16-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, onda sebitdäki işleriň ýagdaýyna, ýerlerde durmuş-ykdysady özgertmeleriň ilerledilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, onda Garaşsyz ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmäge, oba adamlarynyň hal- ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilip kabul edilen milli we döwlet maksatnamalarynyň Daşoguz welaýatynda ýerine ýetirilişiniň hem-de welaýaty ähli ugurlar boýunça ösdürmek bilen bagly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Şeýle hem bu ugurda öňde duran wezipeler kesgitleniler hem-de welaýatyň we onuň şäherleriniň we etraplarynyň häkimleriniň bu ugurda alyp barýan işlerine baha berler. Mähriban halkymyzyň asylly däbine eýerip, biz ýurdumyz we il-günümiz üçin möhüm bolan derwaýys meseleleri hemişe at-abraýly, tejribeli ildeşlerimiz bilen ara alyp maslahatlaşyp, geňeşip çözýäris. Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň şu mejlisine Daşoguz welaýatynyň ähli şäherdir etraplarynyň wekillerini hem çagyrdyk diýip, milli Liderimiz aýtdy. Nesip bolsa, biz şu ýyl berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny uly dabaralara besläp, giňden belläp geçeris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Garaşsyzlyk halkymyza köp zatlary berdi. Geçen çärýek asyryň içinde ýurdumyzda ähli ugurlarda ýokary netijeler gazanyldy. Ata Watanymyzda belent sepgitlere ýetildi, giň gerimli we tutumly işler amala aşyryldy. Garaşsyz Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda ýokary netijeleri gazanýan döwletleriň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk döwründe eziz Diýarymyzyň keşbi düýbünden özgerdi diýip, milli Liderimiz belledi. Täze, döwrebap obadyr şäherçeler döredi. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly müňlerçe binalardyr desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleri giň gerim bilen gurlup, ulanmaga berildi. Müňlerçe kilometre uzap gidýän demir we awtomobil ýollarynyň, beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy. Ylym-bilim, medeniýet ösdi. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen gözel paýtagtymyz Aşgabat sebitiň merjen şäherine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, geçen 25 ýylyň içinde türkmen jemgyýetinde düýpli özgertmeler bolup geçdi. Halkymyzyň agzybirligi berkedi, jebisligi has-da pugtalandy, ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandy. Durmuşymyzda bolup geçýän bu özgertmeler Baş Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda beýan edilmegini, ýurdumyzyň kanunlarynyň kämilleşdirilmegini talap etdi. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Konstitusiýamyzy we kanunlarymyzy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we «açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan Bitarap Watanymyz halkara giňişliginde hem uly üstünliklere eýe boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Berkarar döwletimiziň sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi, diňe şu ýyl dünýäde iň iri we abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň 3 sany komissiýasyna agza saýlanmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde hem täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygyny doly tassyklaýar. Daşoguz welaýaty hem Garaşsyzlyk ýyllarynda uly üstünliklere eýe boldy diýip, milli Liderimiz belledi. Welaýatda ykdysadyýet, medeniýet, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlary ösdi, ilatyň hal-ýagdaýy has gowulandy. Diňe 2008–2015-nji ýyllarda welaýatda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň 32-si, orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 82-si guruldy. Medeniýet öýleriniň 13-si, sport mekdepleriniň we desgalarynyň 42-si peýda boldy. Umumy meýdany 2 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Uzynlygy 1569 kilometr bolan suw geçirijileri, 998 kilometr bolan awtomobil ýollary, 2249 kilometr bolan elektrik geçiriji ulgamlary işe girizildi. Häzirki döwürde hem welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda medeni-durmuş maksatly desgalaryň onlarçasy gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde 400 hojalygyň, ýagny 2000 adamyň ýaşamagy üçin ähli amatly şertler bolan döwrebap şäherçäniň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Mukaddes Oraza aýy dowam edýär. Biz düýn welaýatyň baş metjidinde agzaçar sadakasyna gatnaşdyk, Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin ýagşy doga-dilegler etdik, şu gün irden bolsa, welaýat merkezinde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutup, onuň gurluşygyna badalga berdik diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu ýaşaýyş jaý toplumynyň häzirki zaman binagärlik we şähergurluşyk ölçeglerine laýyk geljekdigini hem-de ýaşamak üçin zerur bolan ähli amatlyklar bilen üpjün ediljekdigini aýtdy. Nesip bolsa, ertir, anna güni, mukaddes juma namazynyň okalýan güni S.A.Nyýazow adyndaky etrapda 500 hojalyga, ýagny iki ýarym müň adama niýetlenip täze gurlan, döwrebap «Bagtyýar zaman» obasynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde Daşoguz welaýatynda köp işler edildi we edilýär. Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda diňe 2008–2016-njy ýyllarda 5,5 milliard manada golaý düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaş maşgalalary goldamak maksady bilen, ýörite karar boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynda mellek ýer gaznasy döredildi. Bu gaznadan häzire çenli Daşoguz welaýaty boýunça jemi 84 ýarym müňe golaý maşgala täze mellek ýerleri berildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen birlikde, biz Daşoguz welaýatyny ösdürmäge hem uly üns berýäris. Onuň üstünlikleri bizi begendirýär, ýöne şonuň bilen birlikde welaýaty mundan beýläkde ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde entek kemçilikler az däl diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu kemçilikleri aradan aýyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitlemek şu günki mejlisiň esasy meseleleri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we mejlisiň gün tertibine geçdi. Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjowa söz berildi. Ol Daşoguz welaýatynda alnyp barylýan işlere geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi. Onuň barşynda düýpli kemçilikleriň birnäçesi, şol sanda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde we durmuş düzümini ösdürmekde goýberilen säwlikler ýüze çykaryldy. Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew Daşoguz welaýatynda alnyp barylýan işlere geçirilen barlagyň netijeleri barada hasabat berdi. Ol sebitiň ykdysady pudaklarynyň ýagdaýy barada durup geçip, dolandyryş düzümleriniň işinde düýpli kemçilikleriň bardygyny habar berdi. Munuň özi sebitde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň depginleriniň peselmegine getirdi. Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna hem-de Baş prokurora şu welaýatdaky işleriň ýagdaýyna barlaglary dowam etmegi, bu ýerde dörän ýagdaýy içgin seljermegi we ony hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra Akdepe etrabynyň häkimi B.Gylyjowa söz berildi. Ol etrapda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz häkimiň işine, hususan-da, etrabyň oba ilatyny durmuş we jemagat hyzmatlary bilen üpjün etmek, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça kemçilikler babatda düýpli nägilelik bildirdi. Wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, alnyp barylýan işleriň guralyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin Akdepe etrabynyň häkimi B.Gylyjowa käýinç yglan edildi. Häkim ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz Boldumsaz etrabynyň häkimi B.Arazowa ýüzlenip, özüne ynanylan ilatly ýerlerde aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek boýunça işleriň gowşak guralandygyny, ekerançylyk ýerleriniň şorlaşandygyny hem-de zeýkeşlere ýeterlik derejede garaşyk edilmeýändigini aýtdy. Wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, etrapda alnyp barylýan işleriň guralyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin Boldumsaz etrabynyň häkimi B.Arazowa käýinç yglan edildi we oňa ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz şäheriniň häkimi M.Baýramgulyýewiň adyna tankydy bellikleri aýtdy. Önümçilik desgalarynyň birnäçesinde gurluşyk işleriniň möhletleriniň gijikdirilýändigi babatda düýpli nägilelik bildirildi. Şol gurluşyklaryň bir bölegi öz wagtynda tabşyrylmady, käbiriniň gurluşygyna bolsa düýbünden girişilmedi. Ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda, şäheri energiýa bilen üpjün etmekde hem kemçilikler bar. Döwlet Baştutanymyz A.Paýzullaýewi işde goýberen kemçilikleri üçin Daşoguz şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy we bu wezipä H.Rejepowy belledi. Soňra Görogly etrabynyň häkimi S.Meredow hasabat bilen çykyş etdi. Milli Liderimiz etrapda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde kemçilikleriň bardygyny aýdyp, häkimiň işine nägilelik bildirdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda aradan aýyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gubadag etrabynyň häkimi T.Geldimedowa ýüzlenip, onuň işi babatda tankydy bellikleri aýtdy. Munuň özi maksatnamalary ýerine ýetirmekde etrabyň yza galmagyna getirdi. Döwlet Baştutanymyz T.Geldimedowy işde goýberen kemçilikleri üçin Gubadag etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Gubadag etrabynyň häkimi wezipesine T.Nazarow bellenildi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem D.Otuzowy işde goýberen kemçilikleri üçin şu etrabyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy we bu wezipä B.Igdirowy belledi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi R.Orazdurdyýewe ýüzlendi. Milli Liderimiz etrabyň ilatynyň durmuş üpjünçiligi ulgamynda köpsanly kemçilikleriň bardygyny aýdyp, häkimiň öz borçlaryna şeýle çemeleşmeginiň ýol berilmesizdigini belledi hem-de R.Orazdurdyýewi işde goýberen kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy. Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkimi wezipesine häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary bolup işleýän S.Babajanow bellenildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, etrapda alnyp barylýan işleriň guralyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkiminiň oba hojalyk boýunça orunbasary M.Jumabaýewe berk käýinç we şu etrabyň gurlyşyk boýunça orunbasary B.Galpakowa käýinç yglan etdi we degişli resminamalara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köneürgenç etrabyndaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, bu ýerde ilatly ýerleriň düzümini ösdürmek boýunça çäreleri has işjeň durmuşa geçirmegiň, durmuş ulgamyny talap edilýän derejä çykarmak üçin ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz etrabyň ýolbaşçysy K.Öwezowyň işleri talaba laýyk gurap bilmändigine nägillelik bildirdi we ony Köneürgenç etrabynyň häkimi wezipesinden, D.Myradowy bolsa şu etrabyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz N.Çopanowy Köneürgenç etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine belläp, oňa işinde üstünlikler arzuw etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz Köneürgenç şäheriniň häkimi D.Meredowa ýüzlenip, şäheriň ösüşine, şol sanda onuň senagat ulgamynyň ösüşine bökdenç bolýan kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Senagat pudagynyň kuwwaty bildirilýän talaplara laýyk gelmeýär. Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, şäherde alnyp barylýan işleriň guralyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin Köneürgenç şäheriniň häkimi D.Meredowa berk käýinç yglan etdi. Häkim şäherde durmuş-ykdysady özgertmeleriň depgininiň gowşamagyna sebäp bolýan kemçilikleriň ählisini aradan aýyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Döwlet Baştutanymyz S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň häkimi B.Handurdyýewe ýüzlenip, käbir obalaryň ýaşaýjylaryny elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmekde, aragatnaşyk hyzmatlaryny etmekde kemçilikleriň bardygyny, etrabyň ýollarynyň ýagdaýynyň ýaramazdygyny aýtdy. Milli Liderimiz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, etrapda alnyp barylýan işleriň guralyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin häkime berk käýinç yglan etdi we etrabyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň ählisiniň kadaly işlemeginiň ýola goýulmagyny talap etdi. Şeýle hem wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, etrapda alnyp barylýan işleriň guralyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň häkiminiň orunbasary H.Annamämedowa käýinç yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba ýerlerini durmuş - ykdysady taýdan ösdürmek, öndürijilikli zähmet üçin ähli şertleri döretmek we daýhanlaryň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça görülýän çärelere etraplaryň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň şahsy jogapkärçiligindedigini aýdyp, Ruhubelent etrabynda hem kemçilikleriň bardygyny belledi. Hususan-da, etrabyň häkimi B.Töräýewe zeýkeş ulgamynyň talaba laýyk ýagdaýda saklanmaýandygyny aýtdy. Munuň özi ekerançylyk ýerleriniň şorlaşmagyna getirýär. Döwlet Baştutanymyz B.Töreýewi Köneürgenç etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ruhubelent etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Ruhubelent etrabynyň häkimi wezipesine Gubadag etrabynyň “Gök çäge” daýhan birleşiginiň başlygy bolup işlän Aýmuhammet Duşemow bellenildi. Soňra Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi A.Gyrlyýew hasabat bilen çykyş etdi. Milli Liderimiz etrapda henize çenli oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleleriň köpüsiniň çözülmändigini, içerki ýollaryň hem-de köprüleriň köpüsiniň düýpli abatlaýyş işlerine mätäçdigini aýtdy. Şunda etraby ösdürmäge goýulýan düýpli maýa goýumlary doly möçberde özleşdirilmeýär, kemçilikleri aradan aýyrmak üçin netijeli çäreler görülmeýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz A.Gyrlyýewi etrabyň häkimi wezipesinden boşatdy. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesine şu etrabyň “Görelde” daýhan birleşiginiň başlygy bolup işlän B.Gylyjow bellenildi. Wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, şu etrapda alnyp barylýan işleriň guralyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin etrabyň häkiminiň orunbasary W.Saparmyradowa berk käýinç yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowa ýüzlenip, bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigini, şol sanda Oba milli maksatnamasyny we beýleki iri durmuş we ykdysady ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda kemçiliklere ýol berilýändigini görkezdi. Welaýatyň häkimliginiň işi entek talaba laýyk gelmeýär. Şoňa görä-de, işde goýberen kemçilikleri üçin welaýatyň 4 etrabynyň häkimi hem-de 2 etrabynyň we bir şäheriniň häkiminiň orunbasary eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Häkimleriň we olaryň orunbasarlarynyň dokuzysyna käýinç yglan edildi. Döwlet Baştutanymyz gaýragoýulmasyz çözülmeli esasy wezipeleriň birnäçesini kesgitledi. Munuň özi sebitde suw üpjünçiligi we gidrotehniki desgalaryň gurluşygy, bar bolan suw howdanlaryny giňeltmek, şeýle hem durmuş maksatly desgalary, ilkinji nobatda bolsa, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň desgalaryny talaba laýyk ulanmak hem-de saklamak bilen baglanyşykly meselelere degişlidir. Ekin dolanyşygyny gowulandyrmaga, obasenagat pudagynda täze hojalyk çemeleşmelerini ornaşdyrmaga ýeterlik derejede üns berilmeýär. Bazar gurallarynyň netijeli işlemegi üçin oba hojalyk önümlerini öndürijileri, hakyky ýer eýelerini goldamak wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Sebitde emele gelen ýagdaý welaýatyň häkiminiň şäher we etrap häkimlerinden ýeterlik derejede talap etmeýändigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowa käýinç yglan etdi. Milli Liderimiz mejlisi dowam edip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatyň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmaga gönükdirilendigini aýtdy. Şu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýörite maksatnamalar kabul edildi. Olary doly amala aşyrmak üçin döwletimiz uly işleri alyp barýar, köp möçberde maliýe serişdelerini goýberýär. Ýöne, bu serişdeler käbir ýerlerde netijeli peýdalanylmaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ata Watanymyzy has-da ösdürmäge gönükdirilip kabul edilen maksatnamalaryň welaýatda talabalaýyk ýerine ýetirilmeýändigini aýdyp, sebitde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýollaryň, köprüleriň gurluşygynyň haýal alnyp barylýandygyny belledi. Bu bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere ýaramaz täsirini ýetirýär. Milli Liderimiz kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin welaýat, şäher we etrap ýolbaşçylarynyň gönüden-göni jogapkärçilik çekýändigini ýatladyp, welaýatlaryň we etraplaryň ýolbaşçylarynyň bu meselelere aýratyn üns bermelidigini, bu ugurda bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin ähli çäreleri görmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz demirgazyk welaýaty ösüşiň täze sepgitlerine çykarmagyň ýollary baradaky gürrüňiň jemini jemläp, esasy wezipeleri kesgitledi. Welaýatyň ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, hasylyny artdyrmak üçin zerur işleri geçirmek, ýerleriň şorlamagynyň öňüni almak, şorlan ýerleri dikeltmek boýunça işleri yzygiderli alyp barmak , zeýkeşleri talabalaýyk saklamak we wagtly-wagtynda arassalamak zerurdyr. Zerur bolan hassahanalary we saglyk öýlerini, mekdepleri, çagalar baglaryny, ýollary giň gerim bilen gurmak üçin ähli çäreleri görmek wajypdyr. Şäher we oba ilatyny arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen doly üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir. Adamlara ýaşaýyş jaýyny gurmak, kömekçi hojalygy ýöretmek üçin bank karzlaryny we mellek ýerlerini bermeli. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öz ulgamlarynda ýol berlen kemçilikler üçin jogapkärçilik çekýändigini nygtady. Ýokarda agzalan kemçilikleri Ykdysadyýet we ösüş, Maliýe, Energetika we Aragatnaşyk, Awtomobil ulaglary we Jemagat hojalygy, Bilim hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, «Türkmengaz» hem-de «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary welaýatlarda özleriniň pudaklary boýunça işleriň ýagdaýyny hemişe bilmelidir. Olar welaýatyň hem-de onuň şäherleriniň we etraplarynyň ýolbaşçylary bilen ysnyşykly işläp, bar bolan meseleleri bile çözen bolsalar, Daşoguz welaýaty has-da ýokary depginler bilen öserdi, welaýatyň ilatynyň hal-ýagdaýy mundan hem ýokarlanardy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna şu günki mejlisiň netijeleri boýunça ýygnaklary geçirmegi hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça anyk çäreleri hem-de möhletleri kesgitlemegi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna bolsa bilelikde işlemek düzülen meýilnamalary amala aşyrmak boýunça işleriň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol Daşoguz welaýatynyň dolandyryş çägini döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklipler barada habar berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň dolandyryş –çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen bagly meselelere seretmek we olary kämilleşdirmek barada milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda Mejlisde welaýat häkimlikleri bilen bilelikde degişli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Ahal hem-de Balkan welaýatlarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlislerinde bu welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen bagly meselelere seredildi. Şu meseleler bilen baglanyşykly ýurdumyzyň Mejlisiniň kararlary kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda amala aşyrylýan dolandyryş-çäk özgertmeleriniň çäginde obalary, şäherçeleri, şäherleri we etraplary durmuş-ykdysady taýdan maksatnamalaýyn ösdürmegi durmuşa geçirmek, Daşoguz welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda hem-de Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasy esasynda “Daşoguz welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda” Mejlisiň karary kabul edildi. Karara laýyklykda, Daşoguz welaýatynda 9 etrap, 2 etrap hukukly şäher, 7 etrapdaky şäher, 1 şäherçe, 134 geňeşlik, 610 oba bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygy Daşoguz welaýatynyň her bir etrabyndaky dolandyryş –çäk meseleleri barada jikme-jik durup geçdi. Şeýlelikde, Akdepe etrabynyň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ýerlerinden bir bölegi Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň çägine geçirilýär. Akdepe, Boldumsaz, Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky, Köneürgenç, S.A.Nyýazow adyndaky etraplarynyň ýerleriniň ýene-de bir bölegi Ruhubelent etrabynyň dolandyryş çägine geçirilýär. Görogly etrabynyň ýerleriniň bir bölegi S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň dolandyryş çägine geçirilýär. Akdepe, Boldumsaz, Gubadag, Köneürgenç etraplarynyň ýerleriniň bir bölegini Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň dolandyryş çägine geçirmek göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, Akdepe etraby boýunça: Akdepe şäherçesine etrapdaky şäher derejesini bermek hem-de Gazakýap, Dostluk, Täze oba obalaryny Akdepe şäherine birikdirmek; Gurbansoltan eje adyndaky we Üçagaç obalaryny Sähra geňeşliginiň düzümine geçirmek; Göbekli obasynyň adyny Ýeke derek, Şorumsa obasynyň adyny Galkynyş, Itagyz obasynyň adyny Agzybirlik, Kendirli obasynyň adyny Bereket, Pişikoý obasynyň adyny Bitaraplyk diýip üýtgetmek; Akdepe etrabynyň Ýomut Durdyýew adyndaky geňeşligini we onuň Egriguýy obasyny, Zähmet geňeşligini we onuň Toprakgala, Çardepe, Was, Wasgala obalaryny Ruhubelent etrabynyň düzümine geçirmek bellenildi. Boldumsaz etraby boýunça: Boldumsaz şäherçesine etrapdaky şäher derejesini bermek hem-de Baýjamergen, Bektemir, Dyşky, Gökleň, Uşagan, Galkynyş obalaryny Boldumsaz şäherine birikdirmek; Bozajy obasyny Guwanç Atamedow adyndaky geňeşligiň düzümine, Bozýer obasyny Zähmetkeş geňeşliginiň düzümine geçirmek; 10 ýyl abadançylyk geňeşliginiň edara ediş merkezini Mereke obasyna geçirmek; 21 obanyň adyny üýtgetmek – Myradek obasynyň adyny Almalyk, Güler obasynyň adyny Türkmenistan, Sokygaçyk obasynyň adyny Dostluk, Ybykýap obasynyň adyny Bitaraplyk, Söýünjajy obasynyň adyny Bereketli, Tüwer obasynyň adyny Derýalyk, Çakmak obasynyň adyny Babadaýhan, Uwanyş obasynyň adyny Ruhubelent, Juguldyk obasynyň adyny Diýar, Ýemik obasynyň adyny Asudalyk, Gökteý obasynyň adyny Altyn sähra, Köneporsy obasynyň adyny Bagtyýarlyk, Täzegoňrat obasynyň adyny Altyn toprak, Çalwar obasynyň adyny Altyn zaman, Ogşuk obasynyň adyny Bagçylar, Geýenoba obasynyň adyny Berkararlyk, Homaý obasynyň adyny Watan, Maýda obasynyň adyny Ýaşlyk, Mereke obasynyň adyny Abadanlyk, Işanoba obasynyň adyny Täze zaman, Orsýap obasynyň adyny Bereket diýip üýtgetmek bellenildi. Görogly etraby boýunça: Görogly şäherçesine etrapdaky şäher derejesini bermek hem-de Sazakly, Akderek, Polasoltan obalaryny Görogly şäherine birikdirmek; Türkmenýoly geňeşliginiň edara ediş merkezini Gökje obasyna geçirmek; Bedirkent geňeşligini we onuň Was, Oglanly obalaryny Ruhubelent etrabynyň düzümine geçirmek; Arabaçy obasyny Annagylyç Ataýew adyndaky obasyna; Jykyrçy obasyny Wekilgala obasyna, Ýüzbaşy obasyny Işmaltapan obasyna, Gyzylgum obasyny Ýaňyýap obasyna, Mirapgala obasyny Kyrkgyz obasyna birikdirmek; Işmaltapan obasynyň adyny Çoşşy Arazgylyjow adyndaky, Kepderhana obasynyň adyny Döwletli, Bişçykar obasynyň adyny Bäşjykyr, Bitewen obasynyň adyny Bagtyýarlyk diýip üýtgetmek; Gyrbaba we Hojahümmet obalaryny Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawundan aýyrmak bellenildi. Gubadag etraby boýunça: Gubadag şäherçesine etrapdaky şäher derejesini bermek; Döwgala obasyny Gökçäge obasyna birikdirmek; Diýarbekir obasyny Wasabat geňeşliginiň düzümine geçirmek, Wasabat geňeşligini we onuň Wasabat, Diýarbekir obalaryny Ruhubelent etrabynyň düzümine geçirmek; Gultokly obasynyň adyny Berkararlyk, Çagat obasynyň adyny Agzybirlik, Basuw obasynyň adyny Rowaçlyk diýip üýtgetmek; Daşerez obasyny Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawundan aýyrmak bellenildi. Gurbansoltan eje adyndaky etrap boýunça: Gurbansoltan eje adyndaky şäherçä etrapdaky şäher derejesini bermek hem-de Hazarasp, Garamergen, Depmeçi obalaryny Gurbansoltan eje adyndaky şähere birikdirmek; Bagşyly, Azatlyk obalaryny Sazanda geňeşliginiň düzümine, Atamyrat aga obasyny Altyn asyr geňeşliginiň düzümine geçirmek; Atamyrat aga geňeşligini ýatyrmak; Sapaly obasyny Akja obasyna, Esrikgara obasyny Ak altyn obasyna, Kazy obasyny Gamyşlyk obasyna birikdirmek bellenildi. Köneürgenç etraby boýunça: Jelaýyr obasyny Köneürgenç şäherine birikdrmek; Ikinji Was obasyny Watan geňeşliginiň, Maňgyr, Täzeýer obalaryny Magrupy adyndaky geňeşligiň, Akgum, Boýraçy obalaryny Täzegüýç geňeşliginiň düzümine geçirmek; Akgum geňeşligini ýatyrmak, Haýwanýol obasynyň adyny Döwletli obasy, Maýlyözek obasynyň adyny Bagtyýarlyk diýip üýtgetmek; Geňeş geňeşligini we onuň Geňeş, Agzybirlik, Çardere, Parahat obalaryny, Magrupy adyndaky geňeşligi we onuň Magrupy adyndaky, Maňgyr, Täzeýer obalaryny, Şabende geňeşligini we onuň Şabende, Çalymergen, Maňgyrabat obalaryny Ruhubelent etrabyna geçirmek bellenildi. Ruhubelent etraby boýunça: Taýgyr obasyny Ruhubelent şäherçesine birikdirmek; Şähribossan obasyny Diýarbekir geňeşligine, Şasenem, Gäwersgyr obalaryny Tünüderýa geňeşligine, Oguzboýy, Agzybirlik obalaryny Aşyk Aýdyň geňeşligine geçirmek; Diýarbekir obasynyň adyny Uzboý, Agzybirlik obasynyň adyny Bagşyly, Çardere obasynyň adyny Çardepe, Was obasynyň adyny Şagadam diýip üýtgetmek bellenildi. Şeýle hem etrabyň düzümine başga etraplardan 8 geňeşlik we 22 oba geçirildi. Şähribossan, Şasenem, Oguzboýy geňeşliklerini ýatyrmak; Bugdaýly, Garaşsyzlyk, Altyn asyr, Döwletli, Gaýratly, Täzeýer obalaryny Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawundan aýyrmak bellenildi. S.A.Nyýazow adyndaky etrap boýunça: Karara laýyklykda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde täze gurlan ilatly ýere oba derejesini bermek hem-de ol oba Bagtyýar zaman adyny dakmak hem-de ony Jumanyýaz Hudaýbergenow geňeşliginiň düzümine goşmak bellenildi. Mundan başga-da, Nyýazow şäherçesine etrapdaky şäher derejesi berildi hem-de Azatlyk obasy bu şähere birikdirildi. Şatlyk obasyny Adalat geňeşliginiň düzümine geçirmek; Gazakaul obasynyň adyny Bagtyýarlyk, Zaňňyl obasynyň adyny Täze ýol, Kigizçi obasynyň adyny Gülzar, Ketli obasynyň adyny Parahat diýip üýtgetmek; Garakoli geňeşligini we onuň Yslam, Çaýyrly, Gyzyljaburun obalaryny Ruhubelent etrabynyň düzümine geçirmek; Gowdaşa obasyny Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi. Saparmyrat Türkmenbaşy etraby boýunça: Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şäherçä etrapdaky şäher derejesini bermek; Aýryçagyl obasyny Serdar geňeşliginiň, Monjukly, Zähmetkeş obalaryny Bitaraplyk geňeşliginiň, Ruhubelent obasyny Gallaçy geňeşliginiň düzümine geçirmek; Ruhubelent geňeşligini ýatyrmak bellenildi. Umuman, Türkmenistanyň Mejlisiniň şu kararynyň kabul edilmegi bilen Daşoguz welaýatynda etraplaryň dolandyryş çäklerini tertipleşdirmek, şeýle hem 7 şäherçä etrapdaky şäher derejesini bermek, 8 geňeşligi başga etraba geçirmek, 18 obany beýleki geňeşligiň düzümine geçirmek, 22 obany başga etrabyň düzümine geçirmek, 43 obanyň adyny üýtgetmek, 2 obany geňeşligiň edara ediş merkezi edip bellemek, 6 geňeşligi ýatyrmak, 38 obany Sanawdan aýyrmak bellenildi. Mejlisiň Başlygy bu kararyň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň dolandyryş –çäk gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, oba ilatyny dolandyryş merkezlerine has ýakynlaşdyrmaga, az ilatly obalaryň täze döwrebap iri şäherçelere birleşdirilmegine, etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň durmuş-ykdysady taýdan has çalt depginler bilen ösdürilmegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, wise-premýer Ş.Durdylyýewe Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekillerinden ybarat ýörite topary döretmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu toparyň agzalarynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitläp, dolandyryş-çäk birliklerine täzeden garamak bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagy şol wezipeleriň wajyplarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak hem-de olary Ministrler Kabinetiniň garamagyna tassyklamak üçin hödürlemek barada görkezme berildi. Soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, biz ýene-de birnäçe wagtdan Lebap welaýatynda Oba milli maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine serederis, welaýatyň we onuň etraplarynyň hem-de şäherleriniň häkimleriniň bu ugurda geçiren işleri baradaky hasabatlaryny diňläris. Häkimlere alyp baran işleriniň netijelerine laýyklykda baha bereris diýip, belledi. Eziz Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňümizde belent we jogapkärli wezipeler durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny ýokary netijeleri gazanyp, garşylamak watandaşlarymyzyň mukaddes borjy bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli raýatlary bu mukaddes wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmäge ýakyndan gatnaşmalydyr. Milli Liderimiz Daşoguz welaýatynyň agzybir we zähmetsöýer ilatynyň öňde duran belent wezipeleri amala aşyrmak üçin yhlasly we tutanýerli zähmet çekjekdigine, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem berkarar döwletimiziň has belent sepgitlere ýetmegi, mähriban halkymyzyň bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerimize mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Daşoguz welaýatyndaky göçme mejlisini tamamlap, ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Köneler, Atamyrat2015 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir