ilki bir köpük utdurdym, soň ýene dört... soňra men pulumy utup yzyna almakçy boldum. bu niýetim, maňa ýene-de bäş köpüge düşdi. oýun karza gidip başlady. algysyny otuz köpüge ýetirip, petka çerenkow oýuny dowam etdirmekden düýpgöter boýun gaçyrdy, ýogsa edil şol wagt ýeňişiň şemaly maňa tarap öwsüp başlapdy. -hökman bererin!—diýip, men ony mejbur etjek boldum. onuň göwnüne algysy artyberse, hasaplaşma tamasy salgyma öwürülip barýan ýalydy. mundan başga-da petka öz wyždanyndan gorkýardy. öýüme keýpsiz halda geldim. irden mekdebe gelenimde, gör nähili imi-salalykdy! klasyň işiginde köwşümi süpürip durkam, nobatçy witka ýabloçkin “gatyrak süpür, ýogsa goýbermerin” diýip gygyrdy. gyňyr bolsa-da, ol gowy oglan eken. hatda diktant üçin alan ikiligime-de gynanmasa boljak eken... indi bolsa... dogrudan hem, indi näme etmeli?! diňe bir çykalga bar, ol hem ýekşenbä garaşmak. şol gün öýde maňa kino üçin pul berilýär. öýüme gelip, stoluň başyna geçdim-de diktantymdaky ýalňyşlyklarymyň üstünde işläp başladym. elime päki alyp, mugallymyň gyzyl syýa bilen eden belliklerini gazap, süpürüp, öz syýam bilen düzetmäge durdum. depämden kakam abananda, düzetmeli ýalňyşlarymyň bary-ýogy üç-dört sanysy galypdy. ol bir salym meniň işlerime üns berip seretdi, soň bolsa: -kinoteatrlarda “bronenoses potýomkin” gidýärmi?—diýip sorady. -hawa!—diýip, men jogap berdim. -örän oňat film,--diýip, kakam dowam etdi. -hawa... kakam kellesi bilen tetradyma ümledi: -sen şol filmi görmersiň. “bronenoses potemkin”... filmiň ady meniň gözümiň öňünde pyrlanyp başlady... “bronenoses potemki”... be, indi men hiç haçan bu filmi görüp bilmeýän? birden-kä!.. diňe indi hadysanyň iň eýmenjine uçranyma akylym ýetdi: men çerenkow bilen hasaplaşmagyň ýeke-täk mümkinçiliginden mahrum boldum. -getirdiňmi?—diýip, ol menden ertesi sorady. -ýadymdan çykypdyr!—diýip men ýalan sözledim. çerenkowyň ýüzi çytyldy. -bir ýerlerde bulka bolmaly—diýip, men portfelimi açdym. –iýjekmi?.. -al bäri! ýöne seret: duşenbe güni hökman getir! indi men ähli umydymy indiki ýekşenbä dikdim. -getirdiňmi?—diýip, çerenkow duşenbe güni sorady. -ýok,--diýip, men mynnyldadym.—sen dowula düşmesene... men ýene iki oglana bergilidim: birsine ýigrimi köpük, beýlekisine on bäş... ýöne maňa-da biriniň elli köpük bergisi bar. -bolýar, ýöne seret,--diýip çerenkow pyşyrdap aýtdy,--ertir-iň soňky möhlet. al bäri bulkany. -häzir, häzir... men gyssanmaç oňa taýynlap goýan ak myssyjak bulkany uzatdym. petka işdämenlik bilen bulka agzyny urdy, soň ýüzüni çytyp:: -gaty eken.—diýdi. uly arakesmede çagalar mekdebiň howlusyny doldurdylar: -degene gözüm menden däl! menden däl! menem: -degene gözüm menden däl!—diýip gygyrdym. -men saňa görkezerin ”menden däl”!—diýip, petka herreldi,--ýok bol şu ýerden!.. -güm bol!—diýip onuň “dostsumaklary”, palkin bilen komkow ony goldadylar. -men az salym siz bilen... -sen ilki otuz köpügiňi ber! meniň gaharyma ýüzüm çym-gyzyl boldy. ýöne öwrülip gitmäni uslyp bilmän, bir salym gymyldaman, olaryň oýnuna seredip durdum. ynha dimka witka koşkiniň yzyndan ýetdi, soň witka sanýa sergeýewi kowalap tutdy, sanka bolsa... “bahym sen otuz köpügiňi alarsyň,petka,--diýip, men özüme göwünlik berdim—soň men ýene-de azatlyga çykaryn”. sişenbe gelip ýetdi, men ýene özümi gaýratly duýup başladym: tizden ýekşenbe geler... soň meniň ýadyma petkaň rehimsiz gözleri düşdi, ýumşak bulka “gaty” diýişi gulagymda ýaňlandy, meniň ýene-de keýpime sogan dograldy. mekdebe ýönelmekçi bolamda, ejem portfelime bulka saljak boldy, şonda men onuň arasyna bir bölek kolbasa goýmaklygy haýyş etdim. bu gezek petka pul barada kelam agyz gürlemedi. ol bada düşündi we ilki bilen elini uzatdy: -bulkany bäri ber! men gyssanmaç portfelimi açdym. tizräk, tizräk!.. al, çerenkow, iý... on, ýigrimi bulka!.. soramasaň bolýar, garaşsaň bolýar... portfelde bulka ýokdy. men gapdal jübini dördim—boş... petka bir aýagyndan beýleki aýagyna geçip, bulka garaşýardy. men howsala düşüp, gyssanmaç kitaplary, tetradlary dörüp başladym, portfeliň içindäki ähli zatlary pola taşladym, soň ep-esli wagtlap ony silkeläp durdum. men jübülerimi dördim, partaň içlerine seretdim... -hany bulka?!—diýip petka gygyrdy. -sumkamdady,--diýip, men aljyrap durşuma pyşyrdadym,--içi kolbasalydy... kolbasa sözüni eşidip, çerenkow gazaba mündi: -indi seret edişime. sapaklardan soň, kitaplarymy ýygnap daşyna çykdym, gyssanman daş-töweregime gözümi aýladym. men taýyndym, ýöne onda-da, olary görenimden tisginip gitdim. olar çüňkde, agajyň aşagynda durdylar: çerenkow we ýene-de kimdir biri. daşdan saýgaryp bolmady. men öwürilip olara tarap ýöneldim: gaçsam olar meni kowalajakdylar. golaýlaşamda men ikinjini tanadym. ol bäşinji “a”-da okaýan, agyr ýumrugy bilen ady belli urşagan molotkowdy. -ynha ol,--diýip çerenkow aýtdy—otuz köpük utdurdy, häzirem berenok. molotkow kyn görýän terzde, uludan demini aldy: -ýençmek gerek! -men seni duýdurdym ahyryn,--diýip, petka heşelle kakdy. -ol seni duýdurdymy?—diýip, molotkow sorady. men başymy atdym. ähli şühbhelerini yzda goýan molotkow: -ýençmeli!—diýdi. onuň uzyn gollarynyň aşagyndan syýa çyrşalan, çüňklek ýumruklary sallanyp durdy. ol gyssanman, olaryň birsini, söweşiň öňünden ýaragyna dem berýän ýaly ynjytman, ussatlyk bilen ýokaryk göterdi-de: -ynha, men häzir seni...—diýdi. -gerek däl,--diýip men pyşyrdadym,--ertir men getirerin. -ýalan sözleme!—diýip petka gygyrdy.—sen eýýäm ýüz gezek söz berdiň!.. -boluň çaltyrak!—diýip molotkow gyssady.—men sagat ikä köpriň ýanynda bolmaly. ol ýerde men altynjy “a”-ly plitkin bilen uruşmaly. petka meň ýüzüme şübheli seretdi: -birden getirmeseň näme? -ýogsa-da, getiresi ýok!—diýip, molotkow gygyrdy. men dymmamy dowam etdim. -ol ýene pikirem eden bolýar!—diýip molotkow haýbat atdy.—ýok, muňa hökman biki ýumruk bermeli! ýöne näme-de bolsa men ertire çenli purujy aldym. ýöne puly nireden aljagymy entäk hem bilmeýärdim? näme etmeli? uzaga çeken sütemli oý-pikirlerden soň, men syýa guýýan gutymy satmaklygy ýüregime düwdüm. özüm yzky partalarda günümi görerin. men uzak wagtlap köne, soýuk-soýuk syýa gutyny ýuwdum. men ony çotga bilen sürtdim, gazadym, süpürip arassaladym: täze guta meňzedip, oňa syýa guýdum-da agzyna dyky dykdym. bir salymdan, men mişka karpuhiniň huzurynda durdym. iki gün mundan öň ol syýa gutusyny ýitiripdi. -sende syýa guty ýok, men bilýärin,--diýdim,-- ynha al... -diýýäniň näme!—diýip mişka elini galgatdy.—men gutusuz oňaryn... gerek däl... -gerek,--diýip men aýtdym,--hökman gerek! me, al! otuz köpük berseň bolýar. mişka ör-gökden geldi: -diýýäniň näme! dükanda täzesi dokuz köpük ahyryn. -nätdiň-aý?—men lapykeç, uludan demimi alyp, täzeden ýalbarmaga durdum.—bolýala,mişka... satyn alaýda... görýärmiň, täze ýaly... hem dykyly... ýigrimi köpüge alaý. mişka çyny bilen kellesini ýaýkady. -dur mişka,--diýdim,--dur... bu örän oňat guty.ikinji klasdan bäri ulanýaryn. eşitýärmiň? hiç haçan satmazdym! saňa bolsa on bäş köpüge bereýin. -ýok! öýe men agşamara geldim. indi men näme etmelidigini bilýärdim. başga çykalga ýokdy. aşhanada hiç kim ýokdy. men bir minut diňşirgendim, soňra, ýuwaşlyk bilen geýim asylýan ýere gelip, kakamyň penjeginiň jübüsine elimi sokdum. “ynha kino üçin pul bererler, şonda yzyna goýaryn,--diýip men öz-özümi köşeşdirýärdim.—maňa köp gerek däl... maňa otuz köpük bolsa bolýar...” men gyssanmaç pullary sanap başladym: bäş ýene bäş, ýene-de on... otagda bir zat üýtgäp giden ýaly boldy. men zähräm ýarylan ýaly bolup gapa tarap öwrüldim—işikde kakam durdy. teňňeler ses edip ýumşak poluň üstünde togalanyp gitdiler. -wah, elimden gaçyrdym,--diýip men pyşyrdadym,--atdanlykda gaçyrdym... kakam maňa tarap ýöneldi. -ýok... ýok... sen pikir etme... men diňe karz aljak boldum. -sen üstesine ýalançy hem ekeniň?! -ýok men ýalançy däl!—diýip men gygyrdym.—men petka otuz köpük utdurdym! oýnamaly däldi! men bolsa utdurdym! iň soňky möhlet—ertir! indi meň bilen hiç haýsy tirkeşenok, meni hasap hem etmezler... men näme etjegimi bilmedim!.. ýekşenbede maňa berjek otuz köpügiňi bolsa... özüň al... men bolsa... ýok, men däl... men... kakam dymyp, maňa seredip durdy. soňra ol çala gobsunup, elini jübüsinden çykardy-da, maňa otuz köpük uzatdy. men agladym. terjime eden kakamyrat geldiýew.