bobik borbosyňkyda myhmançylykda.çagalar üçin hekaýa. nikolaý nosow. “murzilka” №12. 1956-njy ýyl. bir bar eken, bir ýok eken, barbos diýen it bar eken. onuň waska atly pişijek dosty bolupdyr. olar garry atalarynyň öýünde ýaşaýan ekenler. garry ata irden işe çykyp gidýän eken. barbos jaýa garawulçylyk edýän eken, waska bolsa syçan tutýan eken. günlerde bir gün olaryň atalary irden işe gidipdir. barbos töweregine seredip görse, pişijek hem nirädir bir ýerlerik ogryn gaçyp gidipdir, şeýdip onuň bir özi öýde galyberipdir. işsizlikden ol penjiräň öňüne böküp çykypdyrda, aýnadan daşara syn etmäge oturypdyr. onuň içi gysýardy. şonuň üçündirdä, ol tanyş ýüz gözläp iki ýanyna garanjaklaýardy. “atamyňkydan hezili ýok!- diýip ol pikir etdi. – işe diýip gitdi, işläp oturandyr. waskanyňky hem erbet däl: öýden gaçyp gitdi, häzir bolsa üçekden üçege bökýändir, gezelenç edýändir. diňe men , garantga ýaly bolup, öýe garawul bolmaly”. şol wagt ýoldan barbosyň söwer dosty bobik nirädir bir ýere haýdap barýardy. olar aram- aram gabat gelişýärdiler, köplenç bile oýnaýardylar. barbos öz dostuny görenden begenip, onuň yzyndan gygyrdy: -eý bobik, nirä beýle gyssanyp barýarsyň? -hiç ýere. ýöne öz başyma ylgap barýaryn. – bobik aýak çekdi. – sen näme öýüňde otyrsyň. içiň gysmaýarmy? ýör meniň bilen bile oýnaly. -maňa bolmaýar. atam öýde otur diýdi, bolmasa ogrular öýüňi götererler diýdi. gowsy sen meniňkä myhmançylyga gel. -meni kowmazlarmy? -ýok. atam işe gitdi. başgada öýde adam ýok. sen göni penjireden bökde içeri gir. bobik penjireden böküp, öýe girdi-de, höwesjeňlik bilen öýiň içine gözüni aýlady. -hiç neneň däl. seniňkiden gowusy ýok eken.-diýip ol töwereginden gözüni aýyrman gürledi. – sen öýde ýaşaýarsyň. meniňki bolsa kiçiräk it ketegi. darlyk edýär, düşinýärmiň? üçeginden suw syzýar. garaz ýaşaýyş şertleri ugursyz-da. barbosyň ýüzi açylyp gitdi: -dogry çen çykardyň. bu ýeri hezillik. giň jaýymyz bar: iki otag, aşhana, hatda wannasy-da bar. içinde syýahat edip ýörmeli. -meni bolsa hojaýynlar işikden hem goýbermeýärler.- diýip bobik zeýrendi. – men howly sakçysymyşym, şonuň üçin ketekde ýaşamaly diýip aýdýarlar. bir gezek tötänden öýe girdim- näme boldy diýip bir sora? uly seslerini edip gygyrdylar, sökdiler, hatda taýak bilen arkama-da urdylar. ol öň aýagy bilen gulagynyň ýeňsesini gaşady, soňra diwarda asylgy duran çarhly sagada gözini ümläp, geň galyp sorady: -bu diwardaky asylgy zat näme? dyngysyz tuk- tuk edip dur-la, ýürege düşgünç zat eken. -bu sagat ahyryn. sen näme hiç haçan sagat görmänmidiň? --ýok, hiç haçan. ony nämä ullanýarlar? barbosyň özi hem dereginde sagadyň nämedigini bilmeýärdi, ýöne bolşuna görä düşündirmäge durdy. -muňa sagat diýerler. düşünseň... neme-dä... ol işleýär... ýok ýöreýär... -ol nähili ýöreýär?- bobik geň galdy.- onuň aýaklary ýok ahwetin. -sen-ä düşnüksiz ekeniň. oňa ýöreýär diýip diňe aýdýarlar. hakykatda ol diňe tars- tars edýär, soňra bolsa urup başlaýar. -eý-ho! ol näme, urşaganmy?