Garry ene 90 ýaşyndadygyna garamazdan edýän gimnastiki hereketleri bilen dünýäni geň galdyrýar. Bette Kolman atly 90 ýaşly garry zenan her gün dowamly sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň adama neneňsi rahatlyk berýändiginiň iň gowy nusgasy. 40 ýyldyrýog boýunça sapak berýän Bette Kolman bir asyra golaý ýaşandygyna garamazdan häzirem iki eliniň üstünde başaşak durup bilýär, kellesiniň üstünde hem saklanyp bilýär. Awstraliýanyň günortasynda ýerleşýän Willimastown şäherinde ýaşaýan Bette Kolman daş görnüşini saklamagynyň sebäbini her gün dowamly maşk etmegi bilen baglanyşdyrýar. Onuň ýaşytdaşlary dürli agyrylardan zeýrenip, ýerlerinden galman oturýarkalar, ol agtyklaryny utandyrjak derejede türgendigini görkezýär. Ýaşuly zenan diňe iki eline daýanyp birnäçe minut saklanyp bilýär.
Dünýäni aňk eden ene
-
l
8 years ago
- Waa bet eken
-
Anu
8 years ago
- Dogurdanam bet eken
l 8 years ago- Waa bet eken