ol ýerde, daşynda howa gowy, gün çykýkyp dur, hezillik. maýyşgak şemal, ýagyş suwuna garalyp giden agaçlary keýpine yralaýan ýaly iki ýana çaýkaýar, mekdebiň üçeginden dynman suw damjalary gaýdýar. klasda bolsa, sapagyň iň uzagy, iň kyny dowam edýärdi, sebäbi ol iň soňkydy. tagtanyň ýüzünde öňki sapaklardan süpürülmän galan ýazgylar saklanyp galypdyr: “öý işi, gönükme...” ol ýazgylara seretseň beter içiň gysýar. birden-kä mekdebiň ýanyndaky köne parkdan düşnüksiz şybyrdylar, kakylýan ganatlaryň sesleri geldi. tolik bilen saşa bilelikde penjirä tarap seretdiler. -gara gargalar,- diýip tolik pyşyrdady. -diýseň täsin. olar gara bulut ýaly bolup süýşüp barýan gargalaryň sürüsine gözlerini aýyrman seretdiler. gargalar bu ýerlere täzeräk gelene meňzeýärdi. olar beýik agaçlaryň şahalaryna düzülip, ýadowlyk bilen ganatlaryny ýazdylar, eýelik ediji göz bilen çyg çeken topraga syn etmäge durdylar... diňe bir garga hemmelerden aýry, sürä goşulman goňşy agaja gondy. onuň göwresi beýleki gargalaryňkydan mese-mälim uludy we özüni alyp barşy ony beýlekilerden tapawutly görkezýärdi. bu ýagdaý saşa bilen toligiň ünslerinden sypmady. garga dykgat bilen töweregine kellesini aýlap, aram- aram sürä tarap gözüni dikýärdi. -öňbaşçy- diýip, çagalar çen etdiler. birden-kä garga wehim salýan terzde ganatlaryny kakyp, haýbat atýan ýaly gaty gagyllady. saşa bilet tolik içlerini tutup,sessiz gülüşdiler. wah içi- gara galmyş, asyl bu alagarga bolsa nätjek!.. -ýabloçkin,.. karasýew!.. gülmäňizi bes ediň!.. çagalar ziňkildeşip gitdiler. ýöne sähelçe wagtdan ýene-de gülüp başladylar. tolik kellesini bir tarapa gyşartdy- da gözlerini oýnadyp, gargaň agzyna öýkünmäge durdy. -ýabloçkin... karasýew!.. -ýabloçkin bilen karasýew diýýän men size... çagalar gulak asyjylyk bilen ellerini tertipli goýup, ykjamlanyp oturdylar. -bes edeli,- diýip saşka pyşyrdady,- ýogsa galina wasilýewna aňar. -bes edeli,- diýip tolik ylalaşdy we öňküden hem beter gülüp başlady, soňa baka ikisi hem gülmejek bolup agyzlaryny elleri bilen tutdular. olar bir salymdan ene-da gorsanyp başladylar. -ertir barlag işi bolsa gerek,- diýip tolik arasyny bölüp pyşyrdady,- bäşinji “g”-de düýn bolupdyr. -bäşinji “g”-de düýn bolupdyr diýdiňmi?- diýip, saşa ýylgyryp duran aşaky dodagyny dişläp, gözlerini gorkuly petretdi. -hawa,- diýip, tolik dowam etdi,- dokuz sany ikilik alypdyrlar. -dokuz ikilik!- saşka kellesini tutup, ähli klasa eşitdirip içine çekdi. -ýeriňizden turuň!- galina sergeýewnaň haýbatly sesi eşidildi. saşka bilen tolik göýä jenaýat eden ýaly, partaň gapdalynda dim- dik bolup durdylar. bir minut çemesi gymyldaman durdylar, soňra ogrynça biri- birine serstdiler-de dessine ýüzlerini öwürdiler. tasdan-da gülüpdiler. saşka, ýüzünden gar ýagýan halda, tagtanyň ýüzüne ýazylan ýazgylary okamaga durdy. tolik bolsa potolokdan asylgy lampa tarap seretdi. “...dokuz sany ikilik... hawa... tizden tiz diktant... näme üçindir, köpden bäri ene- atalar ýygnagy bolmandy...” -ha-ha-ha!..