Zhang Sinýang 10 ýaşynda ýokary okuw mekdebine girip, ony 13 ýaşynda tamamlaýar. Ol özüniň magistrlik dissertasiýasyny üstünlikli gorap, 16 ýaşynda, ýagny häzirki wagtda Pekiniň Aeronawtika uniwersitetinde matematika ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini almaga dalaş edýär. Heniz 10 ýaşynda ýokary bilim almaga başlansoň, ony ilkibada ýokary okuw mekdebine ejesi we kakasy gatnadýar. Soňabaka onuň özi gatnap başlaýar. O1 häzirki wagtda «Hytaýyň alymlyga iň ýaş dalaşgäri» diýlip atlandyrylýar. Häzir dünýäniň iň ýaş alymy amerikaly Alia Sabur bolup, ol kandidatlyk derejesini 18 ýaşynda alýar. Şeýle ýiti zehinlileriň hatarynda Grigori Smit hem bar. O1 14 ýaşynda kandidatlyk dissertasiýasyny ýazmaga başlap, öňdäki orunlary eýeleýär. 2008-nji ýylda bolsa 17 ýaşly Horatio Beodihardjo matematika ylymlarynyň kandidaty derejesini almak üçin Oksford uniwersitetinde оkар başlayar. «Sen öz deň-duşlaryň bilen mekdebe gatnamaýandygyňa, olar bilen mekdep ýyllaryny geçirmeýändigiňe ökünýärmiň?» diýlip soralanda, ol «Men diňe deň-duşlarym bilen ýokary okuw mekdebine giriş synagyna gatnaşmagyň berýän tolgunmak duýgusyny duýmandygyma gynanýaryn» diýip jogap berýär.

Köneler, Adiz tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir