Türkmenistan gök-bakja ekerançylygyny döwrebap ösdürmek işini oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Ýurduň ekerançylygynda ekinleriň 4 sanysy, ýagny gowaça, bugdaý, şaly we şugundyr esasy strategiki ekinler hasaplanylýar. Häzirki wagtda, olaryň deňinde kartoşka we gök-bakja ekinleriniň hem ilat üçin iň gerekli azyk ekinleri hökmünde ekilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ýagny, 2015-nji ýylda kartoşka we gök-bakja ekinleriň ekilýän meýdany 14 440 gektar bolup, 2016-njy ýylda bolsa 27 770 gektara ýetirilen. Türkmenistanda oba zähmetkeşleriniň kartoşka we gök-bakja ekinlerini ekip ýetişdirmekleri üçin döwlet tarapyndan ähli amatly şertleri we ýeňillikleri döredilýär. Häzirki wagtda, kartoşka we gök-bakja ekerançylary döwlet tarapyndan ýer, suw, dökün we oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edilýär. Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine 27 770 gekdar ýerde kartoşka we gök-bakja ekinlerini satyn almak üçin ýyllyk 2 göterim bilen iki ýyl ýeňillikli döwür üçin 10 ýyla çenli möhlet bilen karz puly berilýär. Gök we bakja ekinlerini ekmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we suw enjamlaryny satyn almak üçin daýhan birleşiklere, daýhan hojalyklara we telekeçilere ýyllyk 1 göterim bilen karz berilýär. Gök we bakja ekerançylygy bilen meşgullanmakda, bu ekerançylygyň önümlerini gaýtadan işleýän önümçiligi alyp barmak üçin bolsa ýyllyk 5 göterim karz pul serişdesi berilýär. Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi daýhan birleşikleri bilen kartoşka we gök-bakja ekinlerini ýetişdirmek we satyn almak barada şertnama baglaşyp, şertnama esasynda önümler tabşyrylan badyna degişli hyzmatyň çykdajylary tutulyp galynmak bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Oba hojalyk pudagy gök-bakja ekerançylygynyň möhüm ugry hökmünde ýyladyşhanalary ösdürmegi döwrüň talaby hökmünde öňe sürýär. Meselem, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda 10 gektar ýerde ýyladyşhana gurulýar. Türkemnistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda umumy meýdany 10 gektar bolan bezeg bag nahallaryny we gülleri ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhananyň taslamasyny düzüp, gurluşyk işlerine 2016-njy ýylyň maý aýynda başlanmagyna we 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrylmagyna garaşylýar. Türkmenistanda ýetişýän kartoşkanyň, gök we bakja ekinleriniň miwesine tagam, hil babatda hiç bir ýeriň miweleri deňleşip bilmez. Kartoşkanyň örän uly ekerançylyk ähmiýeti bardyr. Ol meýdanlaryň haşal otlardan arassalanmagyna ýardam edýär. Onuň yzyndan güýzlik bugdaý we beýleki ekinler ekilsegowy netije berýär. Ol şol bir ýerine gaýtalanyp ekilmegine çydamly ekinleriň biridir. Kartoşka mekgejöwen, ýazlyk däneliler, kösükli däneliler, ýagly ösümlikler başgalar üçin öňüsyra ekilýän ekin bolup hyzmat edýär. Ilatyň azyk üpjünçiligi has gowlanmagy üçin Türkmenistanda kartoşkanyň we gök-bakja ekinleriniň köp ýetişdirilmeginde taýsyz tagallalary edýän oba-hojalyk pudagynyň işgärlerine çäksiz alkyş sözleri aýdylýar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir