Ynsan elmydama sazlaşyga, kämillige, gözellige ymtylyp ýaşaýar. Tebigat bolsa şol sazlaşygyň, gözelligiň kämil nusgasy hökmünde ynsan kalbyny heýjana salyp, onuň üçin soňlanmajak ylham çeşmesi, kämil nusga bolmagynda galýar. Gözellikde we kämillikde tebigata öýkünýän inçe-nepis duýguly adam ogly ajaýypdan-ajaýyp sungat eserlerini döredipdir, dünýä, barlyga, bakylyga, ömre düşünmegiň syrly pelsepesini kemala getiripdir. Şol pelsepede ynsan bilen ene tebigatyň ylahy sazlaşykdan gözbaşly gatnaşyklary, tebigatyň keremli hem kämil gözelligine buýsanç, ynsanyň-tebigatyň eziz perzendiniň dünýädäki orny, ynsan ömrüniň beýik manysy hakyndaky pikir-garaýyşlar öz beýanyny tapypdyr. Ata Watanymyzyň ajaýyp tebigaty bar. Sadagasy boldugym, türkmen topragy! Onuň gözel tebigaty durum-durky, görüm-görki bilen gudrat-gözellige eýlenen ahyryn. Ähli ýerde baky sazlaşyk hem gözellik-nuranalyk höküm sürýär. Dag ýerinde gaýaly-dereli daglary, düz ýerinde ümmülmez sähralary-düzleri, derýa ýerinde joşgunly, bol suwly derýalary, köl ýerinde ördekli-guwly kölleri, deňiz ýerinde çaýkanyp ýatan mawy Hazary bolan, dört pasly gezekli-gezegine çalşyp duran, çynarly-arçaly, gülälekli-läleli, umgaly-keýikli, sonaly-sülgünli güneşli-nurana keremli Diýarymyz neneňsi owadan-görkana! Bu ajaýyp gözellik, ylaýta-da, tebigy barlyklaryň bir-birine has golaý galtaşýan ajaýyp mesgenlerinde aýratyn aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Gojaman Hazar deňziniň kenarynyň iň gözel künjegi bolan Awaza hem hut şeýle ajaýyp tebigy ýerleriň biridir. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň üns-aladasy netijesinde döwletli-döwran dolanan gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ajaýyp syýahatçylyk merjeni-“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy kemala geldi we gurluşygy dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ilkinji nobatda, ata Watanymyza, onuň täsin hem gözel tebigatyna, mähriban halkyna bolan çuňňur söýgüsinden, halkymyzyň saglygy baradaky döwlet derejesindäki üns-aladasyndan, galyberse-de, Güneşli Diýarymyzyň täsin tebigy mümkinçiliklerini netijeli özleşdirmek arkaly ösen häzirki zaman syýahatçylyk we dynç alyş industriýasy ýaly ýokary netijeli pudagy ösdürmek ugrundaky düýpli tagallalaryndan gözbaş alýan bu ajaýyp taslamanyň birinji tapgyryna 2007-nji ýylda badalga berlip, ol 2009-njy ýylda amala aşyryldy. Netijede, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda halkara syýahatçylygynyň täze ýyldyzyi-gözel-görkana Awaza dünýä ýalkym saçdy. Gadymy müňýyllyklarda “Girkan deňzi”, “Hwalyn deňzi”, “Hazar deňzi” ýaly dürlüçe atlandyrylan, dünýä ummanyndan has alyslarda ýerleşen täsin deňziň ajaýyp tebigy aýratynlyklary ynsany elmydama-da özüne çekip gelipdir. Deňiz kenaryna baran ynsan onuň uç-gyraksyz giňişligini synlap, kümüş ganatly çarlaklaryň şadyýan tolkunlaryň owazyna garyşyp gidýän seslerini diňläp, ruhy lezzet, güýç-gurbat, ylham-joşgun alypdyr. Ine, pöwrize ýaly göm-gök suwly deňziň soňsuz tolkunlary yzly-yzyna çägesöw kenara çyrpynýar. Gök deňiz alyslyklara çenli ýaýylyp, gözýetim bilen sepleşip gidýäne çalym edýär. Birsydyrgyn tolkun atýan suw ummanynyň endigen çaýkanmasy ruhuňy göterýär. Kenaryň esli aralygyna öňe okdurylyp gelýän uly tolkunlar ahyry ak köpürjige öwrülip, kenaryň aksowult-melemtil çägesine siňip gidýär. Hamana, mawy deňiz öz kuwwatyna bäs gelip bilmän, gury ýere telwas edýäne çalym edýär. Gury ýer bilen deňziň galtaşýan serhedinde-çägesöw kenarda göze görünmeýän täsin gudratyň bardygy mese-mälim duýulýar. Hakykatda, deňiz kenarynda-da, bütin barlykda bolşy ýaly, ähli zat-toprak, suw, howa, ýylylyk özboluşly sazlaşýan ýaly bolup duýulýar. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, bu ýerde täsin tebigy gözellik, sazlaşyk emele gelýär. Ynsanyň ýüregini bu gudratly sazlaşyk hem tolgundyrýar, hem heýjana salýar, hem onuň howalasyny biraz basyp, ýüregini-kalbyny gopsundyrýana çalym edýär. Suw. Dury, maýyşgak, hereketçil, akgynly, düýpsüz, agyp-dönüp duran, jadyly güýji howalaňy basmarlaýan, her damjasy düre-merjene deňelýän gudratly suw. Ol ähli zady dolduryp bilýär, eredýär, ýuwýar, päkleýär. Onsuz ýaşaýyş ýok. Alymlaryň pikrine görä, Ýer saýýarasyndaky ýaşaýşyň ilki doglup-dörän, üwrelen gudratly “sallançagy-da” hut suw bolmaly. Onuň elmydama tolkun atyp durşy, mawy deňziň tolkunyşy, dogrudan-da, edil üwrelýän sallançaga çalymdaş. Suw ynsany özüne dartýar, şol bir wagtda-da düýpsüzligi, çäksizligi bilen ony hopukdyrýar. Deňiz bilen gury ýeriň serhedi-tylla çägeli kenar. Agras, berdaşly, berk, butnawsyz, her zerresi altyna-zere deňelýän, täsin güýje eýe bolan ene toprak. Ol ynsan ýüregine has ýakyn, has yssy, has mähriban bolup görünýär. Onuň üstünde ynsan özüni has ynamly, has dogumly, pena-goragly duýýar. Çünki rowaýata siňip giden pelsepä görä, hut Adam atadan gaýdýan ynsan kowmy hut şu mele toprakdan bina bolanmyş. Topraga “ene” diýilmeginiň asyl sebäbi-de şunuň üçin bolsa gerek? Hawa, hut şonuň üçin. Çünki toprak ynsan üçin edil ene kimin, eziz-mähriban. Soňam, adam şu mele ýeriň üstünde dünýä inýär, ömür sürýär, döredýär, gurýar, zähmet çekýär, söýýär, söýülýär, ahyrynda hem ýene-de onuň gujagynda aram tapýar ahyryn. Bu-dünýäniň üýtgewsiz kadasy-kanuny, ähli zat oňa kaýyl. Deňiz kenarynda bu has-da aýdyň duýulýana çalym edýär. Howa. Tämiz, ýakymly, ýeňil, gaýyjy, uçujy, sergin, ähli ýerde bar ýaly, şol bir wagtda-da bardygy asla duýulmaýan, agramsyz, reňksiz, diňe mawy deňizden ösýän çygjymak-mylaýym ýel el-ýüzüňi ýakymly sypanda, onuň ähli ýerde bardygy, şübhesiz, duýulýan göwher ýaly dup-dury arassa howa. Deňiz kenarynyň jana tenekar ýodly howasy ynsan üçin bahasyz melhem ahyryn. Onda göze görünmeýän täsin güýç, şypa-em bar. Bu hakykat bolsa, Awazada gurlan sagaldyş merkezleriniň ynsan saglygyny goramakda alyp barýan bejeriş we dynç alyş işleriniň netijeliligini has-da artdyrýar. Dem alyş, endokrin ulgamlarynda näsazlyk dörän ynsanlar, ylaýta-da çagalar üçin şeýle deňiz howasynyň belli bahasy ýok ahyryn. Ýylylyk. Buzlary eredýän, doňaklygy çözýän, ähli zady herekete getirýän, kuwwat-güýç berýän alow, ot, ýalyn, howur, ataş. Gyzgyn, howurly, ýakyp-ýandyrýan, şöhleli, nurly-röwşen, ähli zada ýylylyk paýlaýan, çogly-ataşly kuwwatly güýç. Onsuz ähli ýeri sowuklyk, buz-doňaklyk, baky tümlük örterdi. Zemini ýyladyp duran, ýaşaýyşyň çeşmesi bolan tyllaýy Kuýaşam hut ot ahyryn. Deňiz kenaryny bolluk bilen çoýýan Güneşiň howruna mawy deňziň düýpsüz suwlary-da ýylaýar. Ähli janly-jandarlar oňa sary ymtylýar. Ynsan hem şol ýylylyga hemişe telwasly-teşne. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, ynsan balasy özüne mährem närseleri ýylylyga, gyzgynlyga deňeýär. Mawy deňiz howasy, suwy, dür monjuklary deýin, reňbe-reň balykgulakly kenary bilen gatylyp-garylan ýylylyk bolsa tebigata ýakymly mähremlik çaýyp, ynsana tükeniksiz lezzet eçilýär. Barlygyň binýadynyň syrly sazlaşygyndan, gudratyndan, ylhamlanan, güýç alýan jadyly hem gudratly ýaşaýyş, keremli tebigat neneňsi gözel-görkana! Eý, syrly, köpgörnüşli, täsin, reňbe-reň, ses-sedaly, san-sajaksyz öwüşgünli, ylhamly-joşly, duýguly, gözel ýaşaýyş, görkana tebigat! Sende ylahy gudraty ynsan üçin baky syr bolup gelýän täsin hikmet bar. Çäksiz-serhetsiz mawy deňzi synlanyňda, muny has-da ýiti syzýarsyň. Gözel hem baky nowjuwan ýaşaýyşa bolan söýgi ynsan kalbyny hemişe joşdurýar, oňa soňlanmaçak arzuw-umytlary, ajaýyp-nepis duýgulary peşgeş edýär. Deňziň göm-gök suw bilen bassyrylan syrly gujagynda-da ýaşaýyş höküm sürýär ahyryn. Gör, deňizde nähili täsin jandarlar, balykgulaklar, leňňeçler, balyklar ýaşaýar, dürli hili suwotulary ösýär, deňiz tolkunlarynda suw guşlary erkana ýüzýär, asmanda bolsa gykylykçy çarlaklar ganat ýaýýar. Hakdan halatly türkmen halkymyz bolsa, şeýle näzikden inçe tebigy sazlaşykda ylahy kerem-keramaty görüp bilen, tebigata ylahy nazar bilen garap bilen, ondan soňsuz-tükeniksiz ylham-ruh alyp bilen milletdir. Şeýle milletiň diňe iň wepadar ogly bu gözel tebigatly ajaýyp mesgeni ýüregi-kalby bilen söýüp-buýsanyp, eziz halkyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýaly, şuglaly-nurly serpaýy ýapyp bilendigi indi taryhy hakykatdyr. Sanlyja ýyllaryň içinde gurlup, ulanylmaga berlen onlap-onlap kaşaňdan-kaşaň, ajaýypdan-ajaýyp belentden-belent binalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, myhmanhanalar, emeli derýa, ýollar, köprüler, seýilgähler, deňiz suw çüwdürimleri gojaman Hazaryň kenaryny jenneti mekana, gözel-ajaýyp künjege öwürdi. Indi Awazany bütin dünýä tanaýar. Bu gözel mesgende dynç alýanlaryň, ylaýta-da, dünýäniň çar künjünden gelip, bu ajaýyp kenarda dynç alýan, şowhunly döredijilik, sungat festiwallaryna gatnaşýan çagalaryň sany ýylsaýyn artýar. Çaga kalplarynda iň şuglaly-nurana pursatlary bilen baky möhürlenen Awazanyň lowurdaýan gözel keşbi hakyndaky ajaýypdan-ajaýyp duýgular, pikirler, arzuwlar, ýatlamalar, täsirler dünýä içre nur paýlaýar. Ady dnýä içre dilden-dile, ilden-ile, ülkeden-ülkä, esasy-da, ýüreklerden-çüreklere ýaýraýan gözel Awaza bolsa, gününi sanap barha ösýär, gözelleşýär, giňeýär, kuwwatlanýar. Çünki Awazada merdana türkmen halkynyň erkinlik, berkarar döwlet, parahat ýaşaýyş, rowaçly ösüşler, dost-doganlyk, myhmanparazlyk, gözellik, abadançylyk, bagtyýar durmuş, sagdynlyk, ruhubelentlik, tebigata bolan söýgi hakyndaky köpasyrlyk arzuw-umytlary özüniň ajaýyp beýanyny tapýar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir