Futbolist gyz (bolan waka) 2- nji bölümi Ataş daňa golaý irkildi. Ol natanyş futbolis gyz bilen düýşinde gürleşdi, ýöne uzak däldi. Onyň ejesi :-daň atdy mallaryň ot suwyna seret diýip oýardy Ataş tarsyldap ukudan açyldy we şakur şukur mallara ot suwyn berdide, dostyna jaň etdi — Kakow gideli - nirä how daň bilen - suwa düşmäge, sport toplyma - ahow daňdan sagat 7.00 - de-de suw borma - hawa bolar, sen düşmeseň seretde otyr, ýöne menä düşjek - şu gezegä terslikgän aýtdyň öýtýän, men suwa düşmeli,sen oňa seretmeli, o gyz seretmese men ýene senden ýaglyja şappat iýmelimi - oýun etmesene, gideli - bor, aşyk ýigit — garaşýan onda, çalt gel - bolýa Ataş Kakow bilen sport toplyma baranda heniz ol gyz gelmändir eken Olar gyzyň gelýän ýolyny saklap oňa garaşdylar Futbalis gyz köp garaşdyrmady Ataş ony görenden — salam bedenterbiýe mollym diýdi - salam, diýdide gyz onyň gapdalyndan geçip gitdi —agyz tanyş bolmarysmy, seniň owadan gözleň bar, sesiňem owadanja, öziňem, hatda ylgaýşyňam,duranjabir janada - minnetdar welin indi ýeke söz gepleseňiz öziňizi otyň üstunde göraýgyn - sen ýaly gyzyň eliňdenjik taýak iýmek hem bagtdyr bilseň bedenterbiýe mollymjyk — ufff bolmady diýdide gyz öwürlip Ataşyň çiginden tutdy Ataş: - Agyz oýun etdim, diýip diýmäňkä, ýazylyp ýatan otyň üstüne gütüläp düşdi - Ýene ýeke gezek bir zat diýäýseň, 32 -i dişiň aladasyn edipjik stamotolog lukmanyň aladasyn edibergin! - diýdide gyz öz ýoly bilen ýöredi Ataş otyň üstunde gapdal gaplanyp gyzyň yzyndan- elhepus Harmandäli bolaý"- diýip seredip galdy Kakow ylgap geldi — ha ha ha, dost bir gyzdan ýeňilip turyp bilman otyryňma Ataş nägilelik bilen - hawa Kakow ýene dostyda ýüregi dözmedi - dost bir zat aýdaýyn, bu gyzy unut, sähel gahary geläýse seni futbol pökgüsine öwürer, başga gyz gyt däldira - at naçe sarç boldygyja basym baş öwredip bolýandyr, onjaklysyn göräýeris, dost - onda gideli - ýok gitmeris - onda nirä - ýör hany, ojagaz bedenterbiýe mollymjygyň ýanyna diýdide, gyzyň ýanyna ýöredi Sport eşigin geýnip çykan gyz, iki oglanyň öz ýanyna ýetip gelýanin gördüde sesin çykarman geçjek boldy welin Ataş - Bedenterbiýe mollym biz ýene gabatlaşdyk ýöne bu gezek 1:1 bolar diýdide ,gyzyň bilinden tutyp göterdide göni 4-5 metr beýlerakde duran basseýina oklap göýberdi we - daşyna çykaňda, men sport toplymynyň daşynda garaşjakdyryn diýdi Gyz: - terbiýesiz, sen dälirediňmi!? - diýip suwyň içinden gygyrdy - hawa däliredim, saňa bolan söýgüden däliredim, söýgüme jogap bermeseň boljagyň şudyr - men, sen ýaly kelesaňa bolýa diýmena, ýok bolsana,diýip gygyryp galdy Ataş bolsa daşarda garaşýan diýip ,sport toplymynyň daş ýüzüne ýöredi Gyz basseýinden çykyp, eşiklerin çalşyryp, eline futbol pökgüsin alyp Ataşyň ýanyna ,ýöredi Gyzyň ýüreginde ar alyş hužuwy ýer alypdy we ol Ataşdan aryny almasa ynjalmajagy çyndy Gyz futbol pökgüsin eline alyp daş çykany hem şoldy welin,işdeşi gabat gelip az kem saklanmaly boldy Işdeşi bilen gümmür ýamyr edişip ,onyň bilen sport toplumynyň içine ýöremeli boldy we elindaki futbol pökgüsin Ataşa gabatlap bir depip göýberdi welin pökgi göni Ataşyň kellesine degdi we ýere ýazyldy. Gyz Ataşyň dostyna - dostuň özine gelende pökgüni sport zala eltip gaýsyn diýdi- de işdeşi bilen ýörap gaýtdy Kakow - dost şu gyzdan el çek, bu garadan gaýtmaz gyzy başyňa ýapjakmy, onyň pökgi depip ýörşün göremde, pökgä derek seni göz öňüme getirip başladym: - diýdi - dur bakaly entek kimiň pökgi deýin depiljegin göräýeris: - diýdi Ertesi Mähriban Prezidentimiziň doglan günini "Ak öýde "uly konsert bardy. Ataş hem Kakow bilen bir gyldan bezenip şo konserte gitdi Barsalar ynha öňlerinde iki sany jorasy bilen futbolis gyz dur Ataş: - Kakow, Ohoo bedenterbiýe mollymjyk hem gelipdir, hazir şuny edişime bir seret: - diýdide oňa garşy ýöredi ... Özine tarap ýöräp gelýän eli kolaly Ataşy gören futbolist gyz jorasyna: - Olýa seret, o düýnki aýdan kelesaň talypjyk gelýar Ataş gyzyň ýanyna ýetip barýaka elindaki kolaň gapagyny açyp beýläk oklap göýberdi, ýakynlaberende gyz: - Aý oglan, gaty görme bir hokga çykaraýsaň diýdi - yokla bedenterbiýe mollymjyk, men sen diýip öljegä, seni söýýäna diýdide, büdrän bolup elindäki Kola baklaşgany gyzyň göni üstünden guýdy Gyzyň täzeje tikinen gymmathana köýneginiň işin gördi Gyz Ataşyň eliňdenjik tutyp elindäki baklaşganyň galanyny onyň üstünden guýdy we döş çübüsinde duran täzelikde alan iphone S7 göni aldy we ýere zyňdy Ataş:-bagyşla diýip ýetişmäňkä gyz bir garyş ökjeli köwşiniň ökjesi bilen telefonyň üstunden beýläk beýläk ýöredi we galan kolany telefonyň üstunden guýdy. Ataşyň ýakasyndan tutyp ikiýana urdy, Ataş hem kem galar ýaly däldi Bularyň bolşyna Kakow bilen Olýa zordan aralap ýetişdi Hersini öz ýolyna sögünip sögünip alyp gitdiler Kakow - degme how şo gyza seniň deňiň däl, näme diýip kejine gaýtýaň, ýigit diýeniň bir gyza gezek galanda ýakalaşyp urşyp söýgüsin aýtman, eline güljagaz alyp söýgi sözi aýdylýa dämä - yok Kakow beýle gyza, güljagaz tazir etmez, oňa armatur bilen lom gerek gowy demirden geçirer ýaly... Köýnegim işin gördi diýsem, aglasym gelýalaý şu wagt nebir telefonjygym işin gördä, däli diýsanim - sen natdiň gyzyň joralarnyň ýanda senem onyň nebir köýnegine kolany düňderdiňä - senem şonyňkylykmaý - ýoklohow, ýöne bolşyňyza men haýranlaý, her hili söýgi bar eken "giňdir dünýa, geňdir dünýa " Nowça (dowamy bar)

Köneler, Nowcha2811 tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir