mişka ikimiziň daçadaky durmuşymyz örän ajapdy! ynha erkinligiň öýi nirede eken! islän zadyňy et, islän ýeriňe git. isleseň tokaýa kömelege git, isleseň derýa suwa düşünmäge git, suwa düşünmek isläňokmy, onda balyk tut, seniň adam adyňy tutmaz. haçanda ejemiň zähmet rugsady gutaryp, şähere gaýtmaly bolamyzda, biz mişka bilen tukat bolduk. nataşa daýza bada, biziň egnimizden basylan ýaly bolup ýörşümizi aňdy we ejeme, bizi ýene-de bir sellem bu ýerde goýup gitmegini haýyş etdi. ejem kän ýalbardyp durmady, ýöne bizi wagtal-wagtal naharlamagy we ýene-de bir topar zatlary tabşyrdy-da, şähere gaýtdy. biz mişka bilen nataşa daýzaňkyda galdyk. nataşa daýzanyň iti bardy. ejemiň şähere gaýdan güni şol it güjükläpdi: onuň alty sany gürjüsi boldy. bäşisi mor tegmilli gara reňkdedi, diňe birisi çypardy-da bir gulagy garady. nataşa daýza gürjüleri gördi-de, gaharlandy: -it däl-de, başa düşen musallat ahyry bu! her tomus güjükleýär, wah diankaň gursun! indi men näme etsemkäm bulary, suwa zyňaýsammykam? biz mişka bilen allaniçigsi bolduk: -näme üçin suwa zyňjak. olaryň hem ýaşasy gelýär ahyry. gowusy goňşulara bereliň. nataşa daýza: -goňşularyň alaslary gelenok. olaryň öz itleri ýetik—diýdi.—meniň özüme-de munça güjük gerek däl. biz mişka bilen ýalbaryp başladyk: --daýza jan, haýyş edsýäris, suwa zyňmaň! goý olar bir az ulalsynlar, soň biziň özümiz olary ýerläris. nataşa daýza biziň bilen ylalaşdy we gürjülere degmedi. bir näçe wagtdan olar ulaldylar we howluda iki ýana ylgap başladylar. olar uly itler ýaly üýrüşýärdiler: “haw! haw!” biz mişka bilen uzynly gün olar bilen oýnaýardyk. nataşa daýza bize gürjüleri berişdirmelidigimizi birnäçe gezek ýatlatdy, ýöne biz dianka nebisimiz agyrýardy. ol öz çagalaryny görmese, içi gysar ahyry diýip biz pikir edýärdik. -men size nähak ynanypdyryn—diýip nataşa daýza käýindi—indi ähli gürjüler maňa galar.indi bur süri iti men näme etmeli? olary eklejek bolsaň hem niçe iým gerek boljak! biz alaçsyz eden ähtimizi amal etmäge başladyk. eý-ho, gör biz nähili kösendik! gürjüleri bir adamyň hem alasy gelmedi. bir näçe gün olary posýolka aýladyk, ahyry üç sanysyny zordan ýerledik. ýene iki sanysyny goňşy oba äkitdik. bizde diňe bir gulagy gara, çyparja gürji galdy. hemmesiniň arasynda, biz şony has-da gowy görüpdik. onuň örän eýjejik tumşujagy bardy, gözleri bolsa owadandy, ullakandy, elmydama nämedir bir zada geň galýan ýalydy. mişka gürjüni elinden goýberesi gelmeýärdi, şonuň üçin ol ejesine hat ýazdy: “eje jan! maňa kinniwanja gürjini saklamaga rugsat ber. ol örän owadanja, çyparja, gulajygy bolsa garaja, men ony gowy görýärin. maňa rugsat berseň, men elmydama seniň sözüňden çykmaryn, sapaklarymy gowy okaryn, gürjä-de, oňat it bolup ýetişer ýaly gowy zatlar öwrederin.” biz gürjä syrdaş diýip at goýduk. mişka, itlere terbiýe bermäni öwredýän ýörüýte gollanmany aljakdygyny we şonuň kömegi bilen güjüge tälim berjekdigini aýtdy. aradan birnäçe gün geçdi, emma mişkaň ejesinden hiç-hili jogap gelmedi. ýok, hat geldi, ýöne ol ýerde syrdaş barada bir söz hem ýok eken. mişkaň ejesi, bu ýerde ýekeligimiz üçin özüniň alada edýändigini ýazypdyr, şonuň üçin biziň çaltjak öýümize dolanmagymyzy sorapdyr. biz mişka bilen şol güniň özünde şaýymyzy tutmaklygy makul bildik. şonda ol ejesine iberen hatynyň wagtynda barmandygyna “men günäkär däl”diýdi, şonuň üçin syrdaşy öýüne birugsat äkitjekdigini aýytdy. -siz güjügüňizi nädip alyp gitjek—diýip, nataşa daýza sorady—sebäbi otluda it äkitmäge rugsat berilmeýär. ýolbelet görse jerime salar. şonda mişka: -zyýany ýok—diýdi—biz ony çemodanda gizläris, hiç kim görmez. biz mişkaň çemodanyndaky ähli zatlary meniň goşhaltama geçirdik, syrdaş dem alar ýaly çüý bilen çemodanda birnäçe deşik etdik, ajyksa iýer ýaly çörek bilen bir bölek gowurulan towuk etini goýduk. sňra syrdaşy çemodana saldyk-da, nataşa daýza bilen stansiýa gitdik. barýançak syrdaş çemodanda sesini çykarman oturdy, şonuň üçin biz, öýümize gepsiz gürrüňsiz barjagymyza şübhe ýok diýip pikir etdik. stansiýada nataşa daýza bize ýol petegini almak üçin kassa gitdi, biz bolsa syrdaşyň ýagdaýyny bilmek üçin, çemodany açyp gördük. syrdaş sesini çykarman, çemodanyň düýbünde ýatyrdy. ol kellesini galdyryp bize tarap seretdi-de, ýagta gözlerini çala ýumdy. -berekella syrdaş!—diýip mişka begendi—bu güjügiň akyllydygyny görsene!.. özüni gizlin äkidip barýanymyza düşünýär. biz syrdaşyň arkasyndan sypaladyk-da, çemodany ýapdyk. tizden otly geldi. nataşa daýza bizi otla mündirdi-de, mişka ikimiz bilen hoşlaşdy. biz wagonyň içinden özümize amatly ýer saýlandyk. oturgyçlaryň birisi boş eken, gönüsünde bolsa garryja mama irkilip oturan eken. başga bir kişi-de ýok eken. mişka çemodany oturgyjyň aşagyna itdi. otly ýerinden gozgandy we biz öýmize tarap ýola düşdük. bada hemme zat gowudy, indiki stansiýady welin wagona bir topar ýolagçy mündi. biziň ýanymyza uzynaýak, gulpaklyja gyzjagaz ylgap geldi-de, alahekek ýaly jedirdäp başlady: -nadýa daýza! fedýa daýy! geliň bäri! çalt, çalt boluň, bu ýerde boş ýer kän eken! nadýa daýza bilen fedýa daýy, eýdip-beýdip biziň oturan ýerimize geçdiler. -bärik! bärik!—diýip, gulpakly gyz heniz hem jedirdäp durdy.—oturuň! ynha men nadýa daýzam janyň ýanynda oturaryn, fedýa daýym jan bolsa goý oglanjyklaryň ýanynda otursun. nadýa daýza: -ýuwaşyrak bolaý, lena jan—diýdi. olar bile, biziň göni garşymyzda, garryja mamanyň ýanynda oturdylar, fedýa daýy bolsa çemodanyny oturgujyň aşagyna itdi-de, biziň ýanymyza geçdi. -waý, munuň gowydygyny!—diýip, lenoçka ellerini çarpdy—bir ýanda üç sany daýza otyr, beýleki ýanda bolsa üç sany daýy otyr. biz mişa bilen ýüzümizi öwürdik-de, daşaryk seretmäge durduk. bada asudalykdy, diňe otlyň tekerleri urýardy. soňra oturgyjyň aşagyndan şyggyldy eşidilip başlady, soňra syçana meňzeş bir zadyň gymyldaýan sesi geldi. -bu syrdaş!—diýip, mişka pyşyrdady—birden ýolbelet gelse näme ederis? -zyýany ýok, belki ol hiç zat duýmaz. -birden-kä syrdaş üýrüp başlasa näme? syrdaşjyk bolsa, çemodany deşmekçi bolýan ýaly, onuň düýbini gazamaga başlady. -waý eje jan, syçan!-diýip, çirkin sesini bilen garagol lenajyk gygyrdy-da, aýaklaryny ýokaryk galdyrdy. -toslamaňy goý hany!—diýip, nadýa daýza käýindi—bu ýerik syçan nireden gelsin. -hany sen şu ýere gulak goý! gulak goý! mişka howatyrlandy we aldygyna üsgürmäge başlady, maý tapyp çemodany aýagy bilen yza itdi. syrdaşjyk sähel salym köşeşen ýaly boldy-da, ýuwaşlyk bilen çyňsap başlady. hemmeler geň galyşyp biri-biriniň ýüzüne seretdiler, mişka eli bilen aýnaň ýüzüni sürtüp başlady. onuň jygyldysy fedýa daýyň ýüregine düşdi öýdýän, ol mişkaň ýüzüne gaharly seretdi-de: -hany, ýigit, bes et! seniň bolşuň kelläme düşýär—diýdi. şol wagt arka ýüzde kimdir biri garmoşka çalyp başlady, şondan soň syrdaşyň sesi eşidilmedi. biz begendik. ýöne bahym garmoşkaň sesi kesildi. -gel aýdym aýdaly!—diýip, mişka pyşyrdady. men: -gelşiksiz—diýdim. -bolýar. onda gaty ses bilen goşgy okaly. -gel, okaly. başla. oturgujyň aşagyndan jygyldy eşidildi. mişka üsgüren boldy-da, çaltjak goşgusyna başlady: otjagaz gök salýar, günjagaz şöhle, garlawaç ýaz şemaly bilen, eýwana girdi. wagonyň içini gülki tutdy. kimdir biri: -tizden-tiz güýz geljek, bizde bolsa bahar pasly başlady!-diýdi. lenajyk kikir-kikir edip: -bu oglanjyklaryň gülkinçdigini! birdenä garzynyp otyrlar, birden aýnaň ýüzüne ellerini oýkap jygyldadýarlar, birden bolsa goşgy okaýarlar. ýöne mişka onuň diýenlerine üns hem bermedi. ol goşgusyny bolup, täzesine başlady, özi hem aýaklaryny ýere urup sazlaşdyrýardy: meniň bagym gök öwüsýär! çerýomuhaň ýakymyndan. onda siren gülläp otyr, lipaň buýra saýasynda. -ýnha, indi bolsa tomus geldi: serediňä, siren gülläpdir!—diýip, ýolagçylar gülüşdiler. mişka bolsa duýdansyz gyşy getirdi: gyş! daýhan şatlanýar, gararbaň bady batlanýar. onuň aty galyň gardan gorgunlap, çekip barýar zordan... soň bolsa näme bolsa şol bolsuna urdy öýüdýän, ol gyşdan soň güýzi getirdi: gözgyny ýagdaý! çäksiz bulutlar. ýagyşyň soňy ýok howlymyzyň içi batga. birden-kä çemodanda syrdaşjyk zaryn uwlap başlady we mişka täzeden bar güýjini jemläp, goşgy okap başlady: sen näme güýz bize, örän ir geldiň. entäk ýürek isleýär gün şöhlesin, ýylysyn. gabadymyzdaky irkilip oturan garry mama tisginip oýandy-da, başyny atdy: -dogry aýydýarsyň bala, dogry! güýz ir geldi. entäk çagalaryň gezesi gelýändir, güne ýylanasy gelýär, biden hem duýdansyz güýz! sen eýjejigim, goşgyny gowy okaýarsyň, örän gowy! garry mama mişaň kellesinden sypalady. goşgy okamaňy dowam etdir diýýän terzde, mişa, oturgujyň aşagyndan bildirmän aýagy bilen meni itdi. içiňi ýakaýyn diýen ýaly ähli goşgular meniň kellämden uçdy, diňe bir aýdym galdy. pikir etmäge wagtym bolmandan soň, men säginmän, gatyrak ardynjyradym-da, goşgy okaýandan bolup gygyryp başladym: uzak menzilden, öýüme geldim, açdym işigi, eýwana girdim. täze eýwanym, kerkaw agaçdan! fedýa daýyň ýüzi çytyldy: -bul-a bir alamat! ýene bir ýerine ýetiriji tapyldy! lenajyk bolsa dodagyny çöwürip: -püf! tapdyň okajak zadyňy! ol nämäň eýwany! men bolsa diýýärmiň hem diýmän, aýdymy soňuna çenli aýtdym-da, täzesine başladym: otyr çyglykda, garaňky ýerde, bendilikde ulalan edermen ýigit... -seni hem şolar ýaly ýerde oturdaýsaň, adamlaryň kellesini agyrtmaz ýaly!