- saşka gaty güldi. soňra tolige gorka- gorka seretdi, öz ýanyndan hüňürdedi:- saňa näme boldy?.. näme boldy saňa?.. galina wasilýewna oturan ýerinden ör galdy: -ýabloçkin we karasýow! tiz boluňda klasdan çykyň. portfeliňizi hem ýanyňyz bilen alyň... saşka bilen tolik doňup galdylar. -ýabloçkin, karasýow! siz meniň diýenimi eşitdiňizmi? çagalar partalaryna özlerini goýberdiler we gyssanman okuw esbaplaryny ýygnap başladylar. mugallyma ýerinde oturdy: -komarow, jogabyňy dowam etdir. klas köşeşýär, we assrynlyk bilen komarowa tarap öwrülýär. saşka bilen tolik seresaplylyk bilen portfellerini yzyna, parta goýdular-da, seslerini çykarman komarowy diňlemäge oturdylar. -...ýelek görnüş bulutlar,- diýip, komarow gürrüň bermäge başlady,- ýerden on kilometr beýiklikde ýerleşendir. saşka bilen tolik geň galýan terzde kellelerini ýaýkaşdylar: gör muny, on kilometr!.. -ýabloçkin bilen krasýow!..- diýip mugallyma ýatlatdy. ýene-de içiňi gysdyrýan esbap ýygnamaklyk. kitaplar we tetradlar gyssanman portfellere ýerleşdiler. soňra saşka bilen tolik partaň içini dörüp başladylar. hiç zat ýok. bir zat tapyp bolmazmyka diýýän ýaly, ýene bir gezek barladylar. ahyry ýerlerinden galyp, klasyň ol çüňküne , eşik asylýan ýere tarap süýrelip diýen ýaly ýöneldiler. olar ilki bilen gulakjynlaryny geýdiler, soňra paltolaryny geýip, iliklerini ildirdiler. portfellerini ellerini alyp, mugallymadan gözlerini aýyrman, gapa tarap ýöräp başladylar. koridord adamsyzdy, içgysgynçdy. çüňkde, taburetkanyň üstünde duran suwly çaňdan başga hiç zat ýok, täze reňklenen diwarlar hem bulara biperwaýdy. -sen näme üçin güldiň?- diýip tolik, hamana özi gülmedik ýaly bolup sorady. -bilmedim... çydadym, çydadym... sen näme güldiň?.. -men hem kän çydadym... klasdan zordan eşidilýän sesler gelýärdi. saşa gulagyny gapa tutdy. “... hawa onsoň... bulutlar topbak- topbak, tolkun görnüşli, ýukajyk süýnmek bolýarlar...” -zinka belýakowa jogap berýär,- diýip ol pyşyrdady. zinkaň sesi örän inçe, we ol her gezek sapakda jogap berende öňünden “hawa onsoň” diýýärdi. bu onuň häsiýetidi. “şeglow, sen haçan gorsanmaňy goýjak?!” -bu dimka- diýip saşka gamgyn ýylgyrdy. -hawa, dimka- diýip tolik uludan demini aldy-da, ol hem gulagyny gapa goýdy. partalar jygyldaýar, sahypalar ses edýär... aram- aram kimdir biriniň üsgürýän sesi eşidilýär. hezilligä şol ýerde! bahym sapak gutarar, hemmeler öýüne gaýdar. klasyň içi dogrudan hem gowydy. zina belýakowa bulutlar barada gürrüň berýärdi, okuwçylar ony üns berip diňleýärdiler, asmandan bolsa iri, topbak bulutlar setir-setir bolup geçýärdi. -asmana serediň,- galina wasilýewna ýokaryk elini uzatdy,- siz häzir nähili bulut görýärsiňiz? -topbak- topbak bulutlar!- diýip çagalar bilelikde jogap berdiler. şol wagt ýuwaşlyk bilen gapy açyldy, we klasa ýüzlerini sallap saşka bilen tolik ümsüm girdiler. olar penjireden daşyndaky topbak- topbak bulutlara seretdiler we ýene-de ýüzlerini salladylar. çagalar gapa tarap öwürldiler, ondan soň galina wasilýewna seretdiler... galina wasilýewna bolsa zina belýakowa baha goýdy-da, hemmelere ýüzlendi: -üns berip diňläň. şu günden başlap biz täze temany özleşdirip başlaýarys. material kyn, ýöne gyzykly. soňra ony düşündürmäge durdy. çagalar seslerini çykarman, üns berip mugallymany diňleýärler. tolik bilen saşa hem gulakjynlaryny ellerine alyp, gapyň agzynda, duran ýerlerinde diňleýärdiler. diňleýärdiler hem özleriniň ýetim galan partalaryna seredýärdiler. bir döwür olar şol ýerde oturýardylar... hawa... ol ýer saşa bilen toligiňkidi... olar bir salym şeýdip durdylar, soňra bolsa saşa mugallyma ýüzlendi: -galina wasilýewna... ýöne galina wasilýewna özüne diýilmeýän ýaly sapak düşündirmesini dowam etdirdi. -galina wasilýewna!- bu gezek saşka eşitdirmek üçin gatyrak gygyrdy. galina wasilýewna bärsine öwrüldi: -hawa? -galina wasilýewna,- diýip saşka samyrdady,- bizi bagyşlaň, biz etjek bolup etmedik... -nämäni etjek bolup etmediňiz?- diýip galina wasilýewna berk sorady.- nämäni islemän etdiňiz? -gülesimiz gelmese-de atdanlykda güläýipdiris- diýip saşka sustupes halda aýtdy. -ýok,- diýip tolik kellesini ýaýkady- atdanlykda güldük... -şeýle diýseňizläň!.. atdanlykda bolupdyrda onda?.. men size näçe gezek käýýedim, duýduryş berdim: ýabloçkin we karasýow!.. ýabloçkin we karasýow!.. saşka we tolik seslerini çykarman durdular. -klasda oturasyňyz gelmeýärmi, onda öýňize gidiň! -biz klasda oturmak isleýärdik... -örän isleýärdik... saşka bilen tolik ýene bir salym garaşdylar (belki mugallyma bir zatlar diýer), assrynlyk bilen partalary, diwarlary gözden geçirdiler. soňra gulakjynlaryny geýdiler. -galina wasilýewna,- diýip, saşka yzyna öwrüldi, çekine- çekine sorady- galina wasilýewna... eger mümkin bolsa biz şu ýerde duraýaly... diňläýeli?.. -örän gyzykly sapak- diýip, tolik zordan eşitdirip üstüni ýetirdi. galina wasilýewna pikire batyp duran ýerinden çagalara seretdi, uludan demini aldy: -täzeden ynanaýsammykam?.. saşka bilen tolik hem uludan demini aldylar. -ertir hem dek oturup bimersiňiz, garagollyk açarsyňyz ahyry? -ýok!- diýip, saşka howsalaly gygyrdy.- indi olar ýaly zat gaýtalanmaz. hemme zat täzeçe!.. -täzeçe!- diýip tolik tassyklaýar. -täzeçemi?..- diýip, galin wasilýewne ýylgyrdy.- wah, men indi sizi näme etsemkäm?.. bolýarda, geçiň, oturuň. ýöne çalt boluşuňyzy ediň, şeýlede meniň köp wagtym gitdi siziň üçin. tolik bilen saşka eşik asylýan ýere tarap okduryldylar. -häzir, häzir... -biz dessine,- diýip, tolik ýakasynyň iligini ýazdyryp durka hykylady. olar çalasynlyk bilen paltolaryny asdylar-da, portfellerini alyp, öz partalaryna gyssandylar. tagtada bolsa kontinentleriň kartalary asylgydy. bu ýerde aziýa bilen ýwropa bardy, aňyrrakda awstraliýa dur. antaktida bolsa ap-ak... sowuk bolsa gerek. näme üçin geografiýa beýle gyzykly-ka?.. gaty gyzykly!.. öňdäki partada oturan witka lapkin partadaşynyň gulagyna nämedir bir zat diýip çawuş çakdy. saşka onuň ýeňsesinden itekledi: -ýuwaş bol!.. -ýuwaş!..- diýip tolik pyşyrdap haýbat atdy. terjime eden kakamyrat gaeldiýew.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir