Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz Türkmenistan ykdysady, syýasy we medeni taýdan uly ösüşleri başdan geçirýär. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen birlikde, Türkmenistany ykdysady taýdan durnukly ösýän, ynamly öňe barýan döwlet hökmünde dünýä ýüzüne aýan edýär. Bedew bady bilen öňe barýan döwletimizde, ähli ugurlar bilen bir hatarda, dürli künjeklerde, şol sanda paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri hem giň gerime eýedir. Ýurdumyzda şähergurluşyk – binagärlik maksatnamasynyň esasynda ak mermerden bina bolan Aşgabat biziň ak bagtymyz hem buýsanjymyzdyr. Baş şäherimiziň belent binalaryna, ikiýanlaýyn uzalyp gidýän täze ýollaryna, olaryň ikiýan çetinde döredilen ýaşyl bossanlyga, Aşgabadyň gijelerini gündizlige öwrüp, asman ýyldyzlary kimin sansyz çyralaryna gözüň düşende, ata Watana bolan buýsanjyň has-da artýar. Şaýollaryň, köçeleriň çatryklarynda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan, tutuşlygyna güllere we baglara beslenen aýlawlar, olaryň köpüsiniň merkezinde gurlan beýik binalaryň ýokarsynda ýerleşdirilen nurana heýkeller paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürdi. Paýtagtymyzyň görküne görk goşýan iki gatly kaşaň köprüler, biri-birinden owadan hem arassa şaýollar, köçeler ak şäherimiziň keşbine gözellik çaýýar. Bu ajaýyp şäherimize dünýäniň çar künjünden yzygider myhmanlar gelýärler. Aşgabatda halkara derjesinde maslahatlar, dürli medeni çäreler, festiwallar geçirilip durulýar. Bu ýere gelýän myhmanlar Orta Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabadymyzyň arassalygyna, gözelligine haýran galýarlar. Aşgabat sebitde we dünýäde parahatçylygy, ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni gatnaşyklary ösdürmegiň merkezi şäheri hökmünde meşhurlyga eýe boldy. Paýtagtymyzda durmuş we medeni maksatly ymaratlar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, edara binalary, hassahanalar, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylym ojaklary, sport desgalary yzygider gurlup ulanylmaga berilýär. Aşgabatda tutuş jaý toplumlaryny we beýleki binalary özünde jemleýän şaýollar gurulýar. Şol ýerlerde adamlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ähli şertler hem döredilýär. Häzirki döwürde paýtagtymyzda bina edilýän desgalar dürli maksatly hem-de ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän derejede ygtybarly bolmak bilen bir hatarda, özüniň owadanlygy, gaýtalanmajak binagärlik gözelligi babatynda hem tapawutlanýar. Aşgabadyň binalarynyň birnäçesi owadanlygy hem täsinligi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Her ýylyň 25-nji maýynyň “Aşgabat şäheriniň güni” diýlip yglan edilmegi-de paýtagtymyzyň medeni ösüşinde möhüm waka boldy. 2016-njy ýylyň 26-njy martynda bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynda “Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda” Kanun kabul edildi. Bu Kanun ýurdumyzyň ýüregi gözel paýtagtymyzyň diňe bir binagärlik taýdan ösüşini däl, eýsem, paýtagtyň halkara derejesindäki ähli şertleriniň kemala getirilmegi, halkymyzyň berkarar döwletimiziň beýik geljeginiň hatyrasyna yhlasly we tutanýerli, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegi bilen pugta baglanyşykly meseleler göz öňünde tutulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň şöhratly zamanasy hökmünde taryhyň altyn sahypalaryna girdi. Şäherlerde we obalarda gurulýan edara binalarynyň, amatly ýaşaýyş jaýlarynyň, iň soňky tehnologiýalar bilen üpjün edilýän önümçilik kärhanalarynyň ajaýyp toplumlary yzygiderli ulanylmaga berilýär. Halkara ähmiýetli awtomabil we demir ýollar çekilýär, howa gatnawlary üpjün edilýär. Täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi paýtagtymyzyň keşbini tanalmaz derejede özgerdäýr. Häzirki wagtda Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, medeni-maksatly binalar we desgalar toplumlaýyn amala aşyrylýar. Türkmenistan Halkara hyzmatdaşlygynda dost-doganlyk syýasatyny baş ýörelge hökmüde öňe sürýär. Şonuň netijesinde, paýtagtymyz syýasy, ykdysady, ylym-bilim, gumanitar-medeni, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýän iri halkara we sebit ähmiýetli maslahatlaryň, sergileriň we sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. Şoňa görä-de, Aşgabatda iň häzirkizaman hyzmat ediş desgalarynyň, şol sanda myhmanhanalaryň, seýilgähleriň, söwda merkezleriniň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Aşgabadyň sazlaşykly ösmegi üçin möhüm şertleriň biri hem aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmekdir. Halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän häzirkizaman ulag ýollary gurlup ulanylmaga berilýär. Paýtagtymyzyň owadan şaýollaryna, köçelerine gözellik goşýan awtoduralgalaryň bolmagy hem şäherimiziň ähli taraplaýyn ösýändigini görkezýär. Häziki döwürde Aşgabatda Halkara howa menziliniň gurluşygy dowam edýär. Sagatda 1 müň 600 ýolagça hyzmat etjek bu howa menziliniň gurluşygyny ýakyn wagtda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Aşgabatda ýollaryň durkuny täzelemek, köprüleri, estakadalary gurmak boýunça işler batly depgin bilen alnyp barylýar. Paýtagtymyzyň binagärlik gözelligi, onuň ajaýyp köşk toplumlary, belent binaly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçeleri, şaýollary, köprüleri we bezemen seýilgähleri türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň we röwşen geljege sary batly gadamlarynyň alamatydyr.