günleriň birinde, biz lýolýa bilen kemputdan boşan gutyny alyp, oňa gurbaga bilen bir möýi atdyk. soňra biz ony arassa kagyza doladyk-da, daşyny kaşaň lentajyk bilen daňdyk we ony bagymyzyň öňüne taşladyk. hamana kimdir biri ýöräp barýan eken-de, satyn alan harydyny ýitiripdir. gutyny howlyň daşynda, pessejik sütünjigiň ýanynda goýduk-da, lýolýa ikimiz bagymyzyň gür agaçlygynda gizlendik we gülküden ýaňa içimizi tutup, indi näme bolarka diýip garaşdyk. ynha-da ötegçi ýetip gelýär. biziň goýan gutymyza gözi düşüp, ol elbetde sägindi, begendi, hatda keýpden ýaňa ellerini hem owkalady. ýogsa näme: ol bir guty kemput tapdy ahyry— adam pahyra mydam duşup duranok bular ýaly zat. biz lýoliýa bilen demimizi alman hezilligiň dowamyna garaşdyk. ötegçi egildi, kagyza dolanan gaby eline aldy, dolagyny aýyrdy, owadan gutyny görüp has-da begendi. ynha-da gutynyň agzy açyldy. garaňkyda oturup içi gysyp giden gurbaga ýerinden bökdi-de, ötegçiň göni eline düşdi. ol “ah-wah” edip, gutyny eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. lýolka ikimiz şeýle bir güldik, hatda otuň üstüne ýykylyp gitdik. biziň sesimize ötegçi bize tarap seretdi we şol wagtyň özünde hemme zada düşündi. ol göz açyp ýumasy salymda haýata tarap ýetdi, şol bada ony böküp geçdi-de, gözüňizde ot ýakaryn diýip bize tarap eňdi. lýolýa ikimiz ol ýerden jyrdyk. biz bagyň içi bilen çirkin gygyryşyp öýe ylgadyk. birdenkä men joýa büdräp, otuň üstüne süýnüp gitdim. ötegçi gelişine gulagymdan tutup gaty silkdi welin, men agyryma çydaman gaty gygyrdym. haý-waýyma seretmän, ol ýeňsäme iki gezek çaldy-da, arkaýyn bagdan çykyp gitdi. biziň sesimize ejem bilen kakam ylgap geldi. çym-gyzyl bolan gulagymy tutup, şumjaryp durşuma, men olaryň ýanyna baryp, arzymy aýtdym. ejem howly süpürjini çagyryp, ötegçini şu ýere alyp gelmegi we ony tussag etmegi buýrjak boldy. lýolýa howly süpürjiniň yzyndan gitjek bolanda kakam ony saklady. ol ejem bilen lýolýa: -howly süpirjini çagyrmaň. ötegçini hem tussag etdirmäň. dogrudan hem ötegçi minkaň gulagyndan towlamaly däl eken, ýöne onuň ýerine men bolan bosam şonuň ýaly ederdim. bu sözleri eşidip, ejemiň kakama gahary geldi we oňa: -sen rehimsiz egoist eken—diýdi. biziň hem kakamyza gaty gaharymyz geldi, ýöne oňa hiç zat diýmedik. diňe men gulagymy owkalap, agladym. lýolka hem hykgyldap aglamaga başlady. şonda ejem meni eline aldy-da, kakama: -ötegçiň arkasyny alyp, çagalary agladanyňdan, gowusy düşündir bize, çagalar häme ýamanlyk etdiler. meniň pikirimçe bu ýerde hiç hili garagolluk ýok, bolan wakany bolsa çagalaryň ýazyksyz oýny hasap edýärin—diýdi. kakam jogap bermäge söz tapmady. ol diňe: -ynha çagalar ullakan bolarlar, haçan-da bolsa bir döwür, bu etmişleriniň ýamandygyna düşünerler—diýdi. ynha, şondan soň ýyllar geçiberdi. ilki bäş ýyl geçdi. soňra on ýyl geçdi. ahyry soň on iki ýyl geçdi. on iki ýyldan soň, men kiçijek oglanjykdan, on sekiz ýaşly institut talybyna öwrüldim. elbetde, men ol bolan waka barada pikir etmäni hem goýdum. meniň kelläme has gyzykly pikirler gelýärdi. ýöne, günlerde bir gün, görüň bakaly nähili waka boldy. ýaz günleri, ekzamenler ahyrlanda, men kawkaza gitdim. ol döwürler talyplaryň köpüsi tomus rugsadyna gabatlap iş alýardylar we hersi bir ýana gidýärdi. men hem özüme kär aldym—demir ýol kontrolýory. men garypja talypdym, şol sebäpden, ömür pulum ýokdy. bu ýerde bolsa mugtyna kawkaza gitmäge mümkinçilik bardy, üstesine aýlyk hem töleýärdiler. şeýlelikde, men işi kabul etdim. soňra ýöredik. ilki bilen rostow şäherine geldim, sebäbi men müdirlige gelip pul, iş dokumentleri we petek deşmek üçin atagzyjyk almalydym. biziň otlymyz gijä galyp geldi. azanda gelmeli halyna, ol agşam sagat bäşde geldi. men çemedanymy el goşlary saklanýan jaýa tabşyrdym. soňra tramwaýa münüp, müdirlige gitdim. ol ýere geldim. gapy garawuly bolsa maňa: -men örän gynanýan, ýöne siz ýaş ýigit, gijä galdyňyz—diýdi. -ol nähili gijä galdyňyz?—diýdim—men şu gün pul we şahadatnama almaly ahyry. gapy garawuly bolsa: -hemmeler gaýtdy. ertir däl birigün geliň—diýdi. men: -ol nähili “ertir däl birigün”?. gowsy men ertir geleýin—diýdim. gapy garawuly: -ertir baýramçylyk, diwanhana işlemeýär. erti däl birigün bolsa arkaýyn geliň, ähli almaly zatlaryňyzy şonda alarsyňyz—diýdi. men köçä çykdym. durun. näme etjegimi bilmeýärin. öňümizde iki gün. jübimde it uwlaýar, bary-ýogy üç köpügim bar. nätanyş şäher—bu ýerde meni hiç kim tanamaýar. myhman ýerim ýok. näme garbanmaly—bilmeýärin. men wokzala tarap haýdadym, “çemedanymdan nämedir bir zat alaýyn-da, bazarda sataýyn” diýip pikir etdim. ýöne wokzalda maňa: -çemedanyňy almazdan öňürti, saklaýyş üçin töläň, soňra ony alyň-da, islän zadyňyzy ediň—diýdiler. üç köpükden başga, mende hiç zat ýokdy, şonuň üçin men saklaýyş üçin töläp bilmedim. ýok, häzir men beýle bir aljyramazdym. ýöne şonda welin, men tüýs özümi ýitirdim. ýöräp barýaryn, nirä barýanymy-da bilmeýärin, gam çekýärin, jibrinýärin. şeýdip gam-gussa batyp, ýol bilen barýardym. birden üýtgeşik bir zada gözüm düşdi. ol ýoluň gyrasynda ýatyr: bu näme? kinniwanja, gyzylja, mahmal gapjyk. daşyndan seretseň, boş däl, pökgerip dur, içi puldan doly bolsa gerek. men şol wagtyň özünde saklandym. iki ýana seretdim begenjimiň çägi bolmady, kelläme her dürli pikirler geldi. men özümi nan iýilýän ýerde öňüm kofeli gördüm. ondan soň bolsa myhmanhananyň krowatynyň üstünde, elim şokoladly. men gapjyga tarap bir ädim ätdim. elime almakçy boldum. ýöne şol wagt gapjyk (belki meniň gözüme görünendir) meniň elimden sypdy. men ýene-de gapjyga elimi uzatdym, hatda eýýämi gapjygy tutdym hem. ýöne ol ýene-de menden gaçdy, özi hem uzaga. aňym başymdan uçan ýaly boldy, bu gezek men gapjygyň yzynda ylgadym. birdenkä howlyň içindäki bagdan çagalaryň gülki sesi eşidildi. ýüpe daňylan gapjyk bolsa, ýoluň gyrasyndan ýitirim bolup gitdi. men howlyň ýanyna geldim. birnäçe çaga gülkiden ýaňa içlerini tutup, ýerde togalanýardylar. men olaryň yzyndan ylgamakçy boldum. eýýäm böküp geçmek üçin haýatdan hem ýapyşdym. ýöne şu ýerde meniň hakydama çagalyk döwrümde bolup, bir eýýam ýatdan çykyp giden waka geldi. ynha, şonda men erbet gyzardym. haýatyň ýanyndan aýryldym. gyssanman ädim sanap başladym, öz ugruma gitdim. çagalar! hemme zat geçjek eken. meni heläk eden iki gün hem geçdi. agşam, garaňky düşende, men şäherden çykdym, we açyk meýdanda, otuň üstünde uklap galdym. ertesi, gün doganda men oýandym. üç köpüge bir funt nan satyn aldym, suw bilen iýdim. uzynly gün, işsiz şäherde kaňkap gezdim. agşam bolsa ýene-de meýdana geldim, şol ýerde gijämi geçirdim. ýöne bu gezek erbet boldy, sebäbi gije ýagyş ýagdy, men it ýaly ezildim. ertesi bolsa irden, men eýýäm müdirligiň işiginde durdum we onuň açylaryna garaşýardym. ynha, ol hem açyldy. men, üstüm hapa, eşiklerim ýygyrt-ýygyrt we myžžyk, müdirligiň içine girdim. çinownikler maňa ynamsyz seretdiler. ilki bilen maňa puly-da, şahadatnamany-da bermejek boldular. ýöne soň näme-de bolsa berdiler. örän tiz men, gözleri şatlykdan uçganaklaýan bagtly adam, kawkaza tarap ýöredim. terjime eden geldiýew kakamyrat.