16-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde demirgazyk sebitiň merkezinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, onda welaýaty mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeler kesgitlenildi. Daşoguz şäheriniň barha özgerýän binagärlik keşbi – milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän hem-de türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri möçberli oňyn özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirkizaman durmuş-ykdysady, inženerçilik-tehniki hem-de ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmek boýunça ägirt uly, toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk edaralary, zawodlar we fabrikler, dürli maksatly beýleki desgalar yzygiderli gurulýar, olar adamlaryň ýokary durmuş derejesini, döredijilikli zähmet, amatly ýaşaýyş we türkmenistanlylaryň doly derejeli dynç almagy üçin aňrybaş şertleri üpjün etmäge ýardam berýär. Ir bilen hormatly Prezidentimiz täze ýaşaýyş jaý toplumynyň çägine geldi. Bu ýerde – Daşoguz şäheriniň günorta-günbatar böleginde, Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda ýakyn ýyllarda belent ýaşaýyş jaýlary peýda bolar. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar, Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik özgertmelerini wasp edýän köpöwüşginli aýdym-tansly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. Bu ýerde oturdylan iki sany bannerde Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň we häzirki ajaýyp döwrüniň aýrylmaz baglanyşygyny aýdyň beýan edýän görnüşler şekillendirilipdir. Olaryň birinde Daşoguz welaýatynyň ýerleşýän ajaýyp taryhy künjekleri suratlandyrylypdyr. Welaýatyň çäklerinde dürli döwürlere degişli köpsanly binagärlik ýadygärlikleri bar. Bu ozaly bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen “Köneürgenç” taryhy-medeni goraghanasydyr. Türkmen binagärliginiň orta asyr naýbaşy binagärlik sungatynyň hatarynda Nejmeddin Kugranyň we Soltan Alynyň aramgähleriniň binagärlik toplumy, “Daş metjit” muzeýi we Törebeg hanymyň aramgähi, şeýle hem Daşgala – “Kerwensaraý portaly”, Il Arslanyň, Tekeşiň aramgähleri, Merkezi Aziýada iň beýik ýadygärlikleriň biri Gutlug Timuryň minarasy bar. Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Daşoguz iň myhmansöýer şäherleriň biri hökmünde bellidir. “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda welaýat merkezine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty hökmündäki dereje berildi. Türkmen şäherine şeýle derejäniň berilmegi siwilizasiýalaryň asyrlaryň dowamynda medeni gatnaşyklar ulgamynda ýurdumyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhynyň ähmiýetini beýan edýär, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, geljekki nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak taryhy-medeni mirasy gorap saklamak işine goşýan goşandynyň ykrar edilmegidir. Hormatly Prezidentimiz milli medeniýetiň iň gowy ýörelgeleriniň dowamatlylygyna uly üns berýär. Milletimiziň medeni mirasyny aýawly gorap saklamak, öwrenmek we baýlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan türkmen jemgyýetiniň kämilleşdirilmegine, onuň ruhy we aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Daşoguz şäheriniň okgunly ösüşinde taryh we häzirki döwür utgaşýar we bu şäher özboluşly binagärlik sözgütleri bilen tapawutlanýan täze desgalaryň tutuş toplumy bilen buýsançlydyr. Olaryň şekilleri gurluşyk meýdançasynda oturdylan ikinji bannerde suratlandyrylýar. Hususan-da, soňky ýyllarda Daşoguz şäherinde Ruhyýet köşgüniň, N.Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň, welaýat kitaphanasynyň, Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň, şeýle hem oba hojalyk institutynyň, ”Ene mähri” lukmançylyk merkeziniň, “Bagt köşgüniň” kaşaň binalary, suw arassalaýjy zawody, pagta egriji fabrigi, 10 müň orunlyk stadionly sport toplumy, köpugurly bazar, “Daşoguz” ýokary derejeli myhmanhanasy, zyýansyzlandyrylan sargy serişdeleriniň önümçiligi boýunça kärhana we beýlekiler guruldy we ulanmaga berildi. Welaýat merkeziniň iň owadan we uzyn köçeleriniň biri bolan Görogly şaýolunyň ugrunda ak mermerli metjit bina edildi, bu ýerde düýn döwlet Baştutanymyz mukaddes Oraza aýy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi. Bu gün bolsa bu ýerde ýene-de bir iri maýa goýum taslamasyna – ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna badalga berilýär. Hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, gurluşyk meýdançasynda gurnalan ýörite ýere geçýär, bu ýerde taslamalar bilen planşetler ýerleşdirilipdir, olar şäheriň bu böleginiň ýakyn geljekde özgerýän keşbi barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär. Täze etrapçada 1050 maşgala niýetlenen ýokary amatlykly dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 60-syny gurmak meýilleşdirilýär. Bu ýerde jemi 525 sany üç otagly öýler gurlar, olaryň her biriniň meýdany 171 inedördül metre deň bolar we ondan başga-da 525 sany dört otagly, her biriniň meýdany 203,45 inedördül metre barabar bolan öýler bina ediler. Ýaşaýyş jaýlarynyň abadanlaşdyrylan ýanaşyk ýerlerinde çagalar we sport meýdançalary, dynç almak üçin telärler gurnalar, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin ýerler enjamlaşdyrylar. Mundan başga-da, taslamada dükanlar göz öňünde tutulandyr, olar ýaşaýjylar üçin amatly bolar ýaly jaýlaryň birinji gatlarynda ýerleşdiriler, şeýle hem bu ýerde durmuş maksatly desgalaryň toplumy peýda bolar. Olaryň gurluşygy tapgyrlaýyn amala aşyrylar. Birinji nobatdakynyň çäklerinde, 2016-2018-nji ýyllarda alty sany 16 öýli we iki sany 24 öýli ýaşaýyş jaýlaryny, sadaka bermek üçin binany hem-de dürli tehniki desgalary gurmak meýilleşdirildi. 2019-njy ýyla çenli ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de onusyny, şol sanda bir 12 öýli, bir 18 öýli, bäş 16 öýli we üç 24 öýli ýaşaýyş jaýlaryny, şeýle hem köp gatly awtoduralgany ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär. Üçünji nobatdakynyň gurluşyk işleri 2018-2020-nji ýyllarda alnyp barlar. Şol döwürde ýene birnäçe 16 öýli we 24 öýli ýaşaýyş jaýlary, 600 orunlyk umumy bilim berýän mekdep hem-de 240 orunlyk çagalar bagy, bu ýerde ýaş türkmenistanlylaryň terbiýe almagy, aň-bilim we döredijilik taýdan ösmegi üçin hemme şertler dörediler, şeýle hem Saglyk merkezi gurlar. Bu kiçi etrapçada ýaşaýyş jaýlarynyň bank karzlarynyň hasabyna bina ediljekdigini, durmuş ähmiýetli desgalarynyň gurluşygynyň bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan serişdelerden maliýeleşdiriljekdigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, geljekki täze gurluşyklar babatda birnäçe anyk belliklerini we tekliplerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tanyşdyryş dabarasyna gatnaşýan ýolbaşçylara täze kiçi etrapçanyň gurluşygyna, onuň töweregini abadanlaşdyrmaga we bagy-bossanlyga büremäge toplumlaýyn, sazlaşykly hem-de desgalaryň her birine aýratynlykda çemeleşmäni üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Daşoguzy ösdürmegiň Baş meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň barşynda, ýurdumyzyň ähli beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, senagat kärhanalary ýörite bölünip berlen zolaklarda – şäheriň çäginden daşarda, ýaşaýyş toplumlaryndan ep-esli uzaklykda gurulmalydyr. Degişlilikde giň gök zolaklaryň, tokaý seýilgähleriniň döredilmegini hem göz öňünde tutmaly, olar ýaşaýyş toplumlaryndan amatly howa ýagdaýyny, howanyň tämizligini üpjün etmäge mümkinçilik berer hem-de şäheriň ekologoýa ýagdaýyna oňyn täsir eder. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy hem muňa gönükdirilendir, onuň çäklerinde her ýyl paýtagtymyzyň töwereklerinde hem-de welaýatlarda ýaprakly, pürli, miweli we beýleki baglaryň millionlarça düýbi oturdylýar. Döwlet Baştutanymyz täze etrapçanyň golaýynda ýerleşýän zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanany mysal hökmünde getirdi. Bu ýerde taýýarlanylýan hasa, gips we ýumşak bintler, leýkoplastyrlar, bir gezek ulanylýan hasa salfetkalary hem-de lukmançylykda giňden peýdalanylýan serişdeler aýratyn “zyýansyzlandyrylan” önümçilik şertlerini talap edýär. Etrapçada gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň daşky keşbinde we içki bezeginde häzirki zaman binagärliginiň öňdebaryjy gazananlary hem-de jaý gurmagyň iň oňat milli däpleri sazlaşykly utgaşmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de gurulýan ähli desgalarda ýokary hilli, iň ýokary talaplara, şol sanda ekologiýa we gözellik nukdaý nazaryndan ýokary talaplara laýyk gelýän döwrebap gurluşyk serişdeleriniň ulanylmalydygyny aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiz adamlaryň durmuşy üçin iň oňaýly şertleri üpjün etmek maksady bilen hemme zerur inžener-tehniki we ýol-ulag düzümleriniň döredilmegini, hususan-da, ygtybarly suw, energiýa üpjünçilik ulgamynyň, hyzmatlar ulgamynyň döredilmelidigini, bankomatlaryň gurnalmagynyň göz öňünde tutulmalydygyny, şeýle hem bellenilen arassaçylyk kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilişiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy. Täze ýaşaýyş toplumlarynda mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport we medeni dynç alyş merkezleriniň gurulmagy möhüm şert bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Azyk we senagat harytlary dükanlaryndan başga-da, ýaşaýyş-durmuş maksatly beýleki binalaryň – restoranlaryň we kafeleriň, dermanhanalaryň, gözellik salonlarynyň, dellekhanalaryň, himiki usulda arassalaýyş hyzmaty kärhanasynyň, durmuş tehnikasyny abatlaýyş ussahanalarynyň we beýlekileriň gurluşygy göz öňünde tutulmalydyr. Munuň özi ýaşaýjylar üçin amatlyklary döretmäge, ýaşaýyş we durmuş meselelerine sarp edilýän wagty tygşytlamaga mümkinçilik berer. Ýaşaýyş jaý gurluşygynyň, ilaty ähli amatlyklary bolan oňaýly öýler bilen üpjün etmegiň, umuman, durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň meselelerine biz mundan beýläk hem örän uly üns bereris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugrunyň innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we bu ulgamda iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtady. Ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň wekilleri bolan oglan we gyz döwlet Baştutanymyzyň ýanyna gelýär. Olar belent sesleri bilen milli Liderimizi mübärekläp, berk jan saglyk hem-de köptaraplaýyn işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Çagalaryň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz şu günki ajaýyp waka mynasybetli nesillere niýetlenen ýadygärlik ýazga gol çekýär, ol bolsa ýörite gaba ýerleşdirilýär. Esasy pursat gelip ýetýär: bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumynyň binýadyna türkmenistanlylaryň geljekki nesillerine niýetlenen hat ýerleşdirilen gutuny oklaýar hem-de soňra onuň düýbüne ilkinji beton garyndylaryny guýup, gurluşyga badalga berýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her güni dürli görnüşli ykbal çözüji wakalara beslenýär, olar ýurdumyzyň syýasy, halkara, jemgyýetçilik, ykdysady we ruhy durmuşynyň oňyn özgertmeleriniň ýyl ýazgysyny düzýär. Milli Liderimiz döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny hemmetaraplaýyn düýpli üýtgedip gurmagyň ilkinji nobatdaky wezipelerini çözmek bilen biz özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýarys, diňe bir iri desgalary däl-de, tutuş şäher ýaşaýyş toplumlaryny gurýarys, häzirkizaman şäherçeleriň we etraplaryň düýbüni tutýarys, täze ýerleri özleşdirýäris diýip aýtdy. Türkmen topragynyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar, ähli ýerlerde peýda bolan häzirkizaman zawodlar we fabrikler, lukmançylyk, medeni we sport merkezleri, ýokary okuw mekdepleriň täze binalary döwletimiziň barha ösýän ykdysady kuwwatynyň alamatlaryna öwrüldi, ýurdumyz soňky ýyllarda öňe tarap okgunly ösdi we ösüşiň täze belentliklerine barýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasat ilatyň durmuş derejesini, şol sanda ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir, muňa şu gün Daşoguzda täze etrapçanyň gurluşygyna badalga berilmegi hem şaýatlyk edýär. Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz ýygnananlary şanly waka bilen ýene bir gezek gutlap, bu ýerden ugrady.

Köneler, Atamyrat2015 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir