taryh sapagynda mugallym şeýle bir täsirli düşündürýärdi, hamala onuň ömri biziň eýýamymyzdan öňki döwürde geçipdirde, häzir ol öz ýaşlygyny ýatlaýardy. “şikara çykanlar üçin mamontlara duşmak örän howuply bolupdyr... soňpa hemmesi özgeripdir... demirgazykdan buzluk aralaşypdyr... aýazlyk gelipdir... haýwanlaryň derisinden ýapynja edinmeli bolupdyr.” asyr gatlaklarynyň islendik tarapyna böküp geçýän mugallym, hiç zat bolmadyk ýaly oýyňa gelmejek soraglary berip okuwçylary aldym berdime salyp bilýärdi- “indi bolsa marafon urşuny ýatlalyň”.şu gün hem şonuň ýaly boldy: -spartagyň gozgalaňy! jogap bermäge gelmeli... zontikow! zontikow ýrinden turdy-da, çuňňur gynanç bildirýän ýaly doňup galdy. -sen näme, dogrudan hem gozgalaňyň geçişi ýadyň düşmeýärmi- diýip mugallym çyny bilen sorady. -ýadyma düşmeýär- diýip zontikow kellesini ýaýkaýar. ýadynyň çökmagine onuň özi hem geň galdy öýüdýän. haýran galma ikilik bilen gutarýar. -sen okadyňmy- diýip gaharly ýerinde oturan zontikow partadaşyndan soraýar. babkin dymýar. çärýegiň dowamynda dokuz ikilige eýe bolan okuwça, bular ýaly sorag bermrgiň özi akmaklyk bolsa gerek. gözüni süzüp oturan babkin, kynlyk bilen okuw kitabynyň gatyny açyp, “spartagyň gozgalaňy” diýilýän sözbaşa gözüni aýlaýar. “ýene-de gozgalaň!- diýip ol gaharly pikir edýär- ýa sisiliýada bolmaly, ýa-da rimde... her gezek hem ýeňiliş... soňra bolsa ikilik... ikilik...” -ýeňilişiň sebäpleri barada bize gürrüň berer... ýetip gelýän heläkçiligiň öňünde, babkin sowukganlylygyny ýitirmeýär. ol gorky diýilýän zadyň nämedigini bilmeýär, ol örän köp kynçylygy başyndan geçirdi. -babkin! ýüzüni ýumruk ýzlary tutan baýry weteran babkin doska çykdy. -hany, sen bize aýdyp ber,- diýi8p pawel sergeýewiç gaýtalaýar- ýeňilişiň sebäpleri nämede?- we dessine soragyny dowam etdirýär:- häme üçin gullar ýeňilipdirler? babkin tukat ýüzüni sallap, uzak wagtlap dymyp durýar, soňra hüžžük saçly kellesini galdyryp, bolşuna göräw jogap berdi: -gullaryň ýeňilenleriniň sebäbi, olar onuň sebäbini bilmeýän ekenler... jogabyň netijesi ikilik we ol ýene-de oz mähriban partasyna dolanyp gelýär. -meniň sabyr käsäm doldy- diýip ol gazap bilen pyşyrdaýar,- gaýdyp taryh sapagyna gelmeýärin!.. -men hem gelmeýärin,- zontikow dişiniň arasynda syzdyrdy,- meniňki hem doldy... şeýlelik bilen babkiniň ýolbaşçylygynda gozgalaň turuzmak hyýalyna gelindi. ilkinji çaknyşyk ertesi gün mekdepden çykylanda boldy. -zontikow,- diýip mekdebiň direktory ony saklady.- sen pawel sergeýewiçiň nirede ýaşaýanyny bilýärmiň?.. örän oňat! şu bukjany şoňa eltip ber. kän eglenmegin, ýogsa öýňüzde alada ederler, düşündiňmi? babkin bilen zontikow gürleşmän barýardylar. zontikow gybyrdyklap barşyna, aladaly töweregine garanjaklaýardy. babkin bolsa bukjany ýagta tutup, onuň içindäki zadyň nämedigin i bilip bilmänden soň, gam derýasyna batdy. ...basgançakdan gyssanman çykdylar. güçden gaçyp ,gapynyň öňünde durdylar. -meniň öýümde alada edýändirler...- diýip zontikow ýzyna öwüriljek boldy. babkin onuň ýeňsesine kakdy: -bol çaltyrak gapyny kak!.. gorky zontikowy batyrlandyrdy: -özüň kak!.. birdenkä gapy açylyp, oňa ýaplanyp duran babkin ok kimin koridora girip gitdi we kitap goýulýan şkafyň öňüne ýykyldy. ýzda ylgap barýan aýak sesleri eşidildi. zontikow basgançakdan aşaklygyna ýlgap barýardy. -salam mugallym,- diýip babkin ýerinden turdy. -salam.- pawel sergeýewiç gapyny ýapdy. -direktor maňa “çalt bolşuňy et” diýdi-0 diýip babkin düşündirdi- ol size hat ugratdy... -bolýar...- mugallym bukjany aldy.- köp sag bol... işikde durma... näme dursuň?.. içerik geç. öýe gireli bäri birinji gezek kellesini galdyran babkin ör- gökden geldi: öňünde egni penjeksiz, ýönekeý köýnekde taryh mugallymy durdy. -egniňdäkini gykaraý,- mugullym ýylgyrdy. näme edýänine-de kynlyk bilen düşünýän babkin, ygtyýarsyz otaga tarap ýöneldi. -gelen bolsaň otur, myhmanym bolarsyň. häzir çaý içeris. gutarnykly gürlemeden galan babkin, stoluň başyna geçip, bir bölek kolbasany eline aldy. mugallym stakanyndan bir owurt owurtlady. babkin hem öz stakanyndan owurtlady. ýene-de doňup mugallyma seretdi: onuň iýişini henize çe3nli hiç kim görmändi. mugallym wilka bilen bir bölek kolbasany agzyna saldy. “iýäýdi” diýip babkin haýran galdy. ol birden otagyň içindäki şübheli ümsümlügi aňdy we gyssanman töweregine göz aýlady. onuň göwnüne bolmasa häzir mugallym sapaga başlajaga meňzedi: “gadymy grasiýaň tebygaty, babkin, kaşaňdyr... ýyly, deňiz klimaty bar...” ýöne mugallym gyssanmaýardy. -sen näme şeker almaýarsyň,- diýip mugallym gürrüňe başlady.- utanma... -maňa şeýlede tagamly.- babkin uludan demini aldy. ol özüniň utanjaňlygyny görkezmejek bolkup, töweregine garanjaňlap başlady. garaşylmadyk ýagdaýda onuň gözi “biziň eramyzdan öňki 1-nji asyr rim imperiýasy” diýen karta düşdi.. mugallymyň ýüzi açyldy. -tanadyňmy? -hawa...-diýip babkin ýaltalyk bilen jogap berdi... “çaýdan soň sorar,- diýip ol pikir etdi.- tanaman hem bir gör. iki aý bäri depesinden urup otyrs, ýykyp bilmän geçdik bu imperiýany...” berberileriň çozuşyna babkin sabyrsyzlyk bilen garaşýardy: çozuşdan soň imperiýa dagan eken... çaýyndan bir gezek owurtlap, ol uludan bir demini aldy: näme-de bolsa öňünde “gowşaklyk” bardy. imperiýalar bolsa asyrlaryň dowamynda gowşaýardy... garaşmaly bolsa akylyňdan azaşsa boljak. babkin ýene mugallymyna şübheli seretdi. “häzir çaýyny bular-da, aýdar: hany, babkin kserksiň gresiýa baran ýoluny görkez”. bu sorag babkine geçen ýyl berilipdi. şonda onuň pikirine görä persiýaň patyşasy kserksiň flotiliýasy gresiýanyň deňesinden geçip giden eken... “islän soragyny berip biler, onuň soragy gyt däldir”. babkin tolgunmakdan ýaňa gorsanyp başlady. -siziň kartaňyz, pawel sergeýewiüç, bir hilegiräk eken-dä...- diýip ol ýanamsyz söze başlady.- göwnüme bolmasa mekdepdäki başga hilli... siz häzir sorasaňyz, men hiç zat görkezip bilmerin diýip pikir edýärin. -öňki karta,- diýip mugallym köşeşdirdi,-sen ýöne üns berip seret. “çorçoga çolaşdyň gerek”-diýip babkin karta dartgynly seredip oturşyna käýindi. appenin ýarymadasynda rimiň sudury garalyp durdy. -han-ha rim, pawel sergeýewiç!- diýip babkin birden-kä teňňe tapan çaga ýaly barmagyny çommaltdy. -hawa!- diýip pawel sergeýewiç hoşniýetli seslendi.- bu ýerden rim örän oňat görünýär. damask bolsa, görünmeýär diýen ýaly. -hawa...- babkin mynny- mynny edip, gözleri bilen kartanyň eýlesini beýlesini sökdi, ýöne... -mekdebiň kartasyny ahyr tanadyňmy?- diýip mugallym gözüni süzdi. -hawa...- diýip babkin ýene-de gümür- sümür etdi we... birden-kä sözüni kesip ýerinden galdy.- men öýe gaýdaýyn,- onuň sesi gyryljak çykdy,- matematikadan öý işi diýip mesele berdiler, bölüp bilmän geçdim... artyk çykyp dur... ...ertesi zontikow babkini mekdebiň iç- işiginde saklady -ahyry tutdym-ow!- ol çauş çakyp başlady- men seni ertirden bäri gözläp ýörin. häzir taryh başlaýar. bu gün nirä gaçarys? babkin ýüzüni çytdy. -bilýäňmi näme,- ol gapdala seretdi,- men pikirimi üýtgetdim... -o näme diýdigiň?- zontikow agzyny açyp galdy. babkin dymyp durdy. -o näme diýdigiň?!- bu gezek zontikowyň sesi gazaply çykdy.- düýn ýaňrap duran özüň dälmidiň! “gitmeris, gitmeris” diýip!- ol babkiniň agzyna öýkündi. -häzir tumşuguňa kakýan- diýip babkin elini galdyryp haýbat atdy. zontikow gorkusyna itelenip gitdi. onuň sesi pessejik çykdy: -näme üçin? saňa näme boldy? sebäbini bir aýt ahyry. jaň kakyldy. olar klasa girdiler. bir minutdan pawel sergeýewiç gapyda peýda boldy. ol “biziň eramyzdan öňki 1-nji asyr rim imperiýasy” kartasyny tagtadan asdy, soňra babkiniň ýüzüne äňetdi we ýeserlik bilen ýylgyrdy. babkin utanjyna çym- gyzyl boldy, soňra zontikowa tarap egilip ýuwaşlyk bilen pyşyrdady: -düýn biz onuň bilen kolbasa iýdik... terjime eden kakamyrat geldiýew.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir