köp meseleligiň bahasy: ünsüňi bölmeklik nä derejede netijelilige täsirini ýetirip bilýär. kaliforniýa uniwesitwtiniň professory gloriýa mark, köpmeseleligi we onuň zähmetiň netijeliligine ýetirýän täsirini öwrenmek bilen meşgullanýar. fastcompani neşirýady gloriýa marka esasly soraglaryň birnäçesini berdi: birbada birnäçe meseläni çözmegiň geregi barmyka, eger-de ýok bolsa näme sebäpden bolmaýar. -köp meseleligi näme üçin öwrenmeli? -men amerika ýewropadan 2000-nji ýyllaryň başynda geldim we amerikanlylaň zähmetlerine çemeleşişlerine haýran galdym. biz infomasiýalar we tehnologiýalar döwründe ýaşaýarys, we adamlar bilgeşleýin günlerini kynlaşdyrmany özlerine ýörite maksat edinen ýaly. -hemmesi aragatnaşyklardaky bolýan rewolýusiýadan bolaýmasyn? messenžerler we internet ünsüňi çalt sowmak üçin şert bolup bilermi? -arakesmeler we işiň arasyny kesmek—bu erbet hem däl. erbedi, haçan-da ol günüň dowamynda möwç alýan galagopluga getirse. ortastatistiki ofis işgäriniň işden ünsüni sowmagynyň ýygylygy näçeräk? biz bu meseläni sekundyna çenli çözdük. ofis işgäri iş herekedini, ortaça her 3 minut 5 sekuntda çalyşýar. -sebäbi onuň töweregindemi ýa-da onuň özündemi. -onuň özünde. elinde smartfony bolsa we internetdäki bir giden güýmenjeler bilen ünsüň sowmak asla kyn zat däl. ünsüňi sowanyňda, peýdaly bolýan ýagdaýlar gabat gelýärmi? hawa, eger-de güýmenje edip oturan işiňiz bilen bagly bolsa. mysal üçin, siz bir meseläň üstünde işläp otyrsyňyz we siziň ýanyňyza işdeşiňiz geldi-de size meselä degişli maglumat berdi. siziň ünsüňizi böldiler, ýöne siz ondan peýda almany başardyňyz. eger-de ünsüňi bölme uzaga çekmese, bu beýle bir erbet hem däl. siz makala ýazyp otyrsyňyz diýeli, siziň ýanyňyza işdeşiňiz geldi-de: “hany, şu ýerde goluňy goý” diýdi. siz çalasyn gol çekýärsiňiz-de, makalaňyza dolanýarsyňyz, siziň netijeliligiňiz pese düşmedi gerek. haýsy ýagdaýlarda ünsüňi sowmak zyýanly? elmydama diýen ýaly, eger-de siz öz edip oturan işiňizden şol bada başga bir meseläni çözmäge dursaňyz. size öz kognitiw çeşmeleriňizi başga ugura goýbermeli bolýarsyňyz we öňdäki meseläňize dolanaňyzda, siziň üns derejäňiz peselýär. -öňki meselä dolanmak üçin adama näçe wagt gerek bolýar? -respondentleriň 82 göterimi öňki meselä şol wagtyň özünde dolanýan ekenler. ýöne ýagşy däl habar hem bar: dolanyş çen bilen 23 minut 15 sekunt wagtyňy alýar. köpmeselelik bilen baglanyşykly psihologiýa problemalaryň ýagdaýy nähili? -biz, bir bada birnäçe meseleleriň üstünde işleýänleriň galagopluga sezewar bolmaga ýakyndygyny aýan etdik. şeýle-de olar ýalňyşy köp goýberýärler. ýöne gyzykly ýeri, ünsüni ýygy-ýygydan bölýän adamlar, işlerini hem tiz-tizden ýerine ýetirýärler. munuň sebäbi, olar ünslerini böljeklerini bilensoňlar, işlerini çaltrak bitirmäge çalyşýarlar. bu biziň soňky döwürde has ýüzleý pikir edýänimizi aňladýarmy? her 10 minutdan edip oturan işini çalyşyp duran adamyň has çuň pikir öwürip biljegine şübhelenýän. bu ýagdaýda yzygiderli pikir akymyna ýetmek kyn bolsa gerek. siz nädip netijelilige ýetip bilýärsiňiz? öýde işlemäge çalyşýaryn. unwiersitete diňe guramaçylyk meseleleri ýüze çykanda gidýärin. men öýde galýanymyň sebäbi, bu ýerde maňa rahat, hiç kim ünsümi bölmeýär. -köpmeselelikden dynasy gelýänlere maslahat beriň. web-kontentleri azyrak ullanyň. özüňize terbiýe beriň. men internediň başynda oturmany günde iki gezege çenli azaltdym: irden we agşam. poçtany barlamak üçin, güniň dowamynda dört sany bäş minutlyk wagt bölegini ullanýan. -ak ýürek bilen, interwýu wagty näçe gezek poçtany barladyňyz? -dogrymy aýtsam, iki gezek. toplan rejep guwaja

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir