Demirgazyk buzly ummanyna birikýän Bofort deňzinde 9 günläp ýüzen ak aýy özboluşly rekordyň eýesi boldy. Öý tutunmak üçin buz böleginiň gözlegine çykan ak aýy "ýatak jaýyny" tapynça 700 km ýoly geçmeli bolupdyr. Arkasynda oturdylan radiomaýak arkaly ýüzüşini gözegçilikde saklan alymlar topary 232 sagatlap dowam eden ýüzüşi mahalynda aýynyň ilkibaşdaky agramynyň 20 kilogramyny ýitirendigini belleýärler. Gözegçiligi amala aşyran Kanadanyň Nýus uniwersitetiniň biology Endrýu Deroş: "Aslynda ak aýylar has uzagrak aralyga ýüzmäge ukyplydyr. Häzirki wagtda Demirgazyk buzly ummanyň suwy ýylamak prosesini başyndan geçirýär, şol sebäpli-de ýylylyk derejesi 2-den 6 gradusa çenli ýeten suwda aýylaryň uzak aralyklara amala aşyrýan ýüzüşleri dowam etse gerek" diýip, ak aýylaryň has uzak aralyklara hem ýüzüp biljekdiklerini belleýär.
BILER BOLSAŇYZ... ...9 günläp suwda ýüzüpdir
-
Gigaset
8 years ago
- salm
l 8 years ago- Tasin