Türkmenistan döwletimizde halk hojalyk toplumynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösdürilmegine hem örän uly üns berilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ýurdumyzda täze demir ýol ulgamlarynyň, awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri we ençeme täze köprüler, şol sanda Amyderýanyň iki kenaryny birikdirýän «Atamyrat-Kerkiçi» demir ýol köprüsi, täze howa menzilleri guruldy, dünýäniň iň kämil uçarlarynyň biri bolan «Boing» kysymly uçarlary, deňiz gämileriniň, lokomotiwleriň, ýolagçy we ýük wagonlarynyň we awtoulaglaryň ençemesi satyn alyndy. Ýurdumyzda soňky ýyllarda gurlan demir ýol ulgamlarynyň hatarynda Tejen-Sarahs-Maşat, Türkmenabat-Atamyrat, Aşgabat-Garagum-Daşoguz, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýollaryny görkezmek bolar. Welaýat merkezlerindäki howa menzilleriniň ählisiniň durky täzelendi we döwrebaplaşdyryldy, Türkmenbaşy şäherinde täze halkara howa menzili guruldy we häzirki wagtda Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň hem-de goja Hazaryň türkmen kenarynda täze halkara deňiz portunyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Şeýle-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Watanymyzy kontinent we kontientara howa ýollarynda iri üstaşyr geçiriş merkezine öwürmäge gönükdirlen täze howa menzili gurulýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýokary derejeli ulag ulgamynyň ösdürilmegi we dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegi, türkmen halkymyza hyzmat etmek bilen birlikde sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda gatnaşygyň, hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň täze derejelerini gazanmaga hem hyzmat edýär. Türkmen döwletimizde ulag ulgamynyň ösdürülmegi ozaly bilen öz halkymyza hyzmat edýär we täze polat ýollaryň, awtomobil ýollaryň gurulmagy bilen raýatlarymyzyň bagtyýar zähmet çekmegi üçin müňlerçe täze iş orunlary döredilýär. «Ýol baran ýere ýaşaýyş barar» diýýän Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek barada alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde Aziýanyň we Ýewropanyň ösmegine täsir eden gadamy Beýik ýüpek ýoly dikeldilýär, täze gurulýan demir ýol ulgamynyň we awtomobil ýollarynyň ugrunda täze obalar döreýär we bu obalarda halkymyzyň eşretli, asuda durmuşda bagtyýar ýaşamagyna niýetlenip gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň hatary günsaýyn artýar.