—diýip, fýodor daýy gaharly hüňürdedi. -sen tolgunma—diýip, nadýa daýza ony köşeşdirdi—çagalar üýtgeşik zat etmeýärler, diňe goşgyny gaýtalaýarlar ahyry! ýöne fedýa daýyň tolgunýany bildirýärdi, ol kellesi agyrýan ýaly, maňlaýyny owkalaýardy. men dymdym, ýöne bolsa-da mişka maňa kömege geldi. ol goşgyny labyzly okap başlady: ümsüm ukrain gijeleri. açyk asman, ýyldyzlar ýaldyraýarlar... -eý-ho!—diýip, wagondakylar gülüşdiler—bul-a ukeraina düşdi! indi nirä düşerkä? duralgada wagona täze ýolagçylar mündiler: -be-e, bu ýerde goşgy okalýan eken! ýolumuzy gyzykly ötüreris. mişka bolsa eýýämi kawkaazda gezip ýördi: kawkaz peslikde, men beýiklikde, garly uçudyň gyrasynda, duryn meň bir özüm... şeýdip ol älemi aýlanyp çykdy, hatda demirgazyga-da düşdi. şol ýerde onuň sesi gyryldy we ýene-de oturgujyň aşagyndan aýagy bilen meni itip başlady. men ýene-de hiç-hili goşgyny ýadyma düşürip bilmän, aýdyma başladym: men ähli älemi aýlanyp çykdym, aýlandym, aýlandym, ýer ýykdym. söýgülime duşmadym... lenajyk gülüp başlady: -bu oglanjygyň täsindigini, ol üýtgeşik aýdymlary okaýar! men: -mişkaň bar goşgulary okap çykanyna men günäkär däl ahyry?—diýdim-de, täze aýdyma başladym: kellämmikä, sen meniň, näçe götermeli seni? agyr egnime, sen meniň. -ýok jigi—diýip, feodor daýy hüňürdedi—beýdip goşgulaň býilen adamlary bizar etseň, sen dogrudan hem egniňde kelläňi saklap bilmersiň! ol ýene-de eli bilen maňlaýyny owkalap başlady, soňra oturgujyň aşagyndan çemodanyny alyp, daşky geçelgä çykdy. otly şähere golaýlaşdy. ýolagçylaryň galmagaly artdy, her kim goşuny alyp, çykalga tarap ýöneldi. biz hem çemodanymyzy we goşhaltamyzy alyp, çykalga haýdadyk. otly togtady. biz wagondan düşdük-de, öýmüze aýak göterdik. çemodanda asudalykdy. mişka: -gör muny—diýdi—haçan-da gerek däl wagty, ol agzyna suw alan ýaly sesini çykaranok, dymmaly wagty welin, başdan aýak çyňsap geçdi. men: -tizräk seredeli, birden ol demigen bolaýmasyn?—diýdim. mişka çemodany ýerde goýdy-da, ony açdy we... biz doňup galdyk: syrdaş çemodanda ýokdy! onuň ýerine ol ýerde her dürli tetradlar, kitaplar, sabyn, elsüpürgiç, äýnek, jorap örülýän çişler ýatyrdy. mişka ör-gökden gelip: -bu näme?—diýdi—syrdaş nirä ýitirim boldy? şu ýerde meniň üçin hemme zat aýan boldy. -dur!—diýip, men gygyrdym—bu biziň çemodanymyz däl ahyryn! mişka onuň eýlesine-beýlesine seretdi-de: -hakyt, biziňki däl!—diýdi.—biziň çemodanymyz eleme-deşik bolmaly, üstesine, biziňki goňur bolmaly, bu bolsa bir hili çal-laý. soňra lapykeç, elini galgatdy: -wah, men kelesaň diýsäninim! alňasap, kesekiniň çamodanyny alyp gaýdypdyryn!-diýdi. men: -ýör çaltyrak yzymyza ylgaly, belki ol häzir hem oturgujyň aşagynda durandyr—diýdim. ikimiz hem ylgap demir ýol menziline geldik. otly entäk durdy. biz haýsy wagonda gelenimizi ýadymyza düşürip bilmedik. ýöne güýmenip durmaga wagt bolmandan soň, ýüwürüp wagonlaryň hemmesini barlamaga başladyk, oturguçlaryň ählisiniň aşagyna seredip çykdyk. bary biderek. men: -ony biri alan bolsa gerek—diýdim. mişka: -gel ýene bir gezek wagonlary aýlanyp geçeli—diýdi. biz ýene bir gezek otlyny dörüp çykdyk. hiç zat tapmadyk. kesekiň çemodany bilen bir salym, näme etjegimizi bilmän durduk. bir ýerlerden ýolbelet gelip: -wagondan wagona byzbydyklap ýörmäň-de, ugraň şu ýerden!—diýip, bizi kowdy. biz lapykeç halda öýmüze gaýytdyk. men goşhaltamdan mişkaň goşlaryny goýmak üçin, olara sowuldum. mişkaň ejesi onuň şumjaryp duruşuny görüp: -saňa näme boldy—diýip sorady. -syrdaş ýitdi! -ol nämäň syrdaşy? -kinniwanja gürji. sen näme, meniň hatymy almadyňmy? -ýok, almadym. -al saňa gerek bolsa! men ýazdym ahyry. mişka, syrdaşyň nähili gowydygyny, biziň ony alyp gaýdyşymyzy, we ony ýitirişimizi ejesine gürrüň berdi, soňra mişka aglady, men bolsa bu zatlaryň natijesine garaşyp durman, öýüme gaýytdym. ertesi mişka bize geldi-de: -bilýärmiň, indi men hakyky ogry!—diýdi. -näme üçin? -ol nähili näme üçin? men kesekiniň çemodanyny aldym ahyry. -sen ony bilkastlaýyn etmediň ahyry. -ogry hem ogrulyk edip, ýalňyşyp edipdirin diýip bilýär. -saňa ogry diýip, adam adyňy tutanaga! -tutmasalar hem meniň üçin utanç. belki ol adam üçin ol çemoden gereklidir. men hökman ony gaýtarmaly. -sen nädip ol adamy tapjak? -men kagyza çemodan tapdym diýip ýazgy ýazaýyn, her ýerik ýelmäp çykaýyn. çemodanyň eýesi ýazgyny okar-da, goşuny almaga diýip geler. -dogry aýytdyň!—diýip, men ony goldadym. -gel onda ýazaly. biz arassa kagyzy birnäçe bölege bolüp, ýazmaga durduk: “biz wagonda çemodan tapdyk. mişa kozlowdan alyp bilersiňiz. çägeli köçesiniň 8-nji jaýi, 3-nji öýi.” şular ýaly ýazgyň ýigrimisini dagy ýazdyk. birden-kä men: -gel ýene-de bize syrdaşy gaýtaryp bermeklerini sorap ýazgy ýazaly—diýdim—belki, biziň hem çemodanymyzy ýene biri ýalňyşyp alandyr. -mümkin, biz bilen bile giden daýy alandyr.—diýip mişka aýytdy. biz ýene-de kagyz kesdik we ýazyp başladyk: “kim-de kim içi gürjüli çemodan tapan bolsa, gaýrat etsin-de mişa kozlowa gataryp bersin ýa-da şu salga ýazsyn: çägeli köçe, 8-nji jaý,3-nji öý.” bu ýazgylaryň hem ýigrimisini taýynladyk-da, şähere aýlanyp, ýelmemäge başladyk. her jaýlaryň çüňklerine, telegraf sütünlerine ýelmäp çykdyk. ýöne ýazgylar az boldy. biz öýe gelip ýene-de ýazyp başladyk. ýazdyk, ýazdyk- birden-kä gapi jyňňyrdady. mişka açmaga diýip ylgady. işikde nätanyş daýza durdy. mişka: -size kim gerek?—diýip sorady. -mişa kozlow diýilýän. mişka geňirgendi: bu daýza ony nireden tanaýarka? -näme üçin gerek? daýza: -men çemodan ýitirdim—diýdi. -hawa!—diýip mişka begendi—geliň bäri. ynha siziň çemodanyňyz. daýza üns berip seretdi-de: -bu meniň çemodanym däl—diýdi. -ol nähili siziňki däl?—diýip, mişka geňirgendi. -meniň çemodanym mundan ulurak, reňki gara bolmaly, bu bolsa çal. -beýle bolsa siziň zadyňyz bizde ýok. haçanda taparys, şonda geläýiň. daýza güldi-de: -siz ýalňyş edýärsiňiz, çagalar—diýdi.—çemodany bukmaly, adama görkezmeli däl, gelenlerinde welin, hökman çemodan nähili, onda nämeler bardy diýip soramaly. haçanda size dogry jogap bererler, şonda çemodany beriň. beýdip ýörseňiz, kimdir biri hökman “meniň çemodanym” diýer we alyp gider, seredip otursaň welin oňky hem däldir. ilçilikdir, her-hili adam bar! mişka: -dogry aýytdyňyz! biziň kellämize-de gelmändir.—diýdi. daýza gitdi. -gördiňmi—diýip, mişka aýytdy—bada täsiri ýetdi! biz ýazgylary ýelmänimize mähetdel, eýýämi adamlar gelip başlady. zyýany ýok, belki syrdaşjyk hem tapylar. biz cemodany krowadyň aşagyna saldyk, ýöne şol gün bizi sorap başga hiç kim gelmedi. ýöne ertesi gün welin, üstümize adam bary döküldi. mişka ikimiz haýran galdyk: munça adam nädip çemodan we her-dürli zatlar ýitirip bilýärler. bir daýy tramwaýde çemodan ýitiripdir we bize geldi, beýleki biri awtobusda bir çelek çüý galdyrypdyr, üçünjiň bolsa, geçen ýyl sandygy ýitipdir—hemmeler bize gelýärler, bärisi tapyndylar edarasydyr öýdenaklar. gün geldigiçe gelýän adam artýardy. mişka: -men geň galýaryn!—diýdi—bärik diňe çemodanyny ýa-da sandygyny ýitirenler gelýärler, çemodanlaryny tapanlar bolsa öýlerinde arkaýyn otyrlar. -olar näme üçiň azar edinsinler. diňe ýitiren gözleýär ahwetin, tapan näme üçin bärik gelsin? -eger-de bize hat ýazan bolsalar—diýip,mka aýytdy—onda biziň özümiz barardyk. bir gün öýde otyrkak, kimdir biri gapini kakdy. mişka açmaga howlukdy. paçtalýon eken. mişka eli hatly, şadyýan otaga ylgap girdi. -belki bu hat biziň syrdaşymyz baradadyr!—diýip, ol bukjaň ýüzündäki bulaşyk ýazylan salgyny okap başlady. bukjaň ýüzi durşuna möhür bilen ýazgyly ýelimlerden doly eken. ahyry mişka: -bu hat bize däl—diýdi.—bu ejeme. öte sowatly adam ýazana meňzeýär. bir sözde iki ýalňyş edipdir: “çägelä” derek “çagaly”. görnüşinde, hat gelmeli ýerine gelýänçä, şäher içinde köp aýlanypdyr... eje!—mişka ejesini gygyrdy—saňa bir “sowatlydan” hat gelipdir. -ol nähili “sowatlydan”? -al, ynha okap gör. ejesi bukjaň bir çüňküni ýyrtdy-da, haty alyp, ýuwaşjadan okap başlady: -“eje jan! maňa kinniwnja gürjini öýde saklamaga rugsat ber. ol örän owadan, özi çyparja, gulajygy bolsa garaja, men ony örän gowy görýärin...” ejesi hatyň eýlesine-beýlesine seretdi-de: -bu näme?—diýidi—muny sen ýazypsyň ahyry! men gülüp mişka seretdim. ol gaýnadylan leňňeç ýaly çym-gyzyl boldy-da, gaçyp gitdi. biz mişka bilen syrdaşy tapmakdan umydymyzy üzüp başladyk, ýöne mişka ony günde ýatlaýardy: -ol indi nirede? onuň hojaýyny kim? belki ol rehimsiz adamdyr, syrdaşy köseýändir? belki-de, syrdaş şol durşuna çemodanda galyp, açlykdan wepat bolandyr? goý ony maňa gaýtaryp bermesinler, diňe onuň diridigini, janynyň sagdygyny aýdaýsynlar, bolany! tizden tomus rugsady gutardy, mektebe gitmäge wagt geldi. biz begenýärdik, sebäbi eýýämi içimiz hem gysyp başlapdy. biz öz makdebimizi gowy görýärdik. şol gün men ir turdym, täze, arassa eşikilerimi geýdim. ýatan bolsa oýaraýyn diýip, mişkaň üstüne gitdim we oňa basgançakda gabat geldim, ol hem meniň üstüme gelýän eken. bizi bu ýyl hem geçen ýilky ýaly wera alaeksandrowna okadar diýip pikir edýärdik, ýöne beýle däl eken. wera aleksandrowna başga mekdebe geçipdir, şonuň üçin bizi bu ýyl täze gelen nadežda wiktorowna diýilýän mugallyma okatmaly diýdiler. nadežda wiktorowna bize sapaklaryň sanaw tertibini berdi-de, nähili okuw kitaplarynyň gerek boljagyny aýytdy, soňra bolsa tanşmak üçin mektep kiapçasyny yzarlap, bizi ýeke ýekeden tagta çagyryp başlady. ahyry: -çagalar, siz geçen ýyl puşkiniň :gyş” diýilýän goşgusyny öwrendiňizmi?—diýip sorady. -hawa- diýip, hemmeler bilelikde jogap berdiler. -kim şol goşgyny ýatdan bilýär? çagalaryň hemmesi dymdy. men mişka çawuş çakdym: -sen bilýärsiňä? -bilýärin. -onda näme otyrsyň, galdyr eliňi! mişka elini galdyrdy. mugallyma: -çyk onda orta, oka—diýdi. mişka stoluň ýanyna bardy-da, labyzly okap başlady: “gyş!.. daýhan, şatlanýar, onuň aty, galyň gardan, gogunlap, çekip barýar zordan... ol okady, ýene-de okady, mugallyma bolsa oňa ilki üns berip seretdi, soňra bolsa bir zat ýadyna düşen ýaly bolup, maňlaýyny çalarak çytdy, birdenkä-de mişka tarap elini uzadyp: -dur, dur! meniň ýadyma düşdi: sen otluda biz bilen gitdiň, uzak ýola-da goşgy okadyň, dogrumy?—diýdi. mişka aňk-taňk boldy, soňra: -dogry—diýdi. -bolýar, otur, 072: sapaklardan soň mugallymlar otagyna gelersiň. mişka: -goşgyny soňlamaýynmy?—diýip sorady. -hokman däl. şeýle-de bilýäniňi görýärin. mişka ýerine geçip oturdy-da, partaň aşagyndan aýagy bilen meni kakdy: -bu şol daýza! ýadyňa düşýärmi, biz bilen giden daýza? ýene-de onuň ýanynda lena diýip gyzy we gaharjaň daýy bardy. fedýa daýy, ýadyňa düşýärmi? men: -ýadyma düşýär—diýdim—sen goşgy okap başlanyňdan tanapdyr. mişka alada galdy: -indi nämeler bolarka? meni näme üçin mugallymlar otagyna çagyrdyka? otlyda galmagal edenimiz üçin temmi bers gerek! mişka ikimiz howsala düşdik, hatda sapaklaryň nähili geçenini hem duýmandyrys. biz okuw otagyndan iň soňky bolup çykdyk, soňra mişkaň bir özi mugallymlar otagyna ýöneldi. men oňa garaşmaga, koridorda galdym. ahyry ol çykdy. men gyssanyp: -mugallyma saňa näme diýdi—diýip soradym. -biz bimän onuň çemodanyny alan ekenik-dä, ýagny, onuňky däl-de, gaharjaň daýyňkyny. tapawud ýokla. mugallyma menden, “siz ýalňyşyp kesekiň çemodanyny almadyňyzmy” diýip sorady. men aldyk diýdim. mugallyma çemodanyň içiniň düzümi barada sorag berip başlady, men sanadym, ol öz çemodanyny tanady. mugallyma şu günüň özünde ony getirmegimizi haýyşt etdi, öý salgysyny berdi. mişka maňa salgy ýazylan kagyzy görkezdi. biz tizden öýmüze gitdik, çemodany aldyk-da, görkezilen salga ugradyk. gapyny, otluda biziň bilen ýanaşyk giden lenajyk açdy. -size kim gerek-diýip ol sorady. içiňi ýakaýyn diýen ýaly, biz mugallymaň adyny ýadymyzdan çykarypdyrys. birden mişka: -duruň hany, şu kagyzda ýazylan bolmaly... nadežda wiktorowna gerek. lenajyk: -siz çemodany getirdiňizmi—diýdi. -hawa, getirdik. -giriň onda. ol bizi otaga saldy-da: -nadýa daýza! fedýa daýy! çagalar çemodany getirdiler!—diýip gygyrdy. nadežda wiktorowna bilen fedýa daýy otaga girdiler. fedýa daýy çemodany açdy-da, bada öz äýnegini gördi we ony alyp burnunyň üstünde oturtdy. -ynha meniň söýgüli äýnegim—diýip, ol begendi—tapylandygy gowy zat! ýogsa men täze äýnege hiç öwrenişip bilmedim. mişka: -biz hiç zat ellän däldiris. biz eýesini gözledik ýördik. biz çemodan tapdyk diýip, hemme ýere ýazgyly kagyzlary ýelmäp çykdyk. -gör ahyry muny!—diýip, fedýa daýy aýytdy—meniň welin bildiriş okama häsiýetim ýok. zyýany ýok, indiki gezek akyllyrak bolaryn-mydama bildiriş okaryn. lenajyk bir ýerlere çykyp gitdi, soňra otaga geldi, yzy bilen bolsa otaga gürji ylgap girdi. ol durşuna çyparjady, diňe bir gulajygy garady. -seret!—diýip mişka pyşyrdady. gürji seresaplyk bilen gulaklaryny üşeritdi we bize seretdi. -syrdaşjyk!—diýip biz gygyrdyk. syrdaşjyk şadyýan üýrdi-de, bize tarap ylgady. mişka ony eline aldy-da: -syrdaşym! meniň wepaly güjüjegim! sen bizi ýadyňdan çykarmadyňmy?-diýdi. syrdaşjyk onuň ýaňagyndan ýalaýardy, mişka bolsa onuň tumşugyndan ogşaýardy. lenajyk bolsa hem gülýärdi, hem çapak çalýardy: -biz otludan düşüp, ony çemodanda öýe getirdik. biz ýalňyşyp siziň çemodanyňyzy alypdyrys. bularyň barysyna fedýa daýy jan günäkär! fedýa daýy: -hawa—diýidi—bu meniň günäm. men ilki bolup siziň çemodanyňyzy aldym, diňe şondan soň siz meniňkini alypsyňyz. olar bize, syrdaşyň otluda gelen çemodanyny berdiler. lanajygyň syrdaş bilen aýyrylaşasy gelmeýäni görünip durdy. hatda gözlerinde ýaş hem göründi. mişka, indiki ýyl diankaň ýene-de gürjüleri bolar diýdi, şonda lenajyga şolaryň iň owadanyny getirip berjegine söz berdi.lenajyk: -hökman getiriň—diýip berk tabşyrdy. biz hoşlaşyp ýola çykdyk. syrdaş mişkaň elinde sesini çykarman otyrdy. ol geň galýan ýaly, gözlerini tegeläp, kellejigini iki ýana aýlaýardy. belki, lenajyk ony elmydama oýde saklap, hiç ýeri görkezen däldir. haçan-da biz öýüň deňesine gelenimizde, basgançakda bize iki sany daýza bilen bir daýy garaşyp oturan eken. -siz çemodan diýip geldiňizmi?—diýip biz soradyk. -hawa. çagalar, çemodan tapan sizmi?-diýip, olar bizden sorady. -hawa biz—diýdik—ýöne bizde hiç hili çemodan ýok. eýesi tapyldy biz ony yzyna berdik. -beýle bolsa ýazgylaryňyzy beri aýyryň-da, adamlary utandyrýarsyňyz. siz sebäpli biz hem bar wagtymyzy ýitirip ýörmeli! olar hüňürdeşdiler-de, hersi öz ýoly bilen gitdi. biz mişka bilen şol günüň özünde, bildiriş ýelmän ýerlerimize aýlanyp, olaryň barsyny sypyryp aýyrdyk. terjime eden kakamyrat geldiýew.
Tortchy 8 years ago- Super seyle gowy terjime edilipdir!ozun terjime etdinmi?gaty gyzykly eken!