samsung kompaniýasy maýyň aýagyna, san—fransiskoda öz işine başlan we 26-njy maýa çenli dowam etjek sid displayweek sergisinde samsunggalaxy x smartfony üçin ýasalan maýyşgak ekrany görkezmegi ahmal. öň inasaýderleriň habar bermegine görä, bu rewoliýusion hasap edilýän elektron enjamy çykarmak 2017-nji ýylda göz öňüne tutulýan eken. adaty däl tehnologiýalar. smartfonuň ekranyny 10mm göwrümli turbajyga dolap bolýar. ol döwülmezek bolar we mümkin beýleki smart-gajetlerde hem peýdalanylar. samsunggalaxy x smartfonyň täze ekranynyň mümkinçiligi 2560+1440 nokada ýeter. şunuň bilen bilelikde 5,7 dýuým diogonally super amoled—displeýiň agtamy 5gr. bolup, galyňlygy 0,3mm-den ýokary bolmaz. şeýle-de samsung noutbuk üçin 13,3 we 14 dýuýmly öňde baryjy amoled-ekranlary sergä getirer. olar ýukalygy bilen tapawutlanýarlar we multitaç tehnologiýa eýedirler. mundan başga-da işläp düzüjiler, ýylmanak we aňyrsy görünýän, 3d-görkezijiler we galogrammalar üçin displeýleri we ekranlary görkezerler. hytaý startaby samsungdan öňe geçmegi ahmal. hytaý startaby samsungdan öňe geçip, ilkinji maýyşgak ekranlary günorta koreý ägirdinden öňürti bazara zyňmagy ähtimal . moxigroup 2016-njy ýylyň ahyryna çenli rewolýusion enjamlaryň 100000-ni goýbermegi söz berýär diýip bloomberg habar berýär. ekranyň ilkinji görnüşleri gara-ak bolar, uzagyndan işläp düzüjiler smartfonyň reňkli görnüşlerini hem alyja hödürlärler. maýyşgak telefony bilezik ýaly goşaryňa dakyp bolýar. smartfonlaryň birinji toplumyny hytaýda satmak göz öňüne tutulýar. terjime eden kakamyrat geldiýew.