obanyň adamlary öz aralarynda anatoliý ýakowlewiň adyny “tentek” diýip tutýardylar. lakam kemi ýok, gaty görseň görübermeli. onuň ogly waska-da mekdepde “tentek”diýýärler, ol entek çaga, goý diýsinler. sapagyňdan gaçyp ýörseň, ýylyň- ýylyna klasyňdan galsaň ýosa-da diýerler. kakasy bolsa ullakan, salykatly adam. şeýle-de bolsa ýaman söz oňa-da ýelmeşdi oturyberdi. indi etjek alajyň ýok: bir öýda tentek. iň bolmanda aýalyna näme gerek: bir gün gaharyna käýinip durka, kellesiniň gyzgynyna oňa “tentek” diýdi. anatoliýniň kakyny tutdy, aýalynyň dulugyna ýurugy bilen doňduryp goýberdi, ýene-de öz eden etmişinden özi gorkdy, ol uzak wagtlap örän mylaýymlyk bilen özüniň tentek däldigini, “tentek” diýip diňe okasy gelmän, mugallymlara görgi bolup ýören kelesaň, ulalyp- oňalman geçene diýmelidigini düşündirdi. “nireden tentek bolýan mähribanym, bahym men kyrk ýaşaýan ahyryn! düşinýärmiň?.. meniň mähirlijäm, meniň gök gözlijäm... küljümek ergine ezilen pagtany ýapmaly boljak gözüňe ezizim. satyn alaýynmy?”. şeýdip kişini “tenteklik” bilen soňky hetdine ýetirdiler, ol gaharyna raýon merkezine gaýytdy we uniwermagdan şlýapa satyn aldy. dogrusy, ol öňden bäri şlýapa almanyň kül- küline düşip ýördi. haçan-da her gezek şähere gidende, ol hökman şlýapa satylýan dükana girip, ol ýerde uzak wagtlap güýmener durardy. şlýapa satyn alasy gelýärdi. ýöne... puly bolmanlygy üçin däl-de, satyn almadan çekinýärdi. obanyň adamlary hiç ýerde bolup görmändiler, şlýapanyň nämedigini bilmeýärdiler, üstüňden gülmekleri mümkindi. anatoliý welin bäş ýyllap demirgazykda meýletin işläp geldi, pasport düzgünini bozanlygy üçin iki ýyl türmede oturdy, ol durmuşda köp zady gördi, şonuň üçin ol bilýär: şlýapa akylly adamlaryň bezegi. onuň üstesine-de, şlýapa onuň tegelek ýüzine has-da gelşik berýärdi. haçan-da ol kellesine şlýapa geýende, medeniýetli hytaýla meňzeýärdi. demirgazykda, tomusuna ol hökman şlýapa geýýärdi. şlýapa geýýänine buýsanýardy, hatda hytaýça gürläberesi gelýärdi. bu sapar, anatoliý şähere gaýdanda, onuň gahary çendenaşady, ýöne şeýlede bolsa özüni töweregiň pyňkyryşmalaryndan goraýan adamdan bolup, kişi sylagyna mynasyp şahs höküminde, parahatlyk bilen dükana girip, özüne şlýapa satyn aldy. bir geňsi, töwerejigi lentalyja, ýörite barmajyklaryň bilen tutar ýaly, depesindäki uzaboýly çukurjygy bilen. ol prilawkaň öňünde durup olaryň niçesini kellesine geýip gördi. emaý bilen şlýapany barmaklarynyň arasyna alýar-da, esewanlyk bilen “pamyjagyny” kellesine geýdirýär, soňra tegelek aýnaň öňünde durup özüne syn edýär. ýaş satyjy gelin, solgun ýüzini çytyp, oňa igendi: -näme, gelinlik saýlaýaňmy. ýöne saýlady durdy, ýöne saýlady durdy, hatda meniň ýüregim bulanyp başlady. anatoliý sypanjyrap durşyna, pişesinden ünsini sowman, hiç zat bolmadyk ýaly satyjyň jogabyny berdi: -gije gara basdymy? satyjy gyz düşünmedi. anatoliý ýene-de birki sany “medeniýetiň özenini” (ol öz ýanyndan şlýapalary şeýle atlandyrýardy) kellesine geýip gördi, atlas içliklerini sypalady, eýlesinden seretdi, beýlesinden seretdi, ahyryn birisini gapdala goýdy-da, satyjy geline ýüzlendi: -gelinligi, meniň gadyrdanym, saýlamasaň hem bolýar, netijesi belli. palak çykýar. şlýapa bolsa adamyň dowamydyr. adamy adam edýän zatdyr. şonuň üçin hem men ony saýlaýan. düşnüklimi? dolaň,- anatoliý özüniň inçeden akylly sözleri bilen, gyzma satyjyny geplemez ýaly edenine monça boldy. şlýapany satyn alyp, anatoliý özüni beýgelen ýaly duýdy, içi şlýapaly gapyrjagyny eline alandan soň, ýeňsesinden itergi berilen ýaly, ýeňillik bilen gapa tarap ýöneldi. ol işigiň agzyna gelip itenekleşmedi, alňasaklamady,mertebesini ýitirmedi, adamlar topary bilen, biri birini itekleşip işikden çykýançalar, artykmaçlyk edip garaşdy, diňe şondan soň daşyna çykdy. “biri- birini iýäýjekdä bular,- diýip, ol haýdaşyp barýan adamlara seredip pikir etdi.- nirä gyssanýaňyz? biri-biriňiz bilen üýrüşýäňiz. näme däldireşýäňiz? käýýeşmeli hem arak içmelimi? ýetişersiňiz! nirä ýüregiňiz ýarylyp barýar”? ol ýol ugura mebel satylýan dükana girip etažerke satyn aldy. awtobusdan düşeninden soň, anatoliý gyssanman öýüne ugrady: elinde etežerka hallan atýar, kellesi şlýapaly. özi hem sersag. ol ötegçileriň özüne geň galma bilen seredişýänlerini aňdy, onuň bu ýagdaýdan göwni suw içdi. “näme, dişiňiz ötmeýärmi? göribilmedigiň gözi çyksyn. ýogsa diliňiz bilen adam döwmeli bolsaňyz, siziň baryňyz ilden ileri, sensasiýa görseňiz welin topuňyz atylýar. adama at dakmaly bolsa iki paý berilen ýaly. şlýapany gördüňiz-de doňup galaýdyňyzmy? sombrero geýen bolsam näme ederdiňiz? guşajygyny äňime daňyp orta çyksam?” şlýapa anatoliň aýalynda uly täsir galdyrdy: görgülijik gülmeýärdi, at kimin kişňeýärdi. anatoliý ilki bilen ýanýoldaşy däldirändir öýütdi. aýaly gülkiň arasynda zordan iki agyz söz aýdyp bildi: -wah öldüm-le!.. -ölseň jaýlarys,- diýip anatoliý etajerkany krowatyň baş ujynda ýerleşdirip durka, takatlyk bilen jogap berdi. ol ähli hereketleri bilen özüniň intelligent adamdygyny görkezmäge çalyşýardy. -sen näme däldirediňmi?- diýip aýaly köşeşenden soň sorady. -näme boldy? -sen ony näme üçin satyn aldyň? -kelläme geýmek üçin. -seniň papagyň bar ahyryn! -papagy size peşgeş berýärin, meniň merhemetlim, sygyr ýataga gideňizde geýersiňiz. -paňkelläň biri diýsänim. ol saňa asla gelişmeýär ahyryn. bilýärmiň näme: çagalar üçin gijesine gerek bolýan gorşogy kädä geýdiren ýaly. anatoliý gözüni süzip aýalyna seretdi... ýöne özüniň intellligent adamdygy ýadyna düşip, sesini çykarmady. -sen kimdirin öýüdýärsiň özüňe, şlýapa geýer ýaly?- diýip aýaly ýeň bermedi. – utanmaýarmyň? saňa, dogrusyny aýtsam, slesarlyga däl, malyň tezegini syryp aýyrmany hem ynanyp boljak däl, sen bolsa şlýapa geýen bolupsyň. akylyňdan azaşdyňmy. anatoliý türmede ullanylýan gödek sözlere beletdi, gerek bolan wagty söz gysgançlygy ýokdy. -eý sen çatma. häzir almytyňy alarsyň, iki gözüň arasyna ýumrugym bilen ýelmäp goýbersem, olaryň hersi bir ýana sereder. ýelmemelimi. -bar- bar ,oba bir görün. görgülijik, kanagatyň ýetýän däldir seniň, görýänä men. hemmeler üstüňden güler!.. -goý gülsinler. gülerler, ahyry öz üstlerinden gülerler. şu sözler bilen anatoliý öýünden çykdy. dogrusy, şlýapany adam köpçüligine görkezmäge onuň kanagaty hakykatdanam gutardy diýen ýalydy, hatda olaryň eli arassasyna ony saklap görmäge rugsat hem berjekdi. ol derýanyň kenaryna tarap gitdi, ol ýerde dynç günleri balyk tutmany gowy görýän obadaşlary, ikiläp- üçläp irkilişip durardylar. şlýapany görüp her kim bir zat diýdi: kim güldi, kim gowy diýdi- “gözüňi gün şöhlesinden goraýar”... beýleki biri bolsa asla gürlemedi: şlýapadyr-da, görmedik zady däl, alahekegiň höwürtgesi däl ahyryn. olaryň diňe birisi... dogrusy, birinji nobatda anatoliý şoňa görünmekçidi. ol, obanyň mekdebinde edebiýat mugallymy bolup işleýärdi, biderek, jontujak misginsokar adamdy. ýanyp duran, hemişe gülýän şeýtan gözleri bardy. ýaňsylaman bir söz hem aýdyp bilmeýärdi. anatoliý şonuň kömegi bilen “tentek” bolan bolmagy hem ähtimaldy. günlerde bir gün olaryň sözleri azaşdy. anatoliý ýene-de iki sany ýoldaşy bilen mekdepde tok geçirijini täzeden çekmekligi potratyna aldylar (öňküsi könelip, daşy soýulupdyr). ol mugallymlar otagyna elektrik symyny geçirip duran wagty, şol keltejik boýly gelip anatoliýden haýyş etdi: -symyň bir ujyny aşaklygyna goýberseňizläň: bu ýerde stoluň üstünde goýulýan lampa durmaly. -hiç- hili stoluň üstünde goýulýan lampa bolmaz,- diýip anatoliý ýüzüniň ugruna onuň jogabyny berdi. –öň nähili bolan bolsa, şol hili hem bolar – köne ugry boýunça geçirýäris. -könäni ýatyrdylar. -haçan? -on ýedinji ýylda. onuň bu sözlerine anatoliniň jyny atlandy. -hany sen diňle.., sen näme gereginden artyk akyllymy? -orta gürpräk bar. nämeden soradyň? -sebäbi bu ýerde akyl satmaly däl. düşündiňmi? maňa seniň köpbilmiş bolgusyzlygyň gerek däl. -bolma diýseň bolmaryn.- diýip ol ylalaşdy. soňra, ussatlyk bilen symyň bir ujuny umumy liniýa birikdirip, beýleki ujuny bolsa aşaklygyna goýberdi-de, ujyna rozetka dakdy. anatoliý mugallym işini edip bolýança şol tarapa seretmedi. haçanda ol eden işinden göwni hoş çykyp gidenden soň, anatoliý rozetkany goparyp aýyrdy-da, symyň beýleki ujuny üzdi. şondan soň olar tersleşdiler. anatoliý, “islän zadyňy etmeli diýilýän zat ýok, öň nä hili bolan bolsa, şol hili hem bolar. düşnüklimi?” diýip gygyrdy. mugallym bolsa, “men şu stoluň üstünde düşnükli bolar ýaly etjek bolýaryn. siz näme üçin hyýanatçylyk edýärsiňiz?”- diýdi. “sebäbi... bilýäňizmi näme?.. siz meniň üstüme herrelmäň, siz ýalylary biz köp gördik. şeýle bir akylly köpelipdir, ne eýläk geçip bolýar, ne-de beýläk.” anatoliý näme üçindir mugallymy halamady. öz boluşyna onuň özi hem düşünmeýärdi. ýogsa mugallym örän usully gürleýärdi, adamyň göwnüne degesi gelmeýärdi. her gezek ýolda anatoliý oňa gabat gelende, mugallymyň ilki özi, sypaýyçylyk bilen salamlaşýardy... we göni onuň gözüne seredýärdi. göni we keýp edip... ine, onuň gözleri bolmagy ahmal, oňa ýaramaýan zat. bet niýetli gözler! ýok, anatoliý ýalňyşmaýar, “tentegi” oba ýaýradan hut şol adam bolmaly. mugallym suwa batan agajyň uly şahasynda oturup, çeňňegini elinden goýbermän, suwuň ýüzünde gaýmalaýan galtgasyna seredýärdi. ol ädim sesine tarap seretdi, tizden salamlaşdy we... (tötänden eden bolmagy ahmal), ýene-de öz galtgasyna tarap öwrildi... soňra ýene-de ýüzüni bärik öwürdi. anatoliý oňa ýokardan, kenardan seredýärdi... gözüni aýyrman, dikanlap, dözümsizlik bilen... -salam!- mugallym salamlaşdy, -suwuň ýüzünde ullakan zadyň kölegesi emele gelen eken, ünis hem bermändirin. näme-kä diýsem, ullakan şlýapanyň sudury eken. örän oňat şlýapa. nireden satyn aldyňyz? -şäherden,- anatoliý mugallymyň labyzly äheňini tutdy, göz- görtele parahat äheňini. ol, ýedi derýanyň suwuny içen “alym” mugallyma özüniň hem ýöne adam däldigini, onuň hem akylynyň gaty daşy ýarýandygyny görkezmekçi boldy- “görseň, bu adamlar diňe bir elektrik symyny geçirmän, eýsem medeniýetiň nämedigini hem bilýändir.” –ýaraýarmy? -kaşaň şlýapa! anatoliý kenardan aşak indi, agajyň ýanyna geldi we kiçeňräk şahada dyzyny epdi. -çeňňege balyk gelýärmi? -kynlyk bilen. bular ýaly şlýapanyň bahasy näçe? -gymmat. -hm-m... onda näme, ony aýap saklamaly bolar. agşam, ýatmankaň gazede dolamaly. setka salyp, diwardan asyp goýmaly. bolmasa gyralary ýemşerer,- mugallym gyýtaklap, anatoliýa we onuň şlýapasyna seretdi, onuň keýpiniň gelýäni bildirýärdi. -maslahatyň üçin sag bol. ýöne gyşarlan bolup seretmäň näme? hä? -o näme diýdigiň?- mugallym düşünmedi. -ine şu gyşyk seretmeleriň... näme üçin? adamyň ýüzine göni seretmeli—açyk we päk ýürek bilen. adamlara gyňyrylmagyn. gowy zat däldir. -howa-a... saňa-da sag bol maslahatyň üçin, akylyň üçin. indi gaýtalamaryn. şeýle-e... kä bir halatlarda näme üçindir, adamlara gyşyk seredesiň gelýär, men-ä düşünip bilemok. -bu boluşyň adam sylamazlyk bolýar. -örän dogry. tertipsizlik! öwrediber özüňi alyp barmanyň, edepliligiň düzgünini, beriber terbiýäň bolsa.., hä boldumy... men hem intelligent—ýöne birinji arka-da. sag boluň, örän minnetdar. -edepliligiň düzgünini diýdiňmi? -hawa. hä, näme? -olar ýaly düzgüni öwrenip hem bolýarmy? -öwrenip bolýar. -misginsokarlygy hem öwrenip bolýarmyka? -ýok- ýok... ony hiç kime öwredip bolýan däldir. diňe hudaý tarapyýn. diňe berilen bolmaly. zehinlik diýiň-de düşünäýiň. -çeňňege balyk düşdi! mugallym çeňňegi çekdi... boş eken. mugallym ünsini bölmejek boldy: -ownuk balyklar-la. -muliler. -näme? -bular ýaly ownuk balyga, bizde mulişkalar diýilýär. mul diýip atlandyrylýan balyjaklar bar. kinniwanja... siz kitap okap oturandan, eliňiz çeňňekli şu ýerde balyk tutup oturmany maksada laýyk görýärsiňizmi? -goýsana!.. kitap okamadan bizar. kelläň çişip gidýär. okaýarsyň, okaýarsyň... arasynda pikir etmek hem gerekdir-ä. zyýany ýetmez. dogrumy ýa-da ýok. - pikiriň haýsy tarapa agdyklyk edýänine seretmeli. mysal üçin uzakly gün özüňe zor salyp pikir edip oturýarsyň, soňundan bolsa, görüp otursaň sen dükan talamak hakda pikir eden ekeniň. ýa-da bolmasa, bolmanda nädip gaýyn eneňe ýamanlyk edip bolarka diýen pikir. mugallym güldi. -ýok. şlýapaly kellä bular ýaly pikirler girmeýär. şlýapa, biler bolsaňyz, adamyň akylyny bir ýere jemleýär. siziň gaýyn ene baradaky pikiriňiz näme-de bolsa bir neme gödegiräk bolýar, bir zatdan göwnüňiz galan ýaly. -siz häzir mäme hakda pikir edýärsiňiz? eliňiz çeňňekli... -her dürli zatlar kelläňe gelýär. -näme-de bolsa bir zat... -mysal üçin kelläme aýlaýaryn, nädip... ýogsa-da, siz näçe ýaşyňyzda?- mugallym birden ýyrşaryp oňa seretdi. anatoliň aňyna näme üçindir “tentek” geldi. -kyrk ýaşadym. nämeden soradyň? -men hem kyrk ýaşadym. siz häzir köwşüňizi zyňyp, eginiňizdäkini çykaryp, şol durşuňyza-da obanyň içinden geçip bilersiňizmi? hä? anatoliý dişini gysdy... bir salym dymyp durdy, soňundan özüne zor salyp ýylgyrdy. -ýok, islemeýärin. -onda onuň ýaly pikirli meniň bir özüm eken... öýde oturýan we çynym bilen pikirini edýärin: häzir obanyň içinden aýak ýalaňaç ýöräp geçseň!- mugallym tüýs ýürekden janygyp aýtdy.- gör nähili oňat bolardy. ýöne welin geçip bilmersiň. belanyň sapyny! -hawa... anatoliniň sesi gümürtik çykdy. aýagynyň astyndaky ownuk daşdan birnäçesini eline aldy, suwa zyňjak boldy, ýöne mugallymyň çeňňegi ýadyna düşip, elinde oýnady-da, ýene-de ýerinde goýdy. näme üçindir: -şeýle- şeýle- şeýle... –diýdi. -gadyrdan,- mugallym çyny bilen oňa ýüzlendi,- geliň häzir, köwşümizi çykaryp taşlalyň, egnimizdäki köýneklerimizi çykaryp aýyralyň-da oba gideliň. çörek ursun, men dogrymy aýdýaryn! bile gideliň. meniň bir özüm ýürek edip gidip biljek däl. iki bolup kerem ara gürleşer bararys, bir adama-da üns bermeris. siz hatda şlýapaňyzy-da çykarman gidiň! anatoliý ýasy çekgelerini oýnadyp ýerinden turdy. -onuň ýaly bolsa, geliň onda balaklarymyzy hem çykaralyň. ýogsa örän yssy. -duruň, duruň, siz maňa düşünmediňiz... -hemme zat düşnükli, gadyrly ýoldaş, hemme zat düşnükli. pikir etmäňizi dowam etdiriberiň... şol ugura tarap. anatoliý kenaryň ýakasy bilen haýdap ýöräp ugrady. bäş- on ädim geçip aýak çekdi, şlýapasyny çykardy, susup suw aldy we doýýança içdi. şlýapasyny silkdi, kellesine geýdi we ýoluny dowam etdirdi. gaýdyp mugallyma tarap seretmedi. özbaşyna, gaýgysyz- gamsyz aýdyma hiňlendi: menzilläp ýol geçsem-de, düşünjäm sen, oýym sen. tentek hyýal azaşsa-da, niýetim sen, obam sen... ol bir salym dymdy, soňra özi eşider ýaly: -oýnatgyňyzy başga ýerden gözläň.topuňyz atylsynda siziň baryňyzyň.- diýdi. terjime eden kakamyrat geldiýew.