hudaýyň beren her bir güni, saňa millionlarça täze mümkinçilikler açýar. her täze gün, saňa durmuşy täzeden başlamaga umyt döredýär. dördünji gezek diýeta oturmaly, seni gereklemeýän adamlardan gaçmaly. özüňe täze güýmenje tapmaly, daşary ýurt dilini öwrenmeli ýa-da peýdaly kitaplary okap başlamaly. gorkman adamlaryň ýüzüne olar barada edýän pikiriňi aýtmaly, dost tapynmaly, haýsy hem bolsa bir kružoga ýazylmaly. çilimi taşlamaly, arak içmäni goýmaly. sporta başlamaly. her gün etmeli, tapawudy ýok hepdäniň haýsy güni – duşenbe ýa-da ýekşenbe. bular seniň parh bermän, tükeniksiz ertir-ertir bilen sypdyrýan örän oňat mümkinçilikleriň ahyry. aňkasy aşan ýaly, hiç zat bilen gyzyklanmaýan adam bolup gezip ýörmegiň manysy ýok. bu dünýäde şeýle bir gyzykly, şeýle bir gözel zatlar köp, hatda sen olaryň köpüsini gören hem dälsiň, olar barada eşiden hem dälsiň. ahyry, öz niýet eden, arzuw eden işiňi amal et. men ony oňarmaryn diýip özüňi aldamany, niýetiňden ýüz döndermegiňi bes et! beýlekiler hem haçan-da bolsa bir gün başlandyrlar. bu näme, seniň üçin görelde dälmi eýsem? gözellige ymtyl, ol hem bir gün seni tapar! terjime eden kakamyrat geldiýew.