(I bölüm) 1. Mäkäm ynanç alada-ünjileri gidirer, gaýgy-gamlary aýrar. Bu duýgy kämil ynsanyň göz guwanjy we köňülleriň ynjalyk-tesellisidir. 2. Geçen geçdi, giden gitdi. Geçen zatlar hakda agyr oý-pikirlere çümme. Ol zatlar eýýäm sowuldy we sowady. Umytly geljegiňe üns ber! 3. Takdyryň üýtgewsizligine, paýlanyp berlen rysgyň saňa ýeterlik bolýandygyna, ähli zadyň takdyr esasynda hasyl bolýandygyna düşün we darygyp ýörmegiňi bes et. 4. Ýürekler Biribary ýatlamak bilen ynjalyk tapar. Ýagşylyk etmek bilen hatalar ýuwlar, günäler döküler. Gözel zadyň pikiri we zikiri bilen hak ryzasyny gazanyp bilersiň. Üstesine, hemişe Hakdan üzňe bolmazlyk, her halyna şükür edip gezmeklik gaýgy-dertlerden halas edýändir. 5. Diňe ýagşylyk et, emma bu ýagşylyklar üçin hiç kimseden hoşallyga, Taňryýalkasyna garaşma. Diňe kömek et, ýöne bu kömek üçin özgelerden nämedir bir zat tamakin bolma. Bribaryň berjek sogaby ýeterlikdir. Ýaramaz häsiýetlerden hemişe uzak bol. Gadyr bilmezlikden, göripçilikden, kine-kitüwden birjikde haýyr ýokdur, gaýta bu duýgular öz süňňüňi gemrip, dertli edip taşlar. 6. Ertire sag-aman çykan bolsaň, agşamyň aladalary bilen ýaşama. Şu günüň çäklerinde ýaşa. Ähli oý-pikiriňi şu günüňi ganymat geçirmeklige sarp et. 7. Gelýänçä, geljegi bir gyra goý we ertir üçin şu wagtdan endişe etme. Eger-de sen şu günüňi düzleseň, ertiriň öz-özi düzlener gider. 8. Ýüregiňi göriplikden arassala (päkle), kine-kitüwden tämizle. Kalbyňdan kineçilligi çykar we öýke edip ýörme – ýüregiňe gerekmejek ýük urma. 9. Ýagşy işiň gyrasynda görünmeýän adamlaryň golaýyna barma, ýaramazlardan üzňe bol. Olar bilen bolanyňdan öýüňde ýeke oturanyň ýegdir. Öz işiňe meşgul bol. Gereksiz ýere gerekmejek jemende bilen garym-gatym bolup ýörme. 10. Dostlaryň iň gowusy kitapdyr. Kitaplar bilen söhbetdeş bol, ylyma ýoldaş bol, bilim-düşünjä dost bol. 11. Älem düzgün-tertip esasynda bina boldy. Sen hem geýim-gejim, üst-baş, öý, iş stoluň we ýerine ýetirmeli wajyp işleriň babatda hemişe düzgün-tertibe eýer. 12. Äleme seýr et. Owazly baglara göz aýla, gezim et. Tebigatyň täsinliklerini synla we lezzet al. Gözellikden gözüň hem-de göwnüň gansyn. Oýlan, manysyna düşün. Şonda dünýäň giňelip, umyt yşyklary ýoluňy ýagtyldar.
Sahypa 8 years ago- *"Bagtly adamlaryň ýörelgesi" bolmaly, adynda ýalňyşlyk gidipdir, ýöne nädip düzetmelidigini bilemok.