"Magtymguly, sözlär tili Türkmeniň" Magtymguly Pyragy. Türkmeniň Asmany asuda, çeşmesi dury, Alnyndan akyp dur rehnetiň nury. Ýaýlasy sonarly, örüde süri, Gapysy bakjaly-bagly Türkmeniň. Bilbil owazy bar aýdym-sazynda, Söýgi bar, rakyp bar ogul-gyzynda. Hödür bar-kerem bar güler ýüzünde, Muhabbeti Günden çogly Türkmeniň. Derýa ýerne derýa, çöl ýerne çöli, Deňiz ýerne deňzi, köl ýerne köli. Tebigy baýlykdan dokuzy doly, Dag ýerne keremli dagly Türkmeniň. Her hal gözlemändi arzany, mugty, Zähmetiň eşreti-arzyly tagty. Bir supra jem bolup gazanan bagty Saçakda lukmasy ýagly Türkmeniň Lebzimiz halallyk, tagammyz datly Ilimiz bagtyýar gadammyz batly. Öňe alyp barýar Arkadag atly Hak nazary düşen ogly Türkmeniň. Bir berkarar döwlet diýen Pyragy, Ajap zaman geldi, oýan, Pyragy! Watanyny jandan söýen Pyragy, Ruhuňa baş egýär ili Türkmeniň!