-a-a-alik!.. baharyň mährem howasy säher bilen özüne maýyl edýärdi, otagyň içine günüň şöhleleri öz ýylylygyny düşeýärdi. ýöne aligiň keýpi ýok, ol krowatyň arkasyna duwlanyp, diwara ýakyn bir zatlara dümtünüp otyrdy. birden-kä howludan çykan çagalaň agzybir sesi onuň ünsüni böldi: -a-alik!.. alik boýnuny sallap, tukat halda, zoraýakdan gapa tarap ýöredi. bosagada oglanjyklar üýşüşip durdylar. aligiň haly harap, ýüzi agrasdy. -men çykyp bilmerin,- diýip ol aýtdy- maňa temmi berildi. “siziň ogluňyz arifmetika sapagynda ýylgyrýar. çäre görmegiňizi haýyş edýärin!” bar bolany. bular ýaly ýazgy bilen uzaga gitmersiň. -köp wagtlykmy?- diýip ýüzi meneklije kostýa duýgudaşlyk bilen sorady. alik uludan demini aldy: -bilmedim. maňa aýtmaýarlar. -maňa bolsa näçe wagtlyk temmi berýändiklerini mydama aýdýarlar,- diýip kostýa hiç zat bolmadyk ýaly gürrüňüni dowam etdi: -biz bolsa bukuldym oýnamakçydyk... -bukuldym?- alik doňup galdy, ol zordan gürledi:-hol günki ýalymy?.. -hol günki ýaly... alik bir nokada dikanlap, ep-esli salym dymyp durdy, birden-de kellesini galdyryp: -gygyryň... gatyrak gygyryň!-diýdi. öýde hemme zat öňküsi ýaly. kakasy kresloda oturup gazet okaýar. assrynlyk bilen, iki ýanyna seretmejek bolup, alik öňki ýerine, krowatyň ýeňsesine geçdi. bu ýedäki zatlaryň hemmesi oňa tanyşdy. diwara çekilen kagyz oboýlaryň solup giden suratlary, sary parketiň döwülen erňekleri... göni öňünde bolsa çarçuwanyň içinde oturan ertekidäki gyzjagaz, asuda tokaýyň içindäki akar ýapdan akýan suwa gözüni dikip otyr. örän tukat we mähriban. -a-lik!.. “berekella! örän oňat gygyrýarlar. aýratyn-da kostýa. hakyky dost.” çagalar allygyna gygyrýarlar, çagyrýarlar. olaryň hemmesi bir howlyň çagalary, olaryň hemmesi onuň çykmagyny isleýär. alik bolsa kakasyna seredýär: “onuň-a piňine-de däl... onuň bar aladasy- gazetde ýazylan zatlar. bolýar, goý eşitmesin... men-ä haýyş etmen”... -a-lik!.. “gygyryň!.. gatyrak gygyryň!.. goý hemmeler eşitsin... hemmeler!.. diňe kakam eşitmeýär”... -ine görýärmiň,- diýip, kakasy gazedinden gözüni galdyrman gürledi,- hemmeler gezelenç edýärler, oýnaýarlar, sen bolsa öýde oturmaly. “öýde oturmaly diýýär!..- diýip alik öz ýanyndan igendi. -özi oturtdy-da, indi hem diýýän zadyny... bolýar-da... men senden haýyş etmeýän... oka, oka öz gazediňi”. -kim günäkär?- kakasy sözüni dowam ýetdi.- hemmesine seniň özüň günäkär. “hawa-la! men günäkär! menden başga kim günäkär bolsun? mydama men, men günäkär ahwetin”. -a-lik! a-lik! a-lik!..- gygyrmaň derdinden çagalaň birsiniň sesi gyrylyp gitdi, soňky güýçlerini jemläp gygyran bolsa gerek. -çykmajagyňy aýt olara, bir sagat boldy gygyryp duranlaryna.- diýip kakasy gaharlanyp aýtdy. alik gyssanman penjiräň öňüne geldi. ol günäsi geçilmekden tamasyny üzüpdi, ýöne şeýlede bolsa onuň häzirki bolup duruşy gözgynydy, gamgynlygy ýüzünden bildirýärdi. ine-de açyk penjire. daşynda bolsa özi ýaly çagalar. kostýa, nýura, petýa,... hemmesi şu ýerde. wah! eger-de ony hem olaryň ýanyna goýbersediler!.. ol hem çagalar bilen bukuldym oýnardy. nýurka gözlerini elleri bilen ýumup, ýüze çenli sanardy. olar bolsa bukulmak üçin ýüzin salyp ylgardylar.., ylgardylar. eýýäm olaryň aýaklary ýadady, sojugyp dem alýarlar, soňa baka olaryň hiç- birsiniň haly galmaz, hat-da şonda-da ylgardylar... alik tasdan-da aglapdy. -çagalar..., dostlar... men çykyp bilmen. oglanlar... daşynda dym-dyrslyk. çagalar gitmeýärler; bir zada garaşýan ýaly, gülçanagyň ýanynda dyknyşyp durlar. alik hem gidip bilmän durdy. hut demir kapasanyň aňyrsynda duran ýaly, dostlaryna naýynjar seredýärdi. -çykmarsyňmy?- diýip kostýa sorady. –näme üçin? -maňa temmi berildi! -sen kakaňdan rugsat soraý. -ýok.- alik uludan demini aldy,-bu gün mensiz oýnaň... bu gezek dymyşlyk uzaga çekdi. ahyry kakasy gazetini gapdala goýdy-da , penjiräň ýanyna geldi: -alige garagollugy üçin temmi berildi. ol bu gün siz bilen oýnap bilmez. -kolýa daýy , alik biz bilen oýnaýsyn, siz ony goýberäýiň-da,- diýip kostýa haýyş etdi. -kolýa daýy!- diýip çagalaryň barysy kostýany sesleri bilen goldadylar. -bagyşla-aýyňda!- diýip kostýa süýndürdi,- ol indi garagolluk etmez... -garagolluk etmez!- diýip çagalar agzybirlik bilen gaýtaladylar. -ýok,- diýip kakasy gaýtalady,- ol hiç ýerik gitmez. kostýa oňa naýynjar seretdi, soňra bolsa täzeden boýnuny burup haýyş etdi: -kolýa daýy, gaýrat et!.. -kolýa daýy,.. ýeri, kolýa daýy!- diýip çagalar bilelikde gygyrşyp başladylar. diňe ýura.., aýagy ýalaňaç hem-de hüjjik ýurka dymyp durdy. ol çetki köçeden gelipdi, şonuň üçin aligiň kakasyny tanamaýardy, haýyş etmäge utanýardy. belki ol hemmelerden hem beter gyssanýandyr, ýöne gürlemeýärdi, aram-aram takatsyzlyk bilen bir aýagyny beýleki aýagy bilen gaşaýardy. -gowusy haýyş hem etmäň,- diýip kakasy aýgytly gürledi.- ynha akyllanar, şonda başga gürrüň... çagalar aldym- berdime düşdiler. giň penjireden bolsa aligiň tenha sudury görünýärdi. birden-kä hemmeleriň zähresini ýaryp, bir ýerlerden çirkin ses çykdy: -kolýa daýy-y-y!! ýürege düşgünç agyr garaşma çydaman, gyryljyk, ýogyn sesini edip, ýura agzyny giňden açdy-da täzeden gygyrdy: -kolýa daýy! hemmeleriň ünsüni özüne çekenini aňan ýura, üşerildi, allygyna aýaklaryny gaşap başlady. aligiň kakasy zordan gülmän saklandy. çagalar hem onyň bolşuna ýylgyryşdylar... kostýa bolsa gaty sesi bilen güldi: -ha-ha-ha! görin-ä muny! ýurkaň bar bol-a!.. tüýs parawoz boldy!.. çagalar hem begenişip gülüşdiler, arasynda bolsa kolýa daýa tarap garanjaklaşyp biri- birlerine gözlerini gyrpyşdylar. alik hem kem- kemden ýylgyryp başlady, ol birden-ä kakasyna seredýärdi, birden bolsa çagalara seredýärdi. ýöne kakasynyň gaharyndan heder edip, bir zat aňaýmasyn diýýän terzde, ol assrynlyk bilen ýüzüni saldy. emma kakasynyň ýüzi parhsyzdy, gözlerinde rehim ýokdy, dodaklaryny bolsa berk gysyp durdy. kostýa howsala düşüp, gözlerini elek- çelek etdi. -kolýa daýy,- diýip samrap başlady,- ine şul ýurka-da!.. düşünýäňizmi?.. özi hem biz bilen oýnamana gelipdir... ýöne kolýa daýy indi rehimsiz dikdüşdä owrülipdi: ol indi çagalaň ýüzüne-de seretmeýärdi, jogap bermeýärdi, an-ha eýýämi penjiräni ýapmak üçin ellerini uzadyp başlady. -biz bukuldym oýnajakdyk ahwetin!- diýip nýurka aglamjyrady. kiçijik, hüwjerip-je duran gyz çaga, oňa haýranly seredip, teýeneli gözüni gürletdi: ”aligi goýbermelidigiňe indi bir düşündiňmi?” -maňa öýdäkileriň hemmesi rehimli,- diýip ol tiz- tizden gürläp başlady,- ejem hem, kakam hem... aligiň kakasynyň ýüzünden gar ýagýardy, dymmalygyny edip durdy. -kolýa daýy,- diýip kostýa birden sorady,- siziň ogluňyza nebsiňiz agyrmaýarmy?.. şu çaka çenli edermenlik bilen mertligini saklap gelýän aligiň dodaklary kemşerip başlady. ol aňyrsyna öwrülip, astalyk bilen penjiräň öňünden aýryldy. petýa, nýura, kostýa seslerini çykarman, gynanyşyp aligiň kakasyna seretdiler. olar indi hiç zat haýyş etmeýärdiler. bir salymdan hemmesi seslerini çykarman tirkeşip, yzlaryna öwrüldiler we ýöräp ugradylar. -iň soňky gezek,- diýip kakasy ardynjyrap, sesini götermän ogluna käýedi.- iň soňkudur... bar... ýöne seret, ýene-de bir gezek garagolluk açaýsaň... alik gözleriniň ýaşyny süpürüp kellesi bilen ümledi /”hawa, ýogsa näme..., ýene-de bir gezek...”/ we ok atylan ýaly howla summat boldy. kakasynyň ýüregi ýerine gelen ýaly boldy. ol uludan demini aldy. terjime eden kakamyrat geldiýew.