- diýip bobik gorkup sorady. -ýok-la. ol nähili uruşsyn-aý? -şu wagt özüň aýtdyň ahyryn, urup başlaýar diýip. -urup başlaýar diýdigim- ses edip başlaýar: bum! bum! -gorkuzmada, şeýle diýip düşnükli aýt-da onda. bobik stolyň üstindäki daragy gördi-de ony eline aldy: -bu niräniň byçgysy. -byçgy däl how! muňa darak diýilýär. -onsoň, bu nämä ýaraýan zat. -wah sen kelesaň! ketekden çykanyň bes bellidä. sen näme, daragyň nämedigini hem bilmeýärmiň? saç daralýar. -ol nähili saç daralýar? barbos daragy aldy-da, kellesindäki tüýüni daramaga durdy. -seret nähili daranmaly. ýüz görülýän aýnaň öňüne bar-da, tüýüňi dara. bobik daragy aldy-da, aýnaň ýanyna bardy we onda öz suduryny gördi. -äňet!- diýip ol aýna tarap görkezip gygyrdy.- ol ýerde nätanyş it dur. barbos onuň bolşuna hezil edip güldi. - aýnada seniň özüň ahwetin. -ol nähili men bolýan? men bu ýerde ahyryn, ol ýerde bolsa başga it dur. barbosyň özi hem aýnaň ýanyna geldi. bobik onuň hem suduruny gördi-de ýene-de gygyrdy: -ynha indi olar iki boldular. - ýok ho-ow!- diýip barbos düşündirdi,- olar iki däl, kelle. biz iki. olar bolsa aýnaň içinde, üstesine diri hem däl. -goýsana! diri däl diýdiňmi? olar gymyldaýarlar ahwetin. -gör-ä bu akmagy. biz gymyldaýarys. görýärmiň, ol ýerde itleriň birisi maňa meňzeýändir. -görsene muny, meňzeýär!- diýip bobik begendi. – ol tüýs sen-dä. -beýleki it bolsa saňa meňzeýär. -diýýäniň näme?- diýip bobik ör- gökden geldi,- ol ýerde betnyşan gürji dur ahyryn. görmeýärmiň, aýaklary hem gyşyk. -ol seniň aýaklaryň ahyryn. -ýalan sözläpsiň. ol ýere iki sany gürjini salypdyr-da, indi men hem oňa ynanýandyryn öýdýär.- diýip ol barbosyň gaharyny getirdi. bobik daragy aldy-da özüne timar berip başlady, birden-de bolsa uly sesi bilen güldi: -seredä muňa, ol kelesaň hem darak bilen tüýlerini daraýar. tüýs içim gyryldy! barbos bobigiň dikdüşdiligine çyny bilen gaharlandy, ýöne näme diýjegini bilmän bir gyra geçdi. bobik daranyp boldy-da daragy ýerinde goýdy, soňra barbosyň ýanyna geldi: -siziň bu ýeriňiz bir- geňsi eken! sagat diýilýän zat, içi gürjiden doly aýna , ownuk- uşak şady-horramlyklar ýa-da daraklar. -bizde ýenede radio diýilýän täsin zat bar.- barbos radiopriýomnigi görkezip öwündi. -ol nämä gerek zat.- diýip bobik sorady. -düşünýärmiň, bu örän gerekli zat. ol hemme zady oňarýar: aýdym aýdýar, saz çalýar, hatda gürläp hem bilýär. -şu duran bir tokga çelekmi? -hawa -çypdyrmasana!- diýip bobik öň aýagyny galgatdy. -çypbakaý çynym! -onda goý saz çalsyn. barbos radiopriýomnigi açdy. ondan sazyň sesi eşidildi. güjikleriň ikisi hem saza göhi göterilip, böküp tans oýnamaga başladylar. oýnap, oýnap halys boldylar. -menä örän ýadadym, hatda ajykdym diýseň hem bolýar.- diýip bobik ahyryn oturdy. -sen stoluň başyna geç, men häzir seni dürli tagamlar bilen hezzetlejek.- diýip barbos haşlap durşyna bufete tarap ýöneldi. bobik stoluň başyna geçdi, barbos bolsa bufeti açdy: görse aşaky tekjede içi kiselli gap duran eken. ol gaby aşak düşürdi we ýokaryk mündi. ol ýerdäki gutaplardan ep- esli edip aldy-da, astalyk bilen aşak düşmäge başlady. atdanlykda bir aýagy bilen kiseliň içine girdi, tyrpyp, şarpyldap kisel gabyň erňegine ýykyldy. ähli kisel onuň arkasyna döküldi. -bobik! geleweri çaltrak kisel içesiň gelýän bolsa.- diýip barbos gygyrdy. bobik ylgap geldi: -hany kisel? -ynha meniň arkamda, bol çaltrak, ýala. bobik çalasynlyk bilen onuň arkasyny ýalap başlady: -baý bu kiseliň tagamlydygyny. soňra olar gutaplary ýeke-ýekeden stoluň üstine geçirdiler. özleri hem stoluň üstinde oňaýly ornaşdylar. hem gutap iýýärler, hem gürleşýärler. -sen gowy ýaşaýarsyň,- bobik gözigidijilik bilen barbosa seretdi.- sende hemme zat bar. -hawa, -diýip barbos jogap berdi.-han günim bar. islän zadymy edýärin: islesem darak bilen tüýümi daraýaryn, islesem radio saz çaldyrýaryn, iýýärin we içýärin, ýene näme... krowatyň üstünde arkan- ýüzin togalanýaryn. -saňa ataň käýemeýärmi? -atam kim how, maňa käýär ýaly? bolsa bolupdyr-da garry ata. bu krowat meniňki ahyryn. -onda ol nirede ýatýar? - şol ýerde,- barbos işige tarap elini uzatdy.- çüňkde, halyçanyň üstünde ýatýar. ol şeýle bir ýalan sözläp başlady, hatda soňa baka öz diýýän zatlaryna özi hem ynandy: -bu ýerde hemme zat meniňki: stol meniňki, bufet meniňki, bufetiň içine näme bar bolsa, olaryň hem barysy meniňki. -men hem krowatyň üstünde arkan ýüzin togalansam bolarmy,- diýip bobik sorady.- men ömrümde hiç haçan krowatyň üstünde ýatyp görmändim. -bolýar, ýör togalanaly.- diýip barbos jogap berdi. olar krowatyň üstüne çykdylar. birden-kä bobigiň gözi diwardan asylgy duran gamça düşdi. ol tisginip gitdi: -bu gamçyny näme üçin ol ýerden asyp goýdular. -gamçymy? atam üçin. kä halatlar-da diýen etmeýär, şonuň üçin gamçylamaly bolýar.- diýip barbos jogap berdi. -dogry edýärsiň.- diýip bobik onuň bilen ylalaşdy. olar krowatyň üstünde, agyndylar, togalandylar, ahyryn uklap galdylar. olar hatda garry atanyň işden gelenini hem duýmadylar. ýaşuly öz krowatynda iki sani gürjiniň ýatanyny görüp or- gökden geldi, diwarda asylgy duran gamçysyny alyp itleri saýyp başlady. bobik gorkusyna penjireden böküp, öz ketegine tarap ýazzyny berdi, barbos bolsa krowatyň aşagyna girip, bir çüňkinde busurylyp ýatdy, ony hatda gözleseň-de tapyp boljak däldi. şeýdip barbos agşama çenli ol ýerden çykmady. agşam baska öýüne dolanyp geldi. ol barbosyň krowatyň astynda bolup ýatyşyny görenden, hemme zada düşündi. -wah, basýa jan,- diýip barbos nalap başlady,- ýene-de maňa temmi berdiler. näme üçündigini özüm hem bilmeýärin. doganjygym, maňa bir bölejik kolbasa getirip beräýdä... atamyzdan sora-da. baska atasynyň ýanyna bardy-da mawlady,arkajygy bilen onuň aýaklaryna oýkandy. atasy oňa bir bölek kolbasa berdi. baska onuň ýarsyny özi iýdi, ýarsyny bolsa ylgap barbosa eltip berdi. nikolaý nosow. (1908 – 1976 ý.ý.) terjime eden rejep guwaja.