Her gezek daşary ýurda bolan sapar-syýahatdan soňra, käbir tanyş-bilişlerimiň ilkinji soraýan zatlarynyň biri “Onsoň, sizi aňyrda garşy alyşlary nähili?” diýen sowaldy. Her gezek hem aýratyn joşup, gürrüň berere zadyň juda kändigine garamazdan, ýüregiň töründen çykýan we hemişe gaýtalaýan bir sözüm şu makalamyň sözbaşysy bolup dur: “Örän gowy, ýurdumyzyň abraýy juda beýik”. Ýurt abraýy ýurduň ähli raýatyna täsir edýär. Tapawudy ýok, daşary ýurda syýahat maksady bilen git, okuw ýa iş bähbidi bilen git, bir döwletden otly ýa uçar bilen üstaşyr ötmeli bol, ýurdumyzyň, döwletimiziň ady agzalandan, hoşamaýlyk bilen baş atýan, höwesjeň göwni bilen söz gatýan, bilesigeliji nazary bilen bakýan adamlara gabat gelip bolýar. Bu aýdyň hakykat – ýurdumyzyň, berkarar döwletimiziň abraýy örän beýik. Şol beýiklik hem bu topragy söýüp-sylaýan her bir raýatyň buýsanjyna mertebe goşýar. Barha yhlasyňa daýanyp, gije-gündiz diýmän Watan bähbidi üçin zähmet çekmeklige höweslendirýär. Beýik işlere badalga we ylham berýär. Bu beýikligiň sakasynda halkymyzy bagtyýarlyk bilen gurşan Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli we pähim-paýhasa ýugrulan beýik tagallalary, aýdyň maksatlary dur. Gün-günden gözelleşýän abadan döwletimiz bu gün syýasatçylaryňam, jahankeşde syýahatçylaryňam esasy üns merkezine öwrüldi. Daşary syýasatda hoşniýetli we oňyn bitaraplyk ýörelgesine pugta eýerýän Türkmenistan döwletimiz halkara derejesinde iň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görülýär. Ýurt ösüşiniň uzak geljegini nazarlaýan ösüşler bolsa bu gün oňyn netijesini berýär. Döwletimiziň ösüş derejesini ýurdumyzyň dürli sebitinde gurulýan, bina edilýän gurluşyklaryň mysalynda hem kesgitläp bolýar. Ynsana maddy we ruhy gymmatlyklar deň derejede gerek. Hut şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlände ol ýerde ykdysadyýetiň hem, syýasatyň hem, medeniýetiň we sungatyň hem, ylmyň we bilimiň hem deň derejede sazlaşykly we utgaşykly alnyp gidilmelidigni belleýär. Berkarar döwletimizň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitlere, bitirilen işlere nazar aýlanyňda, döwleti öňdengörüji, paýhasly syýasy Lider dolandyranda, ähli mümkinçilikleri döwletiň gülläp ösüşine bagyş edip bolýandygyna we durmuşda garaşanyňdan has kän zatlary, has ajaýyp sepgitleri gazanyp bolýandygyna göz ýetirýärsiň. Biz beýik we bagtyýar zamanada ýaşaýarys. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň beýik paýhaslary we tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz ösüşiň milli ruha laýyk gelýän dünýä nusgalyk ýoly bilen öňe ilerleýär. Ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy hem barha ýokarlanýar. Döwletimiziň, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik tagallalaryňyz üçin, taňryýalkasyn, Gahryman Arkadygymyz! Bu beýik işler döredijilik adamlarynyň dilinde dessana öwrülip, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy, döwletimiziň bagtyýarlygy, döwrümiziň beýikdigi hakdaky hakykaty müňýyllyklara ýaýar.