1883-nji ýylda esaslandyrylan Londondaky «Royal Сollege of Musiс», ýagny şalyk sazçylyk kolleji häzirki wagtda dünýäniň iň abraýly konserwatoriýasy hasaplanylýar. Bu okuw mekdebiniň sazçylyk sungaty boýunça alymlary ýetişdirmekde örän uly tejribesi bar. Şeýle-de bu konserwatoriýa okuwa girmek örän ýiti zehini we ýyllaryň tejribesini talap edýär. Emma muňa garamazdan, 8 ýaşly Jeýms Dandas onuň synaglaryny üstünlikli tabşyrmagy başardy. Öz boýy bilen barabar fagoty çalmagy öwrenmezden ozal, Jeýms pianino we skripka çalýardy hem-de öz şäherindäki çagalaryň milli orkestrinde çykyş edýärdi. Haçan-da gyz dogany Lýusiniň fagot çalşyny synlanyndan soňra bolsa, ol muny öwrenmegi ýüregine düwdi. Häzirki wagtda Jeýms Dandes konserwatoriýanyň üflenip çalynýan saz gurallaryndan düzülen orkestrinde fagot çalýar. «Beýle kiçi ýaşda biziň konserwatoriýamyzyň talyby bolmak örän geň galdyryjy ýagday. Onuň fagot çalşy düýbünden başgaça. Meniň pikirimçe, onuň fagotda üstünlik gazanmagyna pianino we skripka çalyp bilmegi hem peýda etdimikä diýýärin. Emma fagot tüýs Jeýmsiň saz guraly. Bu başarnyk oňa tebigy berlipdir» diýip, sazçylyk kollejiniň müdiri aýdýar.

Köneler, Adiz tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir