Her ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy geçirilip, häzirki wagtda üstünlikli dowam edýär Asylly däbe öwrülen bu köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi öňi bilen ähli watandaşlarymyzyň saglygyny goramaklyga we olaryň bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çärelere agzybir hem-de guramaçylykly gatnaşmaklaryna gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzyň raýatlarynyň sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin dürli sport ýaryşlarynyň geçirilmegi, ýaşlarymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna işjeň çekilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň döredilýändigine çäksiz guwanýan ýaşlarymyzyň geçirilýän bu köpçilikleýin çärä uly agzybirlik bilen guramaçylykly hem-de ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýandyklaryny uly buýsanç bilen bellemek bolar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz, geljege ynamly barýan ýurt bolmak bilen, onuň ajaýyp we röwşen geljegi ilkinji nobatda milletiň saglygy hem-de ýurdumyzda sagdyn ýaş nesli terbiýelemek baradaky aladalar bilen ysnyşykly baglanşyklydyr. Öz şahsy göreldesi bilen ähli watandaşlarymyzy sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge ruhlandyrýan Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda bu çäreleriň amala aşyrylmagy bolsa, gülläp ösýän ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlarymyzyň beden taýdan berkemegine, düşünjeli, çalasyn, gujurly we kalby hyjuwly, ýokary ruhy-ahlakly watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegine giň ýol açýar. Şonuň üçin hem bedew bady bilen öňe barýan güneşli Diýarymyzyň mähriban ýaşlary ähli babatda öňdebaryjy, ylymly-bilimli ýaşlar bolmalydyrlar we özleriniň boş wagtlaryny sport bilen, aýdym-saz bilen meşgullanmaga, ylmy we çeper kitaplary okamak bilen öz bilim derejelerini has-ga artdyrmaga sarp etmelidirler. Ajaýyp we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulan döwletimiziň bagtyýar ýaşlary häzirki zaman jemgyýetine zyýan berýän nogsanlyklardan, ýagny arak içmek, çilim çekmek ýaly ýaramaz endiklerden gaça durmalydyrlar hem-de bu ýaramaz endikleriň adamynyň saglygyna hiç hili peýdasynyň ýokdugyna we diňe adamynyň saglygyna uly derejede zyýan ýetirýändigine eziz Diýarymyzyň ýaşlary oňat düşünmelidirler.

Köneler, parahattm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir