15-nji iýunda, günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Daşoguz şäheriniň howa menzilinde uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi mähirli garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden awtoulagda şäheriň merkezinde ýerleşen metjide tarap ugraýar. Şol ýerde milli Liderimiz mukaddes Oraza aýy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi. Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan mukaddes Oraza aýy gadymdan bäri halkymyzda päkligiň, sahawatlylygyň hem-de asylly işleriň döwri hasaplanylýar. Ynsanperwerlik ýörelgesine ýugrulan Oraza Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz ähli babatda sazlaşykly jemgyýeti diňe ruhy taýdan ösen hem-de ahlak taýdan sagdyn adamlar gurup bilerler diýip nygtaýar. Türkmenistan demokratiýalaşdyrmak hem-de düýpli özgertmeler ýoluna düşüp, adamy döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan etdi we türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ynsanperwerlik we adalatlylyk däplerine daýanmak bilen öz ösüş ýoluny saýlap aldy. Şol däpler bolsa bitaraplyk syýasatynda dowam etdirilýär. Oraza halkymyzyň parasatlylygyny, ruhubelentligini we urp-adatlaryny şöhlelendirip, medeni gymmatlygymyzyň aýrylmaz möhüm bölegi bolup durýar. Ol mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, bu mukaddes aýda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň sebitlerine baryp görmegi bellärliklidir. Olarda türkmen halky üçin ähmiýeti uly bolan ajaýyp gözel ýerler jemlenendir. Milli Liderimiz sebitlerde ýurdumyzyň her bir maşgalasynyň, her bir raýatynyň durmuşyny has-da abadanlaşdyrmaga ýardam etjek täze durmuş-medeni maksatly desgalary açýar we düýbüni tutýar. Gadymdan bäri türkmenleriň milli häsiýetine mahsus bolan rehimdarlyk, ýagşylyga ynanmak, ýakynyňa kömek bermek ýörelgeleri milli Liderimiziň şahsy göreldesi netijesinde has-da belent ynsanperwer mazmuna eýe boldy. Ine, şu gün hem mukaddes Oraza aýynda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna iş saparynyň öňüsyrasynda halkymyzyň müňýyllyk taryhyna degişli täsin ýadygärlikleri hem-de mukaddes ýerleri bilen meşhur bolan gadymy Daşoguz topragynda sadaka berilýär. Mälim bolşy ýaly, dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Köneürgençde beýik pir Nejmeddin Kubranyň kümmeti, bu ýerde keramatly adamlaryň jaýlanandygyna şaýatlyk edýän “Üç ýüz altmyş” gadymy gonamçylygy ýerleşýär. Asyrlaryň dowamynda siwilisasiýalaryň medeni gatnaşyklar, bahasyna ýetip bolmajak taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak ulgamynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň köpýyllyk şöhratly taryhynyň ähmiýeti Daşogza 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagtynyň derejesiniň berilmeginde öz aýdyň beýanyny tapdy. Şu derejäniň berilmegi mynasybetli bu ýerde GDA agza döwletleriň alymlarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistan medeni-ruhy gymmatlyklara baý ülkedir” atly ylmy-amaly maslahatyň, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň geçirilmeginiň çuňňur manysy bardyr. ...Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy milli binagärligiň dürdäneleriniň hataryna girýän Daşoguz welaýatynyň baş metjit toplumynyň golaýynda saklanýar. Milli Liderimiz pyýadalap merkezi bina tarap ugraýar. Dört sany minaraly hem-de depesinde altynsow ýarymaý ýerleşdirilen gümmezli ajaýyp ak mermerli metjit Daşoguz şäheriniň iň owadan hem-de uzyn köçeleriniň biri bolan Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Metjidiň binasy milli binagärligiň iň gowy däplerinde bina edildi. Onuň bezeginde welaýatyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň nagyşlary ulanyldy. Binanyň binagärlik görkezijileri hem onuň uludygyna şaýatlyk edýär – metjidiň merkezi gümmeziniň diametri 38 metre, beýikligi 40 metre, dört minaranyň her biriniň beýikligi bolsa 63 metre barabardyr. 3 müň zyýaratçynyň gelmegine niýetlenen metjidiň özünden başga-da, bu ýerde 1500 orunlyk sadaka bermek üçin jaý guruldy. Birbada myhmanlaryň 200-sini kabul etmäge niýetlenen üç gatly myhmanhana ähli amatly şertler bilen üpjün edildi. Döwlet Baştutanymyz 2013-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň metjidiniň düýbüni tutmaga, 2015-nji ýylda bolsa onuň dabaraly açylyşyna gatnaşdy. Şonda milli Liderimiz Türkmenistanyň müftüsine metjit üçin keramatly Gurhany sowgat berdi. Metjidiň binasynyň girelgesiniň öňünde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň müftüsi, welaýatyň ymymy we il sylagly ýaşululary garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimiz metjidiň içine girýär. Türkmenistanyň müftüsi türkmen topragynda parahatçylyk we asudalyk, halkyň bitewiligi, hormatly Prezidentimiziň jan saglygy we üstünlikli işlemegi barada Beýik Biribardan dileg edip, aýat-doga okaýar. Döwlet Baştutanymyza häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň metjidinde milli Liderimize mukaddes Käbä zyýarat eden wagtynda sowgat berlen keramatly teperrigiň ýerleşýändigi habar berildi. Bu zyýarat döwlet Baştutanymyzyň golaýda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde amala aşyryldy. Keramatly ýerlerde meşhur din işgärleri tarapyndan berilýän bu örän sarpaly sowgat hormatly Prezidentimiziň welaýatlaryň baş ymamlary we hormatly ýaşululary bilen maslahatlaşmagyň barşynda kabul eden çözgüdine laýyklykda, dürli sebitleriň ýaşaýjylarynyň bu mukaddeslige tagzym etmekleri üçin ýurdumyzyň metjitlerinde goýmak kararyna gelindi. Ilkibaşda keramatly teperrik Gypjakdaky baş metjitde goýuldy, düýn bolsa Daşoguz welaýatynyň baş metjidine getirildi. Bu mukaddes gymmatlyk metjidiň Kybla tarapynda, ýörite aýna gutujykda goýuldy. Ymam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatyň ýaşaýjylaryna, ähli dindarlaryna bu mukaddeslige tagzym etmäge döreden mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirip, aýat-doga okady. Mukaddes teperrige togap edip, milli Liderimiz: “Okalan aýat-dogalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, biziň ýurdumyz hemişe asuda bolsun! Goý, biziň halkymyz hemişe abadan durmuşda we agzybir ýaşasyn!” diýip, ýygnananlara ýüzlenip, ýygnananlary agzaçar sadakasynyň geçirilýän ýerine çagyrýar. Nahar çekilmezden öň, döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululary, agzaçar sadakasyna ýygnananlaryň ählisini mähirli mübärekleýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, mukaddes Oraza aýynda Daşoguz welaýatynyň baş metjidinde agzaçar sadakasyna gatnaşmak üçin Daşoguz welaýatyna häzirki iş saparynyň Mukaddes Oraza aýynda bolup geçýändigi, bu sapara aýratyn many-mazmun berýär. Sebäbi, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan mübärek Oraza aýy halkymyzyň däp-dessurlaryny hem-de pähim-paýhasyny, medeni we ruhy mirasymyzy özünde jemleýär. Gadymy Daşogzuň keramatly topragy bar. Bu mukaddes toprak şan-şöhraty äleme dolan beýik pirleriň mekanydyr. Daşoguz topragy häzirki döwürde hem gadymy medeniýeti, taryhy ýadygärlikleri bilen dünýäde tanalýar. Şoňa görä-de, Daşoguz şäheri 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz beýik ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam edýäris. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, uly işleri alyp barýarys diýip, milli Liderimiz belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, nesip bolsa, ertir Daşoguz şäherinde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutýarys. Bu ýaşaýyş jaý toplumy häzirki zaman binagärlik we şähergurluşyk ölçeglerine laýyk geler we ýaşamak üçin zerur bolan ähli amatlyklar bilen üpjün ediler diýip habar berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, soňra bolsa, biz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçireris. Mejlisde Daşoguz welaýatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine serederis. Şol meseleleri nähili çözmelidigini ara alyp maslahatlaşarys. Öňde duran möhüm wezipeleri kesgitläris. Welaýatda ýolbaşçylaryň ýerine ýetiren işlerine baha bereris. Birigün, Anna güni, ýagny mukaddes juma namazynyň okalýan güni bolsa biz welaýatda täze döwrebap «Bagtyýar zaman» obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň döwletimiz adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ägirt uly maliýe serişdelerini goýberýär. Alyp barýan şeýle syýasatymyzyň netijesi bolan «Bagtyýar zaman» obasy hem ähli üpjünçilik ulgamy bar bolan şäherçeler bilen bäsleşer. Soňra döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululara ýüzlenip, bilşiňiz ýaly, biz ýakynda Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary amala aşyrdyk. Saparyň dowamynda biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň uly geljegini, täze sepgitleri nazarlaýan gepleşikleri hem-de duşuşyklary geçirdik, oňyn ylalaşyklary gazandyk diýip belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Saud Arabystanynyň Patyşasy, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Onuň Alyjenaby hormatly doganym Salman ben Abdulaziz Al Saud tarapyndan mukaddes Käbäniň – Allanyň öýüniň gapysy açylyp, onuň içinde Muhammet Pygamberiň namaz okan ýerinde namaz okamaga bize mümkinçilik döredildi. Mukaddes Käbäniň içki diwaryny tämizlemek hormaty miýesser etdi. Allanyň öýüniň berekediniň, päkizeliginiň ýurdumyza, milletimize nur bolup ýagmagy ýagşy dileg edilip, mizemez we mukaddes doganlykdan nyşan hökmünde bize teperrik berildi. Şol teperrik Daşoguz welaýatynyň baş metjidine getirildi. Indi siz bu mukaddeslige tagzym edip, ýagşy doga-dilegleri edip bilersiňiz. Goý, bu mukaddeslik halkymyzyň kalbyna nur bolup ýagsyn! diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de goý, mukaddes Oraza aýynda edilýän doga-dilegler, berilýän sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! diýip, dileg etdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegini haýyş etdi. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Şondan soň, agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara nahar çekildi. Nahardan soň aýat-töwir okaldy. Aýat-töwir okalandan soň, milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, “Ýene-de bir gezek şu günki berlen sadakalar kabul bolsun!” diýdi. Sakada gatnaşanlar bilen mähirli hoşlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden ugrady. Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş sapary dowam edýär. *** Sadakadan soň, oňa gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň baş metjidindäki mukaddes teperrige tagzym etdiler hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyza bagtyýarlyk we abadançylyk dileg etdiler. Doga-dilegleriňiz kabul bolsun!

Köneler, Atamyrat2015 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir