-sapaga jogap bermäge çykmaly... lýonka woloskow demini alman okuw kitabyna kellesi bilen girdi. tolgunmadan ýaňa gözleri sözlemleri saýgarmady. mugallymyň galamy assalyk bilen jurnalyň ýüzünden gaýyp başlady. “a” we “b” bilen başlaýan familiýalar köşeşdiler. galam “w”- niň üstünden barýar... “çaltrak”, -diýip woloskow gyssady. galam birden-kä togtady. “men däl” –diýip woloskow gaýtalaýar, -“men däl”. -tagta gelmeli... “meni bir çagyrma... eger-de çagyrmasaň, sapagymy günde okaryn...” galam çukura düşen ýük ulagy ýaly iki ýana gaýmalap assyrynlyk bilen aşaklygyna süýşenekleýärdi... -korýakin!.. woloskow uludan demini aldy. -men okamadym. hiç zat bilemok. woloskow tasdan-da partasyndan ýykylypdy. “töňňe”-ol gaharly hyklady- “her gezek okaman gelýär... ömrüňde bir gezek bir oka-da...” -näme üçin?- mugallym ýüzüni çytdy. -uzynly gün kelläm agyrdy...” “kelläm agyrdy diýen bolýar!”- woloskow öz ýanyndan hüňürdedi.- “uzynly gün futbol oýnadyň sen... kelläm!.. döwülmezmikä seniň şol kelläň...” -belki seniň bir zatlar ýadyňda galandyr. kyn däl material ahwetin. bu eýýämi seniň fizikadan ikinji ikiligiň ahyryn. -bar hany- diýip woloskow pyşyrdady.- bolgusyz material, nämesi bar, gürläber! -bütin klas bolup kömek ederis.- mugallymyň sözi lýonkany umytlandyrdy. -hökman kömek ederis!- diýip ol gygyrdy.- elmydama kömek ederis! -ýok,- korýakin çykgynsyz güne düşeniň sesi bilen jogap berdi.- başaramok... -bar diýýän saňa,- woloskowyň sesi wehimli çykdy.- ikinji gezek ikilik alasyň gelýärmi... -bolýar, otur onda.- mugallym täzeden jurnala tarap egildi.- mesele öňkidir...häzir bolsa... “eger çynym, indiden beýläk okaryn, söz berýärin,- diýip lýonka samrap başlady.- günde on sagatlap okaryn, eger çagyrmasalar. oýnamaga gitmerin! günde irden maşklary ederin!..” -graçow! graçow tagta çykdy. -ýeňil mesele!- woloskow ätiýaçdan pyşyrdady, soňra bolsa öňündäkilere ýüzlenýän terzde:- gaýtalap oturmaň... häzir meni çagyrýarlar...- diýdi. şol wagt graçowyň jogaby soňlap gelýärdi. “çaltyrak sapaklar gutarsa, öýmize gitsek.- diýip lýonka uludan demini aldy.- ertir ýekşenbe... öýleri ýygnaşdyrmaly... ýuwmaly... goňşulara-da... kime kyn bolsa... ýogsada olaryň haýsy birsine kynka? içigaragalmyş, olaryň barysy ýaş hem daýaw ahyryn. ilerki köçede bir garryja mama bolmaly... gidip şoňa kömek edeýin. soňra dessine sapaklarymy etmäge oturaýyn... ikiden alta çenli... fizika... -tagta gelmeli-i... “fizika sapagy gutardygy- göni garry mamaň ýanyna ylgaýan...” -gelmeli-i... woloskow mugallymyň ýüzüne gözlerini gyrpman dikanlap seretdi, ondan nazaryny aýyrman “moçalkin! moçalkin!”- diýip samrap başlady. ýöne mugallymyň duruşy parhsyzdy. woloskow gözlerini süzdi, äňini gaýşartdy. “moçalkin, moçalkin... bolmasa paşkow”,- diýip ol mugallyma “jomartlyk” etdi. “woloskow sapagyny gowy bilýär... ondan soňky sapaklarda sorasaň hem bolýar, woloskow wagtly- wagtynda okap, öwrenip ýör... moçalkini bolsa haçandan bäri çagyranoklar...” ahyry aýgytlaýjy pursat geldi... lýonka çygyndy, ýüzi çym- gyzyl boldy: “jogap bermäge çykýar... moçalkin! moçalkini diňläliň! moçlkin, özüňi duýuşyň nähili?!” -woloskow!.. mugallymyň agzyndan çykan söz, lýonýaň endamyna gülle bolup girdi. “hany entek gyssanma... entegräkden turaý...”- woloskow umyt bolmasa-da, belany özünden sowa geçirjek boldy. emma mugallym dikdüşdiligini edip, oňa gözüni dikdi durdy. ... ikiligini alansoň, woloskow keýpsiz halda partaň arka diregine ýaplanyp, doňan ýaly bir salym oturdy. soňra, özüne gelenindensoň gyssanman mugallymyň ýüzüne çiňňerildi, lýonýaň ýüzi äm- sämdi, onuň üçin düşnüksizdi, ol geňirgenýärdi: “bir güniň içinde on sagat ýadaman... garry mamada kömek... töweregime-de... adamlar nähili bolaýypdyrlar-aý...”

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir