Häzirki wagtda 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlarynyň geçrilmegine bütin ýurdumyz boýunça uly taýýarlyk işleri geçrilýär we Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamamlaýjy depginde alnyp barylýar. Aslynda, Aziýanyň iň ýokary derejeli sport ýaryşlarynyň biri bolan Aziýa oýunlaryny geçirmek hormatyna biziň Türkmenistan Watanymyzyň mynasyp bolmagy, biziň bagtyýar raýatlarymyz üçin uly buýsançdyr we uly bagtdyr, çünki beýle uly sport baýramçylygynyň geçirilmeginiň jogapkärçiligini her bir ýurt öz üstüne alyp bilmeýär. Ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine uly üns berilýär. V Aziýa oýunlarynyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistan döwletimiziň abraýyna abraý goşmak bilen, geljekde ýurdumyzda sportyň dürli görnüşleriniň ösmegine giň ýol açar. Şu ýylyň 5-nji maýynda ýurdumyzda hiç wagt ýatdan çykmajak, halkymyzy durmuşynda ilkinji gezek, ozal hiç mahal görülip-eşdilmedik taryhy waka bolup geçdi. Ýagny, şol gün «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ak pata bermeginde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 güniň galmagy mynasybetli tutuş ýurdumyzy gurşap aljak we paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda Aziada-2017-niň açylýan gününde tamamlanjak atly ýörüşe badalga berdi. Häzirki wagtda gadymy «Nusaý» galasyndan badalga alan atly ýörüş ýurdumyzyň Ahal welaýatynda uly ruhybelentlik bilen dowam edýär we şu ýylyň 7-nji maýynda Abadan etrabynda we 10-njy maýda bolsa Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Parzdepe taryhy ýadygärligine aýdym-sazlaryň belent joşgunda ýaňlanmagynda, milli däp-dessura laýyklykda oba ýaşaýjylary, il-sylagy ýaşulular tarapyndan duz-çörek bilen dabaraly garşylandy. Şol günüň ikinji ýarymynda atly ýörüşe gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň dogduk obasy we gadymy oguzlaryň şäheri bolan, ilkibaşdaky manysy boýunça «Oguzlaryň şäheri» diýen manyny aňladýan «Yzgant» obasynyň ýaşaýjylary tarapyndan we 20-nji maýda Gökdepe etrabynyň Garagumyň jümmüşinde ýerleşýän Derweze obasynda uly dabara bilen gyzgyn garşy alyndy. Gadymy «Nusaý» galasyndan badalga alan atly ýörüş bu gün uly buýsanç, uly şatlyk bilen dowam edýär. Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago


Teswir ýazmak üçin Içeri gir