Adamzadyň uzak taryhynyň dowamynda jemgyýetde peýdaly endikler, däpler bilen bir hatarda bellibir zyýanly endikleriň, pişeleriň hem kemala gelendigi, gynansak-da, hemmä mälimdir. Neşekeşlik, içkibazlyk, çilimkeşlik, naskeşlik ýaly jemgyýetçilik taýdan-da, ynsan saglygy babatynda-da, ruhy-ahlak taýdan-da iňňän zyýanly endikler, ýaramaz pişeler şolara degişlidir. Merdana pederlerimiz uzak taryhy geçmişde-de elmydama ruhy-ahlak we beden sagdynlygyny oňlap ýaşan, nesillerini şu ýörelgeler esasynda terbiýelän milletdir. Zähmetsöýer we watanperwer ata-babalarymyz ahlaksyzlygy, ýaltalygy, zyýanly endiklere baş goşýanlary uly il bolup ýazgarypdyr. Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde neşekeşlik, içkibazlyk, çilimkeşlik, naskeşlik ýaly zyýanly nogsanlyklaryň düýp-teýkary bilen ýok edilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berk ornaşmagy ugrunda giň gerimli düşündiriş, öňüni alyş, bejeriş çäreleriniň toplumlaýyn alnyp barylýandygy goldanylmaga mynasypdyr. Çünki, şübhesiz, döwlet derejesindäki üns-aladanyň netijesinde bu babatda-da Türkmenistanda soňky ýyllarda oňyn netijeler gazanyldy. Bilşimiz ýaly, temmäkiniň önümi bolan çilimiň tüssesi we nas ynsan saglygy üçin örän howpludyr. Temmäki tüssesiniň düzüminde bar bolan ýüzläp zyýanly himiki maddalar we olaryň birleşmeleri ynsan saglygyna uly zeper ýetirýär. Galyberse-de çilim çekilen halatynda tüsse diňe bir çilimkeşiň saglygyna zeper ýetirmän, onuň daş-töweregindäkileri-de doly zäherleýär. Şeýdip, çilim tüssesi ony çekmeýänleriň-de saglygyna uly zyýan ýetirýär. Nas bolsa ony ulanan ynsanyň saglygyna düýpli zeper ýetirýär. Taryha ser salsak, temmäki Ýewraziýa yklymyna 15-nji asyrdan soňra, Amerika yklymynyň açylmagy we ol ýer bilen Ýewropanyň arasynda ýygy aragatnaşygyň ýola goýulmagy, has takygy, täze yklymyň basylyp alynmagy netijesinde aralaşypdyr. Şonuň üçin çilim çekýän gadymy indeý taýpa serdarlaryny ilkinji bolup synlan ýewropalynyň Hristofor Kolumb bolandygyny çaklamak o diýen bir esassyz delil hem däldir. Watany Amerika bolan temmäkini çilim görnüşinde çekmeklik däbi gadymy indeýlerde ýörgünli bolupdyr, ýagny indeýler parahatçylyk ornaşdyrylanda, urşan taýpalaryň ýaraşyk baglaşan pursatlary “parahatçylyk çilimini” çekip (esasan taýpa serdarlary), ylalaşygy “berkitmek” däbini berjaý edipdirler. Başga halatlarda temmäki çekilmedik bolsa gerek. Emma Ýewropada, soňra bütin Ýer şarynda bu däp özboluşly ýagdaýda ýaýbaňlanyp, çilimkeşlik atly zyýanly endigiň kemala gelmegine sebäp bolupdyr. Ýewropada ilki-ilkiler temmäkini asgyrmak maksady bilen ysgamak üçin ýörite gaplarda alyp ýöremek däbi peýda bolan bolsa, Aziýa ýurtlarynda temmäkini çeýnemek, diliň aşagyna atmak (nas) ýaly zyýanly endiklerem taryhyň soňky döwürlerinde döräpdir. Gigiýena we saglyk babatynda alnanda, bu däpleriň hiç birisi-de oňlanmaga degişli däldir. Çünki olar ynsan saglygyna güýçli zyýan ýetirýärler. Saglyga zyýan ýetirýän pişe ýa-da madda bolsa peýdaly bolup bilmez. Diýmek, beýle howply endigiň garşysyna düşündiriş we öňüni alyş çärelerini alyp barmaklyk möhüm ähmiýetlidir. Gynansak-da, geçmiş taryhda bu endiklere garşy göreşilmändir. Çünki adamzadyň aň-düşünjesi beýle netijäni çykarmakdan asgyn bolup, ylmy we jemgyýetçilik aň-düşünjesiniň barha ösmegi netijesinde adamzat jemgyýeti bu şübhesiz hakykata doly akyl ýetirdi. Munuň üçin adamzada birnäçe asyryň gerek bolandygy, gynansak-da, hakykatdyr. Bu aýdyň hakykatdan ugur alnyp, Türkmenistanda netijeli çäreler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karary (06.01.2012ý. kabul edilen) we “Raýatlaryň saglygyny gurşap alýan temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäkini ulanmagyň netijelerinden goramak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny (18.12.2013ý. kabul edilen) munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da ýurtda “Çilim çekmegi gadagan etmek hakyndaky” (12.01.2000ý. kabul edilen), “Temmäki önümi bolan nasy Türkmenistanda öndürmegi, ýerlemegi, ulanmagy we Türkmenistana getirmegi gadagan etmek hakyndaky” (28.05.2008ý. kabul edilen) Kararlar hem doly güýjünde hereket edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Türkmenistanyň Hökümeti bilen ylalaşyp yglan eden “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2015-nji ýylyň 1-31-nji maýy aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň” çäginde geçen ýylyň maý aýynda ýurt möçberinde giň gerimli wagyz-ündew, medeni-köpçülik çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Biraýlyga ýurduň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, ulgamlarynyň edara-kärhanalary, jemgyýetçilik guramalary işjeň gatnaşdylar, ýagny täsirli ündew we medeni-köpçülikleýin çäreleri, duşuşyklary, maslahatlary, gözden geçirişleri, sport ýaryşlaryny geçirdiler. Ýurduň edara-kärhanalarynyň zähmet köpçüliklerinde geçirilýän wagyz-ündew duşuşyklarynda we maslahatlarynda tejribeli saglygy goraýyş işgärleri, hukuk goraýjy, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulularyň gatnaşyp, temmäki tüssesiniň we temmäki önümi bolan nasyň ynsan saglygyna, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine, nesil terbiýesine edýän zyýanly täsiri dogrusynda giňişleýin düşündirişleri we ylmy maglumatlary ýaýratmaklary döwletiň sazlaşykly syýasatynyň gowy mysalydyr. Çünki bu çäreleriň halk köpçüliginiň giň gatlaklaryny gurşap alýandygy, geçirilen maslahatlara ýaş nesliň wekilleriniň has köp gatnaşýandygy aýratyn bellärliklidir. Şonuň ýaly-da Türkmenistanda çilimiň ownuk we stihiýalaýyn söwdasynyň öňi alnandyr we ýaş nesliň wekillerine hiç bir halatda çilimi satmaklyk, çilimi reklamirlemeklik, jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmeklik doly gadagan edilendir. Bu çäreleri dünýä jemgyýetçiligi ilkinji nobatda bolsa, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy doly goldaýar. Şeýle goldaw döwlet syýasatynyň oňlanylýandygynyň halkara derejesindäki ykrarnamasydyr we hiç bir babatda adam hukuklarynyň kemsidilmegi hökmünde bahalandyrylyp bilinmez.