Döwletimizde häzirki wagtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň degişli edaralaryny we jemgyýetçilik guramalarynyň işini kämilleşdirmekden, şeýle hem ýurduň kanunçylygyna we hukuk ulanyjylyk tejribesine halkara gumanitar hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmak ýaly işler yzygider durumuşa geçirilýär.. Türkmenistanda adam hukuklary boýunça halkara gumanitar hukugy halkara borçlanmalaryny ýerine ýetirmek ugrundykay Türkmenistanyň Hökümetara topary, şeýle hem BMG-niň Ýokary Komissarynyň Müdirligi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Ýewropa Birleşigi bilen bilelikde işler geçirilýär. Agzalan halakara guramalar bilen bilelikde amala aşyrylýan maksatnamalaryň çäginde ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde ilatyň hukuk bilim derejesini ýokarlandyrmak, degişli maglumatlara elýeterliligi artdyrmak esasy maksady bolup, halkara standartlaryna laýyklykda adam hukuklaryna ýardam etmek we olary goramak boýunça milli mümkinçilikleriň berkidilmegine gös-göni hyzmat edýär. Maglumat merkezleri adam hukuklary babatda ilatyň giň gatlaklary, tejribe toplaýan hukukçylar, ýokary okuw mekdepleriň talyplary we mugallymlary we beýlekiler üçin ýöriteleşdirilen edebiýatlara we elektron serişdelerine eýedir. Munuň özi döwlet bilen raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejesini üpjün eder, adalatlylygyň we adamlaryň bähbitleriniň goralmagyna öz täsirini ýetirer. Biziň ýurdumyzyň kabul edilen möhüm resminamalardaky öz üstüne alan halkara-hukuk borçnamalaryny ýerine ýetirmekde gyşarnyksyz berjaý etýär.

Köneler, nexttmm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir