1. leksiýalar we dokladlar bilen ýygy-ýygydan çykyş etmeli bolýar. çykyşy örän gowy geçirmek üçin diňe bir öz predmetiňi bilmek ýeterlik däl, eýsem köpçüligiň öňünde çykyş ukybyňy türgenleşdirmek diýseň wajypdyr. biz, wagtynda synagdan geçen birnäçe maslahatlary, bu işde öwrenjeleriň ünsüne hödürleýäris. 1.iň esasy zat—doklady, siziň özüňizi gyzyklandyrýan temadan ediň. eger-de, dokladdaky esasy pikir, siziň ylhamyňyzy joşdurmaýan bolsa, onda ol nädip diňleýjileri gyzyklandyrsyn? ýene-de ýatda saklamaly zat, çykyşyňyzyň, dokladyňyzyň, makalaňyzyň kömegi bilen siz: .öz pikiriňizi söz bilen beýan edýärsiňiz, .çykyşyňyza seslenme alýarsyňyz, .berilýän soraglaryň esasynda, öwrenmek üçin täze temalary alýarsyňyz, .täze adamlar bilen tanyşýarsyňyz, .beýlekileri döredijilige ruhlandyrýarsyňyz. 2. dokladyňyzyň wajyp ideýasyny kesgitläň we ony diňleýjileriň öňünde düşnükli bolar ýediň. hatda ony çykyşyň dowamynda bir näçe gezek gaýtalap bilersiňiz. aýtjak jümläňiz düşnükli bolsun, adamlar diýenleriňize düşünmän, söz manysyny gözlemeli bolmasyn. 3. çykyşyňyzy düzeňizde, siziň wajyp ideýaňyz onuň sütüni bolsun. tekstden gerek däl sözleri aýyryp, ony gysgaldyň. dokladyňyzy girişe, esasy bölege we netijä böliň. giriş bilen netije, tekstiň 20 göteriminden az bolmasyn: olara biperwaý garamaň, ýogsam täze maglumatlar diňleýjileri äm-sämlige getirer. 4. görkezijileri işjeň ulanyň: prezentasiýalar, shemalar, gysga wideorolikler we beýlekiler. 5. eger-de siz öz çykyşlaryňyzda prezentasiýalary ulanýan bolsaňyz (mümkin bolsa hökman), onda aşakdaky ýazylmadyk düzgünleri ýatda saklaň: .1 slaýd—1 pikir; .tekstiňiz köp bolmasyn (uzyn tezisleriňizi 2-3 (köp bolsa 6) söze çenli gysgaldyň; tekstiň ekrandaky optimal sany—6 sözden ybarat 6 hatar); .iri harplary ulanyň (olar iň soňky hatarda oturanlara görünsin) .harp ýalňyşlaryňyzy barlamagy ýadyňyzdan çykarmaň; .tablisalaryň ýerine grafiklerdir, diagrammalary ulanmaga çalyşyň. .şekiller çylşyrymly we çuň manyly bolmaly däldir; .görkezijiler sesi we şekili bilen diňleýjileriň ýüregine düşmeli däldir; 6. mysallary köpräk getirmäge çalyşyň. tezisleriňizi faktlar we statistika bilen esaslandyryň. bu siziň diňleýji köpçüligine täsiriňiziň açarydyr. 7. siziň diňleýjilere eşitdirýän maglumatyňyzyň çyndygyny hökman barlaň. 8. eger-de, dokladyňyzdaky maglumatlaryňyzy, faktlaryňyzy diňleýjilere ýetirmäge wagtyňyz ýetmez öýütseňiz, näme etjegiňiziň aladasyny öňünden ediň. ýagdaýa görä bolmany öwreniň, çalasynlyk bilen dokladyň islendik ýerinden parçalary tapmaga endik boluň. çykyşyň öň ýanynda 9. eger-de çykyşyň öň ýanynda siz güýçli tolgunsaňyz -- aýagyňyzdan ysgyn gitdi ýa-da dem almaňyz kynalyşdy, şonda pikirlenmek däl, hatda gürlemek hem kyn—dokladyňyzyň başyndan birnäçe setiri ýazyň-da, görünmejek ýerde goýuň, soňy ýeňil bolar. şeýle-de, çykyşyňyzyň 15 minut öň ýanynda uludan-uludan demiňizi alyň, bu sizi köşeşdirer. çykyş wagty. 10.