ýakynda, ejesi witalige içi balyjakly akwarium sowgat berdi. balyjak örän gowydy, owadandy. kümüşsöw karas—gör nähili gelşikli ady bar! witalik, özünde kinniwanja karas balyjagynyň bardygyna begenýärdi.ilki-ilkiler ol balyjagyny gözden salmaýardy—iýmitleýärdi, akwariumyň suwuny calyşyp durýardy, soňa baka bolsa bu pişesine öwrenişdimi nämemi, wagtynda naharlamany hem ýadyndan çykaryp başlady. witaligiň mundan başga-da murzik atly myýmyk, ala tüýlije pişijegi bardy. onuň gözleri ullakandan gökdi. murzik balyjaga seretmäni ürç edindi. ol sagatlap akwariumyň öňünde, balyjakdan gözlerini aýyrman oturup bilýärdi. -sen murzikden seresap bol,--diýip ejesi aýtdy—birden seniň balyjagyňy iýäýmesin. witalik: -iýmez—diýdi—men göz ederin. bir gün, ejesi öýde ýok wagty, witaligiň ýanyna dosty serýoža geldi. ol akwariumdaky balyjagy gördi-de: -gel ikimiz alyş-çalyş edeli—diýdi—sen maňa balyjagy ber, men bolsa saňa jürlewük bereýin. -jürlewügi başyma ýapaýynmy?—diýip witalik garşy çykdy--jürlewükden balyjak gowy ahyry. -näme üçin gowymyş? jürlewügi çalyp bolýar. balyk näme? ol sygyryp bilmeýär ahyry? -balyga sygyrmak nämä gerek?-diýip, witalik ylalaşmady—balyk sygyryp bilmeýän hem bolsa, ol ýüzüp bilýär. seniň jürlewügiň ýüzüp bilýärmi? -gürledi-ow!—diýip, serýoža güldi—jürlewügiň ýüzüp ýöreni nirede gördüň! balyjagy bolsa pişik iýip biler, ine şonda, sende jürlewük hem bolmaz, balyk-da. jürlewügi bolsa pişik iýip bilmez, ol demirden. -maňa ejem çalyşmany gadagan etdi. ol, maňa näme gerek bolsa aýt, özüm alyp bererin diýdi.—diýip, witalik öz diýenini tutdy. -munuň ýaly jürlewügi ol nireden alsyn?- diýip, serýoža jogap berdi—bular ýaly jürlewükler dükanlarda satylmaýar. bu hakyky milisionerleriň jürlewügi. men häzir howla çykyp jürlewügimi çalsam, bada-bat hemmeler milisioner gelendir öýdüp pikir ederler. -hany, al bäri, men hem göreýin—diýip, witalik elini uzatdy. ol jürlewügi aldy-da, üfledi. jürlewük çasly, dürli owazly jürrüldedi. witalige onuň sesi örän ýarady. ol jürlewügi alaýsam diýdi, ýöne bada ejesiniň käýinjinden çekindi. soňra: -balyjak sende nirede ýaşar, sende akwarium ýok ahyry.—diýdi. -men ony baldan boşan aýna guta salaryn. bizde olar ýaly gutyň ullakany bar. -bolýarda,--diýip witalik ylalaşdy. çagalar balyjagy tutjak boldular, ýöne karas örän çalasyn ýüzýärdi, hiç ele düşmeýärdi. olar daşyna suw baryny seçelediler, serýoža bolsa ýeňini tirsegine çenli myžžyk etdi. ahyry ol balyjagy gysymyna garbap aldy. -tutdum!—diýip, ol gygyrdy—bir gaba suw guý-da, çaltrak äber bäri! men ol ýere balygy saljak. witalik çaltlyk bilen kürişgä suw guýdy. serýoža balyjagy onuň içine saldy. çagalar serýožaňka gitdiler—balyjagy suwly banka goýbermek üçin. banka beýle bir ullakan hem däl eken, şonuň üçin onuň içi balyjak üçin edil akwariumdaky ýaly giň hem bolmady. çagalar ep-esli wagtlap balyjagyň, bankanyň içinde ýüzüşine syn edip oturdylar. serýoža begenýärdi, witalik bolsa gynanýardy, sebäbi indi onda balyjak ýokdy, has beteri-de, indi ol balyjagy jürlewüge çalyşanyny nädip ejesine aýtjagyny bilmeýärdi. “bolýar-la, belki ejem balyjagyň ýitenini bada bilmezligi hem ahmal” diýip witalik pikir etdi we öýüne gaýtdy. haçanda witalkik öýüne gelende, ejesi eýýämi gelen eken. -hany seniň balygyň?—diýip ejesi sorady. witalik aljyrap, näme jogap berjegini bilmedi. -belki ony murzik iýendir?—diýip ejesi ýene-de sorady. -bilmedim—diýip witalik samyrdady. ejesi: -ynha gördiňmi—diýdi.—ahyry öýde hiç kim ýok mahaly, wagt tapyp, akwariumdan balyjagy ogurlapdyr! hany, nirede ol garakçy? hany, tapyň maňa şony! -murzik! murzik!-diýip, witalik pişijegi gözläp başlady, ýöne hiç ýerden tapmady. ejesi: -penjireden böküp gaçan bolsa gerek.—diýdi. –hany, howla çykda çagyr ony. witalik paltununy egnine geýdi-de, daşaryk çykdy. “wah, gelşiksiz boldy-da!—diýip, ol pikir etdi—indi men sebäpli murzige temmi bererler.” ol gapydan yzyna dolanyp, murzik howluda ýok diýmekçi boldy, ýöne birden-kä pişijek jaýyň podwalynyň deşiginden çykdy-da, gapa tarap ylgady. witalik: -murzik jan, öýe barma, ejem seni urjak bolýar--diýdi. pişijek witaligiň ýanyna geldi-de, onuň aýagyna arkajygyny oýkap başlady, soňra ýuwaşja mawlady-da, ýapyk gapa seretdi. witalik: -sen näme düşüneňokmy, akmak—diýdi- saňa adam dilinde aýdylýar ahyry-- öýmize barmak bolmaýar. ýöne murzik dogrudan hem hiç zada düşünmeýärdi. ol witalige tarap gysymyljyraýardy, arkasy bilen oňa tarap oýkanýardy, ony çaltrak gapyny aç diýýän ýaly, ýuwaşjadan kellejigi bilen süsýärdi. witalik aýagy bilen ony gapydan itip başlady, ýöne murzigiň gidesi gelmeýärdi. şonda witalik ondan gapyň arkasynda bukuldy. “maw” diýip murzik gapyň aşagyndan mawlady. witalik çaltlyk bilen yzyna çykdy: -ýuwaş! gygyryp dur-a bu ýerde! ynha ejem eşider. şonda bilersiň! ol murzigi tutdy-da, yzyna, yzyna, deşige dykjak boldy. emma murzik dört aýagyny hem diräp, ol ýere giresi gelmedi. -gir, akmajyk!—diýip, witalik ony yrjak boldy—häzirlikçe şol ýerde otur. ahyry ol pişijegi yzyna itip saldy. diňe murzigiň guýrugy daşynda somaldy durdy. pişijek az salym gaharyna guýruguny galgatdy, ahyry guýrugy bilen aňrylygyna girip gitdi. witalik begendi. ol pişijek podwalda galar öýütdi, ýöne murzigiň kellesi ýene-de deşikden göründi. -wah, nirä dyrmyşyp barýarsyň, samsyk kelle!—diýip, witalik pyşyrdady.—aýdylýara saňa: öýe gitmek bolanok. “maw!”-diýip, murzik gygyrdy. -al saňa, “maw” gerek bolsa!—diýip, witalik onuň agzyna öýkündi. men indi seni näme etsemkäm? ol deşigi näme bilen ýapyp bolarka diýip, töweregine göz aýlady. golaýynda kerpiç ýatan eken. witalik ony aldy-da, deşigi ýapdy. ol: -ynha indi çykmarsyň—diýdi.—otur şol ýerde, podwalda, ertire çenli, ejem balygy ýadyndan çykarar welin, men seni goýbererin. witalik öýe girdi, we ejesine murzigiň howluda ýokdugyny aýtdy. ejesi: -zyýany ýok,--diýdi-dolanar. men iki uçsuz ony bagyşlamaryn. öýlänlikde witalik gamgyn otyrdy. hatda nahar hem iýesi gelmedi. “ynha men öýlänlik edinip otyryn—diýip ol pikir etdi—murzik bolsa, betbagt, podwalda otyr.” haçanda ejesi stoluň başyndan turanda, ol duýdansyz jübüsine kotlet saldy-da, howla çykdy. hälki murzigi salan ýerine bardy-da, kerpiçi gyra süýşürip, ýuwaşlyk bilen çagyrdy: -murzik! murzik! ýöne murzikden ses çykmady. witalik egilip, deşige seretdi. podwalyň içi tümlükdi, hiç zat görünmeýärdi. -murzik! murzik jan!—diýip, witalik jany bilen çagyrýardy.—men saňa kotlet getirdim. murzik seslenmeýärdi. -isläňokmy—otur onda samsyk kelle—diýip, witalik gaharlandy-da, öýüne dolandy. öýünde, murziksiz onuň ýüregi gysdy. ol ejesini aldany üçin, özüni günäkär duýýardy, gynanýardy. ejesi onuň gussasyny aňdy we köşeşdirjek boldy: -gamgyn bolma! men saňa ýene-de bir balyjak satyn alaryn. witalik: -gerek däl—diýdi. ahyry ol günäsini boýun almakçy boldy, ýöne gaýraty çatmady, şonuň üçin gürlemän oturdy. birden-kä nämedir bir zat şygyrdady we kimdir biri “maw” diýip gygyrdy. witalik penjirä äňetdi we daş ýüzdäki erňekde murzigi gördi. ol podwaldan başga deşikden çykan bolarly. ejesi: -hä-ä! geldiňmi garakçy!--diýdi.—hany gel bäri! murzik fortoçka böküp mündi-de, otagda peýda boldy. ejesi: -gör munuň mekirdigini!—diýdi--özüniň günäkärdigini bilensoň, gaçjak bolýar. hany, tut ony. witalik stoluň aşagyna girdi. murzik ony gördi-de, diwanyň aşagyna ýüwürdi. witalik şeýle-de murzigiň özünden gaçanyna begenýärdi. ol diwanyň aşagyna girende-de, bilgeşländen, murzik eşidip, özünden gaçar ýaly, takyrdadýardy. murzik diwanyň aşagyndan böküp çykdy. witalik onuň yzyndan ylgaýandan bolup, otagyň içinde iki ýana at salyp başlady. ejesi onuň bolup ýörşüni görüp: -sen näme beýle uly galmagal turuzýarsyň? onuň ýaly edip, sen pişik tutmarsyň!—diýdi. şu ýerde murzik penjiräniň erňeginde duran akwariumyň ýanyna ylgap bardy-da, fortoçka böküp, gaçyp gitmekçi bolanda aýagy sypyp, dik-başaşaklygyna, göni akwariuma gaçdy. ähli suw töwerege seçelendi. pişijek akwariumdan böküp çykdy-da, silkinip başlady. şol bada witaligiň ejesi onuň ýeňsesinden tutdy-da: -häzir seniň gözüňe görkezerin, nähili edip balyk ogurlamalydygyny.—diýdi. -eje, eje jan, murzigi urma!—diýip witalik aglady. ejesi: -oňa nebisiň agyrmasyn, onuň balyjaga nebisi agyrmady ahyry.—diýdi. -eje jan, ol günäkär däl. -ol nähili “günäkär däl”? onda karasi kim iýdi? -balyjagy iýen ol däl. -onda kim? -men... -sen iýdiňmi-diýip, ejesi ör-gökden geldi. -ýok, men iýmedim. men ony jürlewüge çalyşdym. -ol nähili jürlewük? -ynha şu jürlewüge.—witalik jübüsinden jürlewügi çykaryp, ejesine görkezdi. ejesi: -ýalan sözlemäge utanaňokmy?-diýdi. -men atdanlykda etdim. serýoža “gel çalyşaly” diýende, men hem bilmän “bolýar” diýäýipdirin. -men onuň gürrüňini edemok! men saňa näme üçin ýalan sözlediň diýýän? men murzik edendir öýütdim ahyry. günäňi başgalaryň üstüne atmak aýyp dälmidir? - men, sen käýärsiň öýüdip gorkdum. -diňe namartlar dogrusyny aýtmakdan gorkýandyrlar. men murzige temmi beren bolsam dogry bolarmydy? -men indi gaýtalamaryn. -seret onda! diňe özüň boýun alanyň üçin bagyşlaýandyryn—diýip ejesi berk tabşyrdy. witalik murzigi eline aldy-da, guratmak üçin batareýaň ýanyna bardy. ol pişijegi oturgyjyň gyrasynda goýdy-da, özi hem gapdalynda oturdy. murzigiň öl ýüňi, edil kirpiň iňňeleri ýaly her ýana çykyp durdy, şonuň üçin ol bir hepdeläp hiç zat iýmedik ýaly hor görünýärdi. witalik jübüsinden kotlet çykardy-da, ony murzigiň öňünde goýdy. pişijek kotledi iýdi-de, witaligiň dyzyna çykyp, busyrldy-da, myrryldy aýdymyna başlady. terjime eden rejep guwaja

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir