri gurmak arkaly ýurduň üstünden iň ýakyn we amatly ugurlar boýunça halkara ýük we raýat gatnawlaryny ýola goýmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Türkmenistan “Gündogar-Günbatar” we “Günorta-Demirgazyk” ugurlary özara sepleşdirjek häzirki zaman demir, awtomobil, howa ýollarynyň we turbaprowod transportynyň iri taslamalaryny üstünlikli gurýar. Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý (eýýäm hereket edýär) we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (gurulýar) iri gaz geçiriji turbaprowodlary, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (hereket edýär), Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan (gurulýar) halkara demir ýol ulgamlary, täze gurlan deňiz porty (Türkmenbaşy şäherinde) munuň aýdyň mysallarydyr. Ulag-tranzit babatynda howa gatnawlarynyň halkara ugurlary boýunça ýük we raýat gatnawlaryny ýola goýmakda hem Türkmenistanyň uly mümkinçilikleri bardyr. Şol mümkinçilikleri netijeli amala aşyrmak üçin bolsa, ýurduň awiasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak zerur bolup durýar. Ýagny, ilki bilen, uly tranzit mümkinçilikleri bolan iri howa menzillerini gurmak zerurdyr. Şu nukdaýnazardan alanyňda, ýurtda gurulýan iri halkara aýeroportlary şeýle tranzit akymyny öz üstünden geçirmek mümkinçiligini-de berýär. “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň 1992-nji ýylyň 4-nji maýynda döredilendigine seretmezden, Türkmenistanyň raýat awiasiýasy öz gözbaşyny geçen asyryň 1927-nji ýylyndan alyp gaýdýar. Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhynda ilkinji howa gatnawy “Çärjew-Dörtgül-Täze Ürgenç-Daşhowuz” ugry boýunça amala aşyrylypdyr. Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhynda ilkinji uçuşlary amala aşyrmakda Çärjew (Türkmenabat) awiakärhanasy üçin satyn alnan Germaniýada öndürilen “Ýunkers” (“ÝU-13”) kysymly 4 orunlyk ýolagçy uçarlary hem-de SSSR-ň “K-4” kysymly ýolagçy uçarlary peýdalanylypdyr. Şol wagtlar awiakärhanada jemi 8 sany uçar bolupdyr. Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhynda Aşgabatda ilkinji howa menzili 1932-nji ýylda guruldy we 1934-nji ýylda onda 2 sany bölümçe açyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň raýat awiasiýasy şu günki günde “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy tarapyndan işlenilip düzülen we hökümetimiz tarapyndan kabul edilen „Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy” esasynda güýçli depginler bilen ösdürilýär. „Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy” taýýarlananda, “Türkmenistanyň Howa kodeksi”, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, Raýat Awiasiýasynyň Halkara guramasynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary ulanyldy. „Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” esasy maksatlary şulardan ybaratdyr: -ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini we hilini ýokarlandyrmak; -bar bolan mümkinçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek, olary netijeli ulanmak; -awisaiýa ulaglarynyň hyzmatlaryny ösdürmek we olaryň hilini hem-de howpsuzlygyny ýokarlandyrmak; -awiasiýa pudagynda innowasiýalary döretmek we önümçilige ornaşdyrmak; -pudak üçin tejribeli hünärmenleri taýýarlamak. „Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr: -howa menzillerini halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek, täze häzirki zaman howa menzillerini gurmak; -bar bolan howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak; -awiaparky we ýerüsti tehnikalary döwrebaplaşdyrmak; -täze iş orunlaryny döretmek. „Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” ýerine ýetirilmeli möhletleri 3 tapgyrdan ybaratdyr: -1-nji tapgyr: 2012-2015-nji ýyllar; -2-nji tapgyr:2016-2020-nji ýyllar; -3-nji tapgyr:2021-2030-njy ýyllar. „Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda Lebap welaýatynyň Türkmenabat, Atamyrat, Magdanly, Gazojak şäherlerinde, Balkan welaýatynyň Garabogaz we Hazar şäherlerinde, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde we beýleki käbir şäherlerde täze howa menzillerini (aýeroportlary) gurmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanda uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça hereket edýän pudagara toparyň düzümine şu guramalar girýär: -“Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy; -“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy; -Türkmenistanyň Goranmak ministrligi; -Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi; -Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti. Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň howa gämileri dünýäniň 12 ýurdunyň 18 şäherine uçuşlary amala aşyrýarlar. Mysal üçin, Hytaýa, Russiýa, Türkiýä, Birleşen Arap Emirliklerine, Belarus Respublikasyna, Ukraina, Hindistana, Beýik Britaniýa we beýleki ýurtlaryň birnäçesine uçuşlary üstünlikli amala aşyrýarlar. “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynda şu kysymly häzirki zaman howa gämileri ulanylýar: -“Boýeing-777/200”, -“Boýeing-757/200”, “Boýeing-737/800”, “Boýeing-737/700”, “Boýeing-737/300”, “Boýeing-717/200”, “Challenger-605”, “Hawker-125/1000”; -“IL-76” ýük uçarlary; -“Super-Puma”, “Sikorsky S-76”, “Sikorsky S-92”, “MI-17B” ýaly dikuçarlar. “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň awiasiýa üçin işgärleri taýýarlaýyş mekdebi bar. Onda pudagyň hajatlary üçin hünärmenleriň giň görnüşi taýýarlanylýar. Muňa garamazdan ýurduň raýat awiasiýasy üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, türkmen ýaşlary ösen iri döwletleriň abraýly awiasiýa okuw jaýlaryna okuwa ugradylýarlar, pudakda zähmet çekýän hünärmenleriň hünär derejeleri hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Çünki raýat awiasiýasyndaky hyzmatlaryň we howpsuzlygyň ýokary halkara ülňülerini üpjün etmek döwrüň möhüm talaby hem-de hökmany şert bolup durýar. Ak ganatlaryna türkmen laçynynyň stilizirlenen şekili çekilen türkmen uçarlarynda dünýäniň islendik ýurduna uçmak howpsuzdyr we amatlydyr. “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlarynda uçuň! Ýoluňyz ak bolsun, mähribanlar!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir