1900-nji ýylda ummanyň düýbinden galdyrylan antiker mehanizmi, 20-nji asyryň iň wajyp tapyndylarynyň biri hasap edilýär. alymlaryň pikirine, bu artefakt, greklere matematikany we astranomiýany özleşdirmäge kömek eden, dünýäde ilkinji analog kompýuteri bolmaly. gadymy şäher. gadymy geraklion şäheri birnaçe müň ýyl ummanyň astynda gizlengi ýatan eken – alymlar bu barada diňe 2000-nji ýylda bildiler. suwasty şäher bir döwür port bolan eken, onuň üstinden geçip, gämiler müsüre barýan eken. gülläp ösýän ýer, biziň eýýamymyzdan öňki birinji asyrda heläkçilikli ýer titreme zerarly ýer bilen ýegsan bolupdyr. şäher ilatynyň aglabasy wepat bolupdyr, bagty gelip halas bolanlar bolsa, gaçyp sypypdyrlar. garakçy gämiler we ýarag. 1718-nji ýylda gara sakal ady bilen belli bolan garkçy, boforyň kenarlarynyň ýalpaklygynda batyp galandan soň, gämisini gark etmeli bolupdyr. “korolewa annanyň öji” gämisiniň bölekleri, 1966-njy ýylda suwyň astyndan tapyldy; bu müňlerçe artefaktlar bilen bile bolan gämi heläkçiligidi. 2013-nji ýylda demirgazyk karolinanyň medeniýet resurslary departamendiniň işgärleri, deňiz çuňlugyndan, sözüň doly manysynda hersi 900 kilogrammdan geçýän toplaryň bir toparyny gury ýere çykardylar. ýonaguni. ýonaguni adasy, ýaponiýanyň günbatar böleginde ýerleşýär. ol, draýwerler 27 metr çuňlukda täsin suwasty toplum tapanlaryndan soň dünýä belli boldy. eýwanlara geçip gidýän basgançakly platformalardan ybarat toplum, geň-enaýy üç burç ornamentler bilen örtülipdir. alymlar bu ýadygärlik elde ýasalypdyr diýen netijä geldiler, ol çen bilen 2000 – 3000 ýyl mundan öň döredilipdir. üçünji reýhiň döwrüniň gymmat bahaly metallary. bir ýerde tapylan altynyň dünýä rekordy – üçünji reýh döwriniň 61 tonna kümüşidir. 1941-nji ýylda faşistler tarapyndan ss gairsoppa gämisinde äkidilen hazyna, ýitirilen hasap edilýärdi – diňe odysseymarineexploration kompaniýasy onuň gözlegine başlaýança. şu günki gün gury ýere hazynanyň umumy agramyndan çen bilen bäşden bir bölegi çykaryldy, nuestora senýora de atoça galeonynyň hazynasy 17 ýyl gözleglerden soň ady belli hazyna gozleýji mel fişer, 1622-nji ýylda gark bolan ispan galeonyny (ýelkenli gämi) tapdy. nuestro senýora de atoça gämisi 40 ton gymmat bahaly ýüki ispaniýa äkidip barýan eken. ol belli däl sebäplere görä, floridanyň kenarlarynda gark bolupdyr. suwa çümüjileriň hazynany tapmak üçin eden köp sanly gözlegleri netije bermedi. mel fişer işe örän çynlakaý çemeleşdi – inwestorlary çagyrdy, gözleg işleri bilen meşgul boljak firma açyndy. onlarça ýyllaryň dowamynda edilen işleriň netijesinde, galeonyň heläk bolan ýerinden, umumy bahasy 450 million dollara barabar bolna hazyna ýokaryk galdyryldy. terjime eden kakamyrat geldiýew, “biznes—reklama” gazeti.