çykyşyň başynda, eger-de sizi tanyşdyrmadyk bolsalar öz adyňyzy aýtmagy ýadyňyzdan çykarmaň: adamlar kim bilen iş salyşýanlaryny bilmelidirler. 11. adamlaryň ukusyny tutdurmajak bolsaňyz, mähelläni gyzyklandyrmak üçin siziň laýyk iki minudyňyz bar. doklady nädip başlamaly? tema boýunça gyzyklandyrýan waka ýüzleniň, meseläň gysgaça taryhy getiriň, tema degişli gyzykly fakty alyň ýa-da şol ugurdan bilermeniň setirlerini mysal getiriň. eger-de, siz doklada başlamanyň has kämil ugruny bilýän bolsaňyz—gorkmaň-da ediberiň! 12. doly ünsde bolmak isleýäňizmi? onda elmydama göz öňünde boluň, wizual gatnaşyklary ýitirmäň, mikrofon ulanyň (eger-de bar bolsa). 13. hiç haçan ötünç soramaň: .”taýynlanmaga meniň wagtym bolmady”; *”meniň kompýutorym/planşetim/telefonym/printerim döwüldi, şonuň üçin men...”; .”bular ýaly zatlar barada gürrüň berip durmaga meniň wagtym ýok”; .”men bu tema gyzyklydyr we gerekdir öýdemok”; ýönekeýje maslahat: ýa gowyja taýynlanyň, ýa-da çykyş etmäň. 14.hereketleriňize mäkäm boluň: elleriňizi galgatmaň we jübiňize salmaň, eýläk-beýläk ýöremäň, eliňizde ruçka, ýüzük ýa-da şoňa meňzeş zatlary oýnatmaň, saçyňyzy barmagyňyza oramaň, burnuňyzy gorjamaň, dyrnagyňyzy çeýnemäň, eliňiz bilen stoly, diwary we beýleki ýerleri tyrkyldatmaň. 15. diňleýjileri sanlar bilen ýadatmaň. “19,7 göterim” diýeniňizden, gowusy, “bäşden bir bölek töweregi” diýäýiň. 16. dokladyňyzyň tekstini bir list kagyzdan ýa-da prezentasiýadan okamaň. şonda diňleýjiler, siz öz ýazan zadyňyzy bilmeýänsiňiz öýderler we diýýän zadyňyzyň manysyna düşünmeýärsiňiz diýip pikir ederler, bu bolsa olaryň içiniň gysmagyna getirer we siziň aýdanlaryňyza ynanmazlar. 17.uzyn, köp agzaly sözlemlere ünsüňizi bermäň. uly adamlaryň diňe ýarysy, 13 sözden köp bolan jümlelere düşünmäge ukyplydyr. adamlaryň üçden bir bölegi bolsa, bir jümläň on dördünji sözünden soň, sözlemiň başyny asla ýatdan çykarýarlar. çylşyrymly, işlik öwrümli, hal işlik öwrümli sözlemleri ulanmajak boluň. maglumaty bölekleýin beriň. 18. sözüňize dyngy berýän wagtyňyzy dogry ulanmaga çalyşyň: sözlemleriňiziň arasyna öz wagtynda sähelçe dyngy bereniňizde, sözleriňiziň ynanarly çykýandygyny unutmaň. çylşyrymly sözlemlerden ýa-da netijelerden soň, adamlar pugta oýlanar we düşüner ýaly, kyn görmäň-de azyrak dymyp duruň. 19. sesiňiziň äheň we ýakym aýratynlygynyň üstünde işläň. sesiňiziň gowy tarapa üýtgemegi, çykyşyňyzyň wajyp pursatlaryna diňleýjiniň ünsüni çekmäge we siziň çykyşyňyzy has-da täsirli eder. 20. zaldan beriljek soraglardan gorkmaň—tersine, çykyşyň soňunda olar barada hökman soraň. soraglar—diňleýjiler bilen gatnaşygy ýola goýmagyň we öz çykyşyňyza berilen bahany bilmegiň örän oňat mümkinçiligidir. 22. eger-de siz çykyşy bir özüňiz däl, eýsem ýoldaşyňyz bilen bile alyp barýan bolsaňyz, onda siz: . biri-birňiziň sözüňizi bölmäň we gerek däl wagty diňleýjileriň ünsini bir özüňize çekjek bolmaň; .biriňiz gürläp durkaňyz, beýlekiňiz ýüzüňizi turşadyp oturmaň. işiňiz rowaç bolsun! toplan rejep guwaja.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir