fotograf: --göwniňe bolmasa wagt diýilýän zat, aňyrsy görünmeýän giňişlik ýaly.ýöne möwriti gelende, yzyňa ser salýarsyň, öň durmuşyňda bolan wajyp wakalara biperwaý garanyňa göz ýetirýärsiň. wagtyň her bir übtügi ugrunda göreşýärsiň, pursady gapýarsyň. ýöne geçmişimi gaýtaryp getirmäge mende gaýrat ýok, gelejegim bolsa ümürläp duran salgyma meňzeýär. diňe häzir töwerege göz aýladym, durmuşymyň esasy özeni barada pikir etdim–menden soň näme galjak? maňlaýymy diremäge ne maşgalam bar, ne-de perzendim... wagtynda durmuşymdan çykaryp zyňan söýgimi, indi yzyna gaýtaryp bolmaýar. netijede, elimde köne surat alynýan apparadymdan başga hiç zadym ýok, durmuşymy bolsa ýalňyzlyk gurşap aldy. barmen: meniň göni öňümde oturan, 50 ýaşlaryndaky azrak içgili erkek kişi, bu sözleri diýende onuň gözlerinde durmuşa bolan höwes ýokdy.ýöne ol nutuklaryny maňa aýtdymy, ýa-da bolmasa gapdal ýanynda oturan 45 ýaşlaryndaky, saçlary egnine düşüp duran, owadan gözli, görmegeý zenana aýtdymy,men düşünmedim. ýogsa-da men näme üçin ol zenanyň pikirini etdim? belki onuň bu adama ýiti seredişine üns berendirin? ol kişiniň bolsa öz- özünden göwni geçen ýalydy, gelejegi boş, dünýäden närazy ýaly, lapy keç görünýärdi. mele saçly zenan onuň ähli diýenlerini diňleýän hem bolsa biperwaýdy, nämedir başga bir zat barada pikir edýärdi. meniň ýene bir ünsimi çeken zat, ol hem ýaňky zenanyň elindäki uly bolmadyk bir list kagyzdy. näme üçin onuň kagyzy elinde saklap oturany düşnüksizdi, dogrusy bar direginiň aňyrsyna gelýän müşderilerimiň aladalary meni kän bir gyzyklandyrmaýardy. fotograf: --ýekelik hudaýa ýagşy. adama welin ýalňyz galmak juda kyn düşjek eken. barmen: şu sözleri diýip durka ol zenana tarap öwrüldi we täzeden sorag berdi: fotograf: –siz ýalňyz galmanyň nähili külpetdigini bilýärsiňizmi? angelina: –siziň ýalňyzlyk diýýäniňiziň manysy nämede? barmen: ine, bolup duran wakanyň iň gyzyky ýeri. iki sany bir-biri bilen düýbinden nätanyş adamlaryň öz aralarynda tanyşlyk açyşlaryny synlamak, gulak goýmak. ýönekeý ýalydyr welin, ünsiňi goýaltsaň, häzirki bolup geçýän wakanyň ahyrky maksadyna göziň ýetjek. lenç edip aýtdygym däl, häzir bu ýerde tötänden bolýan zat ýok. sebäbi adam adamy diňlese, aladasyndan many çykarmaga çalyşsa, ömründe görmedik adamsy bilen gepi-sözi alyşyp gidýär. adam bara girenden soň, bar direginiň başyna geçmän, ