Gözel paýtagtymyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk hökmünde geçiriljek Synag ýaryşlarynyñ ilkinjisi 2016-njy ýylyñ maý aýynyñ 26-30 aralygynda geçiriler. Sportuñ Sambo görnüşi boýunça ulularyñ, ýaşlaryñ we ýetginjekleriñ arasynda geçiriljek Aziýa çempionaty Paýtagtymyz Aşgabat şâherindâki Olimpiýa şâherjiginiñ Başa-baş söweş sungatlary boýunça sport toplumynda geçiriler. Bu bâsleşige 30-a golaý döwletden 500-e golaý türgenleriñ gatnaşmagynda geçiriljek Sambo boýunça Aziýa çempionatyny Türkmenistanyñ Sport baradaky döwlet komiteti hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti bilelikde guraýar. Sportuñ Sambo görnüşi bilen gyzyklanýanlary, sport janköýerlerini we paýtagtymyzyñ ýaşaýjylaryny bu özboluşly sport baýramçylygyna tomaşa etmâge çagyrýarys.

Köneler, nexttmm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir