Güneşli Türkmenistanyň ajaýyp tebigaty bar: dag ýerinde Köpetdag, Köýtendag, Uly Balkan, Kiçi Balkan ýaly belent-belent daglary seleňläp görünýär, derýa ýerinde Amyderýa, Murgap, Tejen, Sumbar, Etrek ýaly bol suwly derýalary tolkunup akýar, deňiz ýerinde Hazar deňziniň uç-gyraksyz mawy tolkunlary çyrpynyp ýatyr, sähra ýerinde Garagumyň aňňat-aňňat gum depeleri ýaýylyp gidýär, ýylyň dört paslynyň sazlaşykly çalyşmagy bilen, ene Zemin öz gözel keşbini özgerdip, ajaýypdan-ajaýyp müdimi sazlaşygy döredýär. Güneşli Diýarymyzyň özboluşly tebigaty ýylyň dört paslynda-da özüniň jadyly görkanalygy, jana melhem tämiz howasy, tenekar ýaly arassa durnagöz çeşme-çaýlary, şypaly salkyn saýaly baglary, kalbyňy heýjana salýan läle-reýhanly, reňbe-reň älemgoşarly sähralarynyň owadanlygy bilen ynsan balasyny özüne baky aşyk, müdimilik bendiwan edýär. Tebigata çyn aşyk bolan ynsanyň gözellige teşne kalby, ýüregi bu ajaýyplygy synlap, ondan tükeniksiz lezzet, soňlanmajak ylham alyp, inçeden-inçe näzik hem owadan duýgulardan, buýsançdan hem bagtyýarlykdan pürepürlenýär. Keremli türkmen toparagynda täsin tebigy künjekler, gözel ýerler näçe diýseň bar. Köýtendag türkmen topragynyň şeýle ajaýyp hem täsin künjekleriniň biridir. „Gudrat görseň, daglara bar“ diýip, pähim-parasatly pederlerimiz juda jaýdar belläpdirler. Dogrudan-da, daglar Zeminiň hakyky gudratly künjegi hökmünde ynsany elmydama tolgundyryp gelipdir. Beýik daglaryň dumanly belent-belent başlary ynsanyň kalbynda buýsançly beýiklik duýgusyny oýarýar. Ynsan daglardan belentligi, buýsançlylygy, merdanalygy, sarsmaz kuwwatlylygy öwrenýär. Açyk howaly günler has-has alyslardan hem görünýän Köýtendag özüniň täsin tebigy ýadygärlikleri bilen dünýäde giňden tanalýar. Köýtendag ýurdumyzyň günorta–gündogarynda, Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşip, ol Gissar dag gerşiniň günorta-günbatar dowamydyr. Köýtendag günorta-günbatara 100 kilometre çenli uzalyp, ini 30 kilometre çenli ýetýär. Bu ýerde Türkmenistanyň iň beýik nokady-beýikligi 3137 metr bolan Aýrybaba belentligi hem-de ýurdumyzyň iň gündogar nokady-Hojapil obasy ýerleşýär. Eýýäm Köýtendag etrabynyň çäklerine ýeteniňde, üýtgeşik reňk aýratynlyklara eýe bolan, gyzylymtyl, sarymtyl, çalymtyl reňkli daglara gözüň düşýär. Köýtendag şäherçesiniň etegindäki daglaryň reňki has-da gyzaryp görünýär. Magdanly pes daglyklaryny synlanyňda, özüňi başga bir planeta düşen ýaly duýýarsyň. Üýtgeşik çalymtyl reňkli ýalaňaç daglaryň şekili fantastiki kinofilmlerdäki Aý peýzažlaryny ýatladýar. Köýtendagyň goýnunda dereleriň, çeşmeleriň, gowaklaryň, kölleriň, dag tekizlikleriniň (platolaryň) ençemesi bolup, olardan Umbardere, Tutlydere, Daraýdere ýaly dereler, Umbardere şaglawugy, Gaýnarbaba mineral çeşmesi we howdany, Dinozawrlaryň platosy has meşhurdyr. Bu ýeriniň florasy (ösümlik dünýäsi) hem-de faunasy (haýwanat dünýäsi) özboluşly aýratynlyklara eýe bolup, Köýtendagda ösümlikleriň, mör-möjekleriň we haýwanlaryň ýüzläp görnüşi gabat gelýär. Kert-kert gaýalaryň arasy bilen birnäçe kilometrlere uzap gidýän dereleriň içine düşeniňde üýtgeşik tebigy sazlaşyga haýran galýarsyň. Dereleriň içi bilen şaglap akyp ýatan bol suwly çeşme-çaýlaryň buz ýaly sowuk suwy yssy tomus aýlarynda has-da jana şypalydyr. Howanyň ýokary gyzgynlygyna garamazdan, salkyn-saýaly derelerde tomsuna-da özboluşly salkyn mikroklimat höküm sürýär. Gök-ýaşyl öwsüp oturan hozdur injir, pissedir tut agaçlary, çynarlar, gök otlaryň, gülleriň dürli görnüşleri täsin gözelligi döredýär. Çeşme-çaýlaryň boýunlarynda käkiliklere we beýleki guş-gumrulara ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar. Köýtendagda ýaşy birnäçe ýüz ýyla ýeten äpet çynarlar, giden arçazarlyklar, unaby agajynyň täsin tokaýlygy bar. Köýtendagyň dereleri biri-birinden gözel, görkana, täsin. Umbarderede bolsa 27 metr belentlikden gaýdýan şaglawuk akyp ýatyr. Ýokardan gaýdýan suwuň şaggyldysy uzaklardan eşidilýär. Suwuň dür damjalaryndan parran geçýän gün şöhleleri ajaýyp älemgoşary döredýär. Şaglawugyň inýan ýeriniň giňligi 5-6 metre barabardyr. Bu sebitde has ululygy bilen tapawutlanýan kömelek-de bar. Oňa ýerli halk „guzyguýruk“ diýýär. Ak reňkli täsin kömelegiň şeýle atlandyrylmagyna, megerem, onuň ululygynyň edil guzynyň guýrugynyň ululygyna çenli bolýandygy sebäp bolan bolsa gerek. Il arasynda „Dinozawrlaryň platosy“ diýen at bilen meşhur bolan tebigy ýadygärlik Hojapil obasynyň golaýynda 1300-1600 metr belentlikde ýerleşip, ol uzynlygy 500 metre, ini 260 metre deň bolan tekiz belentlikdir. 1980-nji ýylda tapylan dinozawrlaryň bu ýerdäki yzlarynyň sany 400-den geçýär. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu gadymy yzlaryň ýaşy 150 million ýyla deň bolup, olar ösümlik iýiji nanodontlara we käbir ýyrtyjy dinozawrlara degişlidir. Üç barmagyň şekilindäki oýuk yzlaryň ululygy 70-80 santimetr, aradaşlygy 1,5 metr töweregidir. Çaklamalara görä, şol dinozawrlaryň boýy 8-12 metre, göwresiniň uzynlygy 5 metre, agramy hem 5-10 tonna barabar bolupdyr. Bu äpet jandarlaryň yzlary ylym üçin gymmatly tapyndydyr. Ýeri gelende aýtsak, Köýtendagda dinozawrlaryň yzlarynyň 2500 sanysy tapylypdyr. 1990-njy ýylda dinozawrlaryň tekiz belentligi (platosy) paleontologik tebigy ýadygärlik diýlip yglan edilip, häzirki wagtda goralýar. Garlyk şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän Gaýnarbaba mineral çeşmesi we howdany il arasynda keramatly saýylýar. Çünki asyrlar boýy ynsanlar onuň kükürtliwodorodly suwundan we palçygyndan peýdalanyp, şypa, em tapyp gelipdirler. Çeşme we howdan özboluşly ekoulgam bolup, onda suw ösümlikleri, jandarlar we balyklaryň aýratyn görnüşi gabat gelýär. Köýtendagyň, Magdanly pes daglarynyň we olaryň daş-töwereginiň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak maksady bilen döredilen, düzümine Garlyk, Hojapil, Hojaburjy çäkli goraghanalary-da girýär. Köýtendag döwlet goraghanasynyň çäginde Halkara Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag tekesi –marhur ýaşaýar. Şonuň ýaly-da, bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen beýleki käbir haýwanlar: gaplaň, geçigaplaň, garagulak, syrtlan, alajagözen, jeren, zemzen, kepjebaş, buhara dag goçy (arhor), täjik suwulgany, takyr gömülgeni, alaja ýylan, köýten kör ýalaňaç balygy, laçyn, bürgüt, gara leglek, ýylançy gyrgy, gajar, mazar garaguşy gabat gelýär. Köýtendagyň ýene-de bir täsin tebigy ýadygärlikleri-bu ýerasty gowaklardyr. Karst hadysalarynyň, ýagny ýerasty suwlaryň hereketi netijesinde millionlarça ýyllaryň dowamynda emele gelen gowaklar onlarça kilometre uzap gidýärler. Şeýle iri gowaklaryň biri-de Gapgotan gowagydyr. Onuň uzynlygy 56 kilometre ýetýär. Gapgotan gowagy Garlyk şäherçesiniň 7-8 kilometr demirgazyk-günbatarsynda ýerleşýär. Bu ýerde iňňän täsin balyk-Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen köýten ýalaňaç kör balygy (goles) ýaşaýar. Olaryň sany örän ujypsyzdyr. Alymlar tarapyndan 1979-njy ýylda ýüze çykarylan bu täsin balyjaklar gözsüz, ýüzgüçleri süňksüz, garynasty ýüzgüçleri azsanly buýnuzly, endamlary tegmilsiz, ýüzgüç haltasyz bolup, olar million ýyllaryň dowamynda diňe şu gowakdaky ýerasty kölde, ähli dünýäden üzňe ýagdaýda ýaşap gelipdirler. Dünýäniň beýleki yklymlarynda şuňa meňzeş täsin balyjaklar diňe Amerika yklymynda tapyldy. Köýten ýalaňaç kör balyjagy diňe şu kölde ýaşaýar we bu görnüş dünýäde başga hiç bir ýerde gabat gelmeýär. Olaryň ýaşy birçaklar ýok bolup giden äpet dinozawrlaryňkydan pes däldir, ululygy bolsa 5 santimetre ýetýär. Bu täsin balyjaklara janly tebigatyň hakyky gudraty diýse bolar. Köýtendagyň ýerasty gowaklary, sözüň doly manysynda, ýerasty şalygynyň ajaýyp hem täsin köşgi-eýwanlaryna çalym edýärler. Stalaktitler we stalagmitler bilen kemsiz bezelen ajaýyp zallar ertekilerdäki ýaly ajaýyp görnüşlere iňňän baýdyr. Baky tümlige gaplanan jadyly zallara ýagtylygyň düşmegi bilen, biziň göz öňümizde täsin gözellik peýda bolýar. Bu gözelligi söz bilen beýan etmek asla mümkin däl bolsa gerek. Ony döreden ajaýyp ussada-tebigata haýran galýarsyň. Gülşirin gowagynyň gözel zallary muňa aýdyň mysal bolup biler. Birnäçe kilometrlere uzap gidýän gowagyň beýikligi 50 metre ýetýän birnaçe ajaýyp ýerasty zallary göreni haýran edýän derejede ajaýypdyr. Köýtendag kükürt, kaliý, selestin, oniks ýaly dag-magdan baýlyklaryna, magdan däl gurluşyk materiallaryna, daşlara, gipse örän baýdyr. Umuman-a, Köýtendaga durşuna “hazynaly hum” diýseňem boljak. Onuň baýlyklaryny özleşdirmek ugrunda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň edýän aladalary netijesinde bu sebitde täze kuwwatly dag-magdan baýlaşdyryjy toplum we beýleki iri senagat desgalary güýçli depginler bilen gurulýar, ýagny Köýtendag-Garlyk senagat zolagy kemala gelýär. Geljekde Köýtendagda diňe bir senagaty däl, eýsem syýahatçylygy, ekologik syýahatçylygyny, şypahana-dynç alyş ulgamyny ösdürmek ugrunda-da tutumly işlere badalga beriljekdigine berk ynanýarys. Çünki Köýtendagyň ajaýyp tebigy aýratynlyklary, tebigy baýlyklary muňa giň mümkinçilikleri açýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Köýtendaga döwran dolanýar, onuň ady dilden–dile, ilden-ile geçip, meşhurlyga eýe bolýar.

Köneler, parahattm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir