17-nji iýunda Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazow adyndaky etrapda gurlan Bagtyýar zaman täze obasynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Ýokary amatlygy bolan täze nusgalyk obalaryň gurulmagy türkmen topragynyň ähli künjegini gurşap alan, giň möçberli düýpli özgertmelere beslenen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp we häsiýetli alamatydyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen obasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Şunda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek meseleleriniň çözülmegi oba adamlarynyň has oňaýly durmuş şertlerini döretmäge we döredijilikli zähmet çekmegini üpjün etmäge gönükdirilen durmuş ulgamyna degişli wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Muňa ýurdumyzda kabul edilen we amala aşyrylýan möhüm maksatnamalar, şol sanda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy" aýdyň subutnama bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň döwrebap keşpli täze obalary we şäherçeleri gurmak barada gol çeken birnäçe kararlary hem öňde goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Ata Watanymyzyň ähli sebitlerinde okgunly depginler bilen ýaýbaňlandyrylan hem-de adamlaryň abadançylygy ileri tutulýan ugry bolan, gerimi we möçberi boýunça beýik işler dowam edýär. Bu ulgamda bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen obalar amatlyklar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu işlere uly möçberli serişdeleri goýberip, ýaşlar üçin döwrebap şertleri üpjün etmek maksady bilen, şol ýerlerde düşewüntli täze önümçilikleriň döredilmegi hem-de ýokary hünärli işgärleriň zähmet çekmegi, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ösmegi üçin yzygiderli çäreleri görýär. Bu çäreleriň ählisi oba adamlarynyň durmuşynyň hil taýdan täze ölçegleriniň kemala getirilmegine we olaryň durmuş-hal ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz ir bilen Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň çäklerinde peýda bolan döwrebap oba tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň 2012-nji ýylyň aprelinde gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, bu ýerde durmuş, dolandyryş we beýleki desgalaryň uly toplumy bina edildi. Gurluşyk işleri Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça “Daşoguzobagurluşyk” önümçilik birleşiginiň guramalary hem-de ýerli hususy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirildi. Daşoguz şäheriniň golaýynda 144 gektar meýdany eýeleýän täze obada şäheriňkiden kem bolmadyk zerur hemme düzümler döredildi. Bu hem geň däldir, çünki ýaşamak üçin amatlylyk derejesi boýunça şäher şertlerine has ýakynlaşdyrylmagy täze türkmen obalaryna bildirilýän esasy talaplaryň biridir. ... Bu ýerde ähli zat uly dabaralara taýýar. Ir ertirden Bagtyýar zaman diýen özboluşly ada eýe bolan obada uly ählihalk baýramçylyk we ýokary ruhubelentlik ýagdaýy ýaýbaňlandy. Şanly waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, minisrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi ýygnandylar. Şeýle hem bu ýerde jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň telekeçileriniň, giň jemgyýetçiligiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Myhmanlaryň arasynda Daşoguzda GDA-2016-nyň medeni paýtagty hökmünde onuň derejesine laýyklykda guralýan çäreleriň çäklerinde şu günler geçirilýän “Türkmenistan ruhy-medeni gymmatlyklara baý ülkedir” atly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylar hem bar. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimizi garşylaýar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýar. Goşgulary uly ruhubelentlik bilen okan körpeleriň, şowhunly aýdym-sazlaryny taýýarlan Daşoguz welaýatynyň sungat ussatlarynyň çykyşlary dabara ajaýyp öwüşgin çaýdy. Soňra milli Liderimiz täze oba alyp barýan ýolda gurlan merkezi girelgä barýar. Dabaraly pursat gelip ýetýär: bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, döwrebap Bagtyýar zaman obasyny açýar. Bu gün onuň çäklerinde uly türkmen toýy ýaýbaňlandy. Halkymyzyň milli däp-dessurlaryny özünde jemlän ajaýyp döredijilik çykyşlary bu toýa gaýtalanmajak özboluşly many-mazmun berýär. Hormatly Prezidentimiz körpe oba ýaşaýjylary—oglanjyklar we gyzjagazlar bilen bilelikde toý mukamlarynyň owazy astynda obanyň ýaşaýyş toplumyna tarap ugraýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy barýan ýolunyň ugrunda medeniýet hem-de sungat işgärleri, halk döredijilik toparlary aýdymlar we tanslar bilen garşylaýar. Bagşylar dutarda saz çalmagyň hem-de dessan aýtmagyň ussatlygyny görkezýär. Däp bolşy ýaly, olar Türkmenistanyň milli baýramçylyklarynyň bezegidir. Elbetde, milli Liderimizi ýoluň ugrunda garşylamaga çykan oba adamlary hem tüýs ýürekden mübärekleýär. Ozal bellenip geçilişi ýaly, ösen degişli düzümleri bolan häzirki zaman obalarynyň gurulmagy döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda obalarda hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bagtyýar zaman obasy hem munuň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde dürli ähmiýetli köpsanly desgalar, 500 maşgala niýetlenen amatlylygyň hemme şertleri bilen üpjün edilen 274 sany 1 gatly 4 otagly hem-de kottej görnüşli 226 sany 2 gatly 6 otagly ýaşaýyş jaýlary gurlupdyr. Mundan başga-da, bu ýerde ýerli dolandyryş üçin edara binasy, mekdep, çagalar bagy, saglyk, medeniýet we hyzmatlar öýleri, telefon bekedi, “Toý mekany”, söwda merkezi, birnäçe dükanlar, metjit guruldy. Bu desgalaryň ählisiniň taslamalary häzirki zaman talaplary nazarda tutulyp düzüldi hem-de enjamlaşdyryldy. Iki gatly dolandyryş binasynda işgärleriň iş otaglaryndan başga-da, uly we kiçi maslahatlar zaly bar. Hemme gulluk otaglary zerur edara enjamlary, kompýuter tehnikalary, degişli aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edildi. Bu ýerde gurlan oba saglyk öýüniň iň täze ýöriteleşdirilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň, maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Saglyk öýi ilata lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşlerini etmäge mümkinçilik berýär. Onuň iki gatly binasynda maşgala lukmanlarynyň, ýürek urşuny gözden geçirýän, ultra sesli barlag, rentgen, barlaghana, sanjym we beýleki otaglar bar. Şular bilen birlikde, gündizki ýatymlaýyn bejeriş we dermanhana oba adamlarynyň hyzmatyndadyr.Täze lukmançylyk edarasynda dürli keselleri bejermek we olaryň öňüni almak üçin Türkmenistanda ösüp ýetişýän dermanlyk ösümlikleriniň esasynda fitoterapiýa işjeň peýdalanylar. Çeper höwesjeňler döredijiliginiň ösdürilmegi, ilatyň, şol sanda ýaşlaryň sungat dünýäsine ýakynlaşmagy, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmek üçin has oňaýly şertler we mümkinçilikler göz öňünde tutulan ajaýyp Medeniýet öýi hem täze obanyň ýaşaýjylarynyň ygtyýaryndadyr. Onda döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan 200 orunlyk giň tomaşaçylar zaly, wokal we horeografiýa bilen meşgullanmak üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilen otaglar, şekillendiriş sungaty studiýasy we beýlekiler bar. Täze obanyň “Miras” diýen uly söwda merkezi alyjylara esasan ýurdumyzda öndürilen dürli azyk we senagat harytlarynyň giň görnüşini hödürleýär. Iki gektardan gowrak meýdanda ýerleşýän merkez dükanlaryň 113-sini, söwda orunlarynyň 226-sy bolan bazary, dolandyryş binasyny özünde jemleýär. Obadaky “Döwletli” durmuş hyzmaty öýüniň, iki gatly 500 orunlyk “Toý mekanynyň” binalarynyň şäherdäkiden kem däldigini bellemek gerek, olar bezeg aýratynlyklary, kaşaňlygy (umumy meýdany 1200 inedördül metr) bilen tapawutlanýar. Bu ýerde hyzmatyň ýokary derejesi kepillendirilýän 100 orunlyk kafe hem guruldy. Bagtyýar zaman obasynyň körpeleri üçin çagalar bagy we mekdep bar. Olar ýurdumyzda ösüp gelýän nesil barada aýratyn alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda bina edilýän ähli mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralary hökmany suratda öňdebaryjy tehnologiýalar, häzirki zaman multimediýa we interaktiw bilim enjamlary bilen üpjün edilýär. Munuň özi okuwçylaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine hem-de halkara ölçeglerine laýyklykda bilim almagyna mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, täze obada 550 telefon belgili, kabel hojalykly aragatnaşyk edarasynyň binasy guruldy. Bu bolsa oba adamlarynyň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegini doly kanagatlandyrar. Şeýle hem obada degişli suw, tehniki we kömekçi desgalar göz öňünde tutuldy. Bu ýerde zerur bolan ähli ulag we inžener-tehniki düzümler, şol sanda içki gara ýollar, suw geçirijiler, lagym we elektrik ulgamlary, gaz geçiriji çekilipdir. Hormatly Prezidentimiz ýöräp barşyna obanyň çäklerinde bina edilen täze gurluşyklary synlaýar. Bu ýerde dabara gatnaşyjylaryň gözüniň alnynda däp-dessurlar bilen alnyp barylýan türkmenleriň hakyky gelin toýy ýaýbaňlanýar. Bu gün ençeme asyrlar mundan öň hem bolşy ýaly, bu owadan özboluşly urp-adatlar ruhy-medeni köklerine hem-de gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan türkmen halkynyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Döwlet Baştutanymyz ýaş çatynjalary olaryň durmuşyndaky ajaýyp waka bilen mähirli gutlap, olara bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Soňra hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlaryna tarap geçýär, şol ýerde döwlet Baştutanymyzy ýerli ýaşaýjylar mähirli garşylaýar. Hemme ýerde şatlyk we göwünaçyklyk dabaralanýar, aýdym-sazlar ýaňlanýar, türkmen halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryny açyp görkezýän sahnalar ýerine ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyz ýaşulular hem-de ak saçly eneler bilen söhbetdeşlikde olaryň saglygy, ýagdaýlarynyň nähilidigi bilen gyzyklandy. Aksakgallar jogap hökmünde milli Lidirimize türkmenistanlylaryň abadançylygy we bagtyýarlygy baradaky ýadawsyz aladasy üçin, türkmen obasyny ösdürmek hem-de ýurdumyzda täze döwrebap obalaryň gurulmagy aýdyň subutnama bolup durýan oba adamlarynyň durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak babatda anyk çäreleri görýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, adamlaryň durmuşynyň ýokary derejesini we hilini üpjün etmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň wajyp wezipesidigini nygtady. Şu maksatlar oba zähmetkeşleriniň we maldarlaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilen obada düýpli özgertmeleri geçirmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan toplumlaýyn milli maksatnamalaryň esasynda goýlandyr. Obada bina edilen ýaşaýyş jaýlaryny täze taryhy döwrüň nyşany diýip atlandyryp bolar. Olaryň taslamasy düzülende oba durmuşynyň we milli däp-dessurlaryň, köp çagaly maşgalalaryň aýratynlyklary göz öňünde tutuldy. Oba ýaşaýyş toplumynda amatly iki gatly kottejler hem bar, olaryň her biri 0,16 gektar mellek ýerinde ýerleşýär. Kottejler ýagty we giň otaglardan, eýwanlardan, myhman otaglaryndan, ýatylýan otagdan, şol sanda çagalar üçin oýun oýnalýan otaglardan, abzallaşdyrylan aşhanadan, beýleki kömekçi jaýlardan, hususan-da, egin-eşik goýulýan otagdan, hammamdan we beýlekilerden ybaratdyr. Kottejiň umumy meýdany 420 inedördül metre golaýdyr. Kottej görnüşli bir gatly jaýlar hem ýaşamak üçin amatlylygy bilen tapawutlanýar. Olarda hem ähli degişli şertler döredilendir. Olaryň her birinde dört sany giň otaglar bar (olaryň iň ulusynyň meýdany 42 inedördül metrden geçýär). Şeýle hem jaýlarda häzirki zaman durmuş tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan aşhana göz öňünde tutulandyr. Her öýüň çäginde awtoulag serişdesi üçin jaý hem bar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Bagtyýar zaman obasyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň birine baryp gördi. Bu ýerde öý eýeleri goşa toý toýlaýar. Olaryň täze jaýa göçüp gelen günleri bäbejik dünýä indi, ähli milli däp-dessurlara laýyklykda “bäbek toýy” tutuldy. Täze jaýa göçüp baran maşgala hormatly Prezidentimizi ägirt uly ruhubelentlik bilen garşylap, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, häzirki wagtda olar şunuň ýaly ajaýyp öýlerde ýaşamaga mümkinçilik aldylar. Döwlet Baştutanymyz öý eýeleri bilen söhbetdeşlikde otaglaryň ýerleşdirilişi, rahat ýaşamak üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba ýaşaýjylaryny täze öýe göçüp gelmegi hem-de maşgalada çaganyň dünýä inmegi bilen gutlap, halkymyzyň abadançylygynyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady, şunda maşgalany pugtalandyrmak we goldamak, çaga hakynda hemmetaraplaýyn alada etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiziň adyndan öý eýelerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Täze obanyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy daşary ýurtly myhmanlarymyzda – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň wekillerinde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Olar bu ýerde oba adamlary üçin döredilen oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerine mynasyp baha berdiler. Mälim bolşy ýaly, Daşoguz şäheri 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Munuň özi döwletimiziň ençeme müňýyllyk şöhratly taryhynyň siwilizasiýalaryň medeni gatnaşyklarynyň ulgamynda uly ähmiýete eýedigini, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde ägirt uly hyzmatynyň bardygyna şaýatlyk edýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döredijilikli içeri we daşary syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Bu ýörelgeler bolsa gadymdan bäri türkmen halkyna mahsusdyr. Biz türkmen topragynda dürli milletleriň wekilleriniň bir uly agzybir maşgala ýaly bolup parahatçylykda, dostlukda hem-de ylalaşykda ýaşaýandygyna guwanmaga haklydyrys. Bagtyýar zaman täze obasy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu gün bu ýerde jaý toýlaryny tutýan köpsanly ýaşaýjylaryň arasynda özbek maşgalalarynyň hem ençemesi bar. Bu ýerde milli Liderimiz ýokarda ady agzalan maslahata gatnaşyjylar bilen söhbetdeş boldy. Olar türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi hem-de häzirki dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. GDA agza ýurtlardan bolan myhmanlar, ýurdumyzda, şol sanda adamlaryň bagtyýar ýaşamagy üçin hemme şertler döredilýän obalarda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmelere uly baha berdiler. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň obany düýpli özgertmäge, geljege niýetlenen degişli düzümleri ösdürmäge aýratyn üns berilýän Türkmenistanda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn milli maksatnamalaryň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Soňra döwlet Baştutanymyz tanyşlygyny dowam edip, öýleriň birine baryp gördi, ol ýerde özbek maşgalasy jaý toýuny tutýar. Bu ýerde milli Liderimizi täze jaýyň bagtyýar eýeleri güler ýüz bilen garşylaýar. Olar üçin hem bu gün ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Bu ýerde öýe täze gelniň gelmegi bilen baglanyşykly däp-dessurlar görkezildi. Milli Liderimiz oba ýaşaýjylaryny jaý toýlary bilen gutlap, olaryň nähili ýerleşendigi, öýüň otaglarynyň ýerleşişi we enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Ýaşaýjylar oba adamlaryna häzirki döwrüň ähli abadançylyklarynyň elýeterli bolmagy ugrunda yzygiderli edýän aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyklaryny beýan etdiler. Milli Liderimiz döwletimiziň geljekde hem obanyň ýaşaýyş-durmuş hem-de ykdysady düzümini döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge aýratyn üns berjekdigini nygtap, öý eýeleri bilen hoşlaşdy, olara bagtly maşgala durmuşyny arzuw etdi. Şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz täze öýüň eýelerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz myhmansöýer öý eýeleri bilen hoşlaşyp, Bagtyýar zaman obasynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşlygyny dowam etdi. Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz oba dükanyna baryp gördi. Bu ýerde alyjylara harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Mahlasy, häzirki wagtda oba ýerlerinde şäherdäkilerden birjik-de pes durmaýan döwrebap söwda we hyzmatlar ulgamy döredilýär. Dükanlaryň tekjeleri harytlardan doly, bu ýerde islendik wagt ýokary hillli dürli azyk önümleri bolan çörek hem-de çörek önümlerini, unaş we et, süýt önümlerini, ter gök, miwe, bakja önümlerini, miwe suwlaryny we beýlekileri alyp bolýar. Özi hem bularyň hemmesi ýerli telekeçiler we kärendeçiler tarapyndan öndürilendir. Milli Liderimiz dükany synlap, satyjylardan ilata hödürlenilýän önümleriň görnüşleri bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistanyň, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň ýokary hilli azyk önümlerini we halkyň sarp edýän dürli harytlaryny öndürmek üçin uly kuwwata eýedigini belläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde haryt bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen döwletimiziň mundan beýläk hem ähli çäreleri görjekdigini nygtady. Soňra döwlet Baştutanymyz täze obada gurlan, 240 orunlyk döwrebap çagalar bagyna baryp gördi. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy körpeler şatlyk-şagalaň, şadyýan aýdymlar, tanslar we goşgular bilen garşyladylar. Çagalar bagynyň işgärleri hem hormatly Prezidentimizi mähirli mübäreklediler. Bu ýerde ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, çagalaryň sazlaşykly ösmegi, boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Mekdebe çenli ýaşlylaryň täze edarasynyň iki gatly binasynda çagalaryň döredijiligi üçin niýetlenen giň otaglar bolan toparlaryň 12-si ýerleşýär. Olar oňaýly mebel, döwrebap tehniki enjamlar hem-de zerur bilim serişdeleri, ýagty we amatly ýatakhanalar bilen üpjün edildi. Lingafon we kompýuter otaglarynyň ikisi, aýdym-saz otagy we çagalar üçin niýetlenen trenažýorlar bilen enjamlaşdyrylan sport zaly körpeleriň ygtyýaryndadyr. Körpeleriň beden taýdan sagdyn bolmagy, açyk howada oýunlar bilen meşgullanmagy üçin çagalar bagynyň abadanlaşdyrylan çäginde eýwanlaryň 12-si guruldy, bu ýerde oýun meýdançalary, açyk suwda ýüzülýän howuz hem bar. Şeýle hem döwrebap enjamlaşdyrylan lukmançylyk otagy hereket edýär. Bu ýerde beýleki degişli desgalaryň birnäçesi, şol sanda zerur tehnikalar bilen üpjün edilen aşhana we kir ýuwulýan otag bar. Çagalar bagy şeýle hem özbaşdak energiýa, suw we ýylylyk üpjünçilik ulgamlary bilen hem enjamlaşdyryldy. Çagalar bagy bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz onuň işgärleri bilen söhbetdeşlikde bu ýerde döredilen şertler, mekdep ýaşyna çenli edaranyň üpjünçiligi we döwrebap interaktiw tehnologiýalar bilen gyzyklandy. Şol tehnologiýalar bolsa çagalarda dürli ukyp-başarnygyň, döredijilik pikirlenmesiniň ösmegi üçin ulanylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz okuw we terbiýeçilik işinde gadymy milli däp–dessurlarymyza mahsus bolan öňdebaryjy usullaryň utgaşykly ulanylmagynyň wajypdygyny belledi. Çagalar bagynyň işgärleri milli Liderimize ösüp gelýän ýaş nesil barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Döwlet Baştutanymyz körpeler bilen hem söhbetdeş bolup, olardan bu ýerde meşgullanmagyň özlerinde galdyran täsirleri barada sorady. Bu ajaýyp çagalar bagyny sowgat alan körpeler milli Liderimiziň sowalyna uly höwes bilen jogap berdiler. Soňra döwlet Baştutanymyz täze obanyň açylmagy mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bagtyýar zaman obasynda iki gatly, 500 okuwça niýetlenen döwrebap mekdep hem guruldy. Onda başlangyç synplar üçin hem-de dürli dersleri öwrenmek üçin otaglar ýerleşýär. Olaryň ählisi multimediýa tehnologiýalary, interaktiw we beýleki ýörite enjamlar, mowzuklaýyn görkezme esbaplary bilen üpjün edildi. Daşary ýurt dillerini öwrenmek hem-de kompýuter sowatlylygynyň endiklerini ele almak üçin lingafon we kompýuter otaglary, kitaphana, 160 orunlyk mejlisler zaly, degişli enjamlar bilen üpjün edilen sport zaly, 180 orunlyk naharhana bar. Mundan başga-da, binanyň golaýynda futbol meýdançaly hem-de ylgaw ýodajykly, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda tennis, basketbol we woleýbol bilen meşgullanmak üçin meýdançaly açyk görnüşli tutuş sport toplumy ýerleşýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde oba ýaşlarynyň ýokary hilli, döwrüň talabyna laýyk bilim almagy, ruhy taýdan baý hem-de beden taýdan sagdyn ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Täze mekdep özbaşdak durmuş üpjünçilik ulgamlary bilen üpjün edildi. Oňa ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Soňra hormatly Prezidentimiz Bagtyýar zaman obasynyň seýilgäh zolagyna tarap ugrady. Bu zolak üçin ýörite ýer bölegi bölünip berlipdir. Bu ýerde ýoluň bütin dowamynda bezelen ak öýler dikilipdir, döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa dabara ajaýyp öwüşgin çaýdy. Obadaky seýilgähde milli Liderimiz ilkinji ýaş agaç nahalyny oturdyp, seýilgähiň düýbüniň tutulmagyna badalga berdi. Bu asylly işde döwlet Baştutanymyzyň göreldesine dabara gatnaşyjylaryň hemmesi, şol sanda daşary ýurtly myhmanlar hem ruhubelentlik hem-de uly höwes bilen goşuldylar. Birnäçe wagtdan soň, agaç nahallary boý alyp, şu gün düýbi tutulan seýilgäh oba adamlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüler. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan ruhy medeni gymmatlyklara baý ülkedir” atly Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň—Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary K.Jusupbekow bilen söhbetdeş boldy. Myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan iri möçberli özgertmelere ýokary baha berip, türkmen halkynyň şöhratly wakalara baý taryhyny öwrenmäge, onuň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamaga we dünýäde wagyz etmäge, ylmy barlaglary işjeňleşdirmäge, olara beýleki ýurtlardan öňdebaryjy hünärmenleri çekmäge ýardam berýän işleriň ornuny aýratyn belledi. Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan ählumumy parahatçylyga we ösüşe gönükdirilen oňyn daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen dünýäniň dürli ýurtlary hem-de iri halkara guramalary bilen giň möçberli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Biziň döwletimiz GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde Arkalaşygyň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklar ugrunda çykyş edip, häzirki zaman ýagdaýlaryny we geljegi nazara almak bilen, oňyn aragatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge täze anyk çemeleşmeleriň başyny başlap, açyk we deňhukukly gepleşiklere özüniň gyzyklanma bildirýändigini iş ýüzünde tassyklaýar. Türkmenistan öz gatnaşyklaryny Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen we umuman, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mäkäm binýadynda, özara hormat goýmagyň uzakmöhletli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde gurap, Arkalaşygyň howandarlygynda dürli çärelere yzygiderli gatnaşýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz GDA-nyň möhüm duşuşyklaryny we forumlaryny yzygiderli kabul edýär. Muňa 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty bolup durýan Daşoguzda degişli maksatnamanyň çäklerinde geçirilýän çäreler aýdyň subutnamadyr. Bu hormatly derejä laýyk çäreleriň geçirilmegi GDA-nyň ugry boýunça özara peýdaly ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň myhmanlaryny türkmen halkynyň gadymy taryhy we medeniýeti, häzirki zaman Türkmenistan hem-de onuň uly syýahatçylyk kuwwaty bilen tanyşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, 2012-nji ýylda GDA-da Türkmenistanyň başlyklyk eden ýylynda Arkalaşygyň medeni paýtagty derejesiniň Mary şäherine berlendigi bellärliklidir. Şonda şäher öz üstüne ýüklenen wezipä abraý bilen hötde geldi. Bularyň ählisi ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli ösdürilýän, ynanyşmak we açyklyk ýörelgelerinde ýola goýulýan Türkmenistan bilen GDA-nyň arasyndaky özara hereketleriň netijeli häsiýetiniň ajaýyp subutnamasy bolup durýar. Däp bolan bu dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy —Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew hem uly goşant goşýar. Halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň adyndan GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň—Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary K.Jusupbekow bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu günki dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara we oba adamlaryna ýene-de bir gezek bagt we maşgala abadançylygyny arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. Şeýlelikde, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk baýramy bellenilýän ýylda täze Bagtyýar zaman obasynyň açylmagy hakyky şanly waka öwrülip, parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir ajaýyp sahypany ýazdy. Şu gün Daşoguz welaýatyna iş saparyny tamamlap, döwlet Baştutanymyz Aşgabada gaýdyp geldi.

Köneler, Atamyrat2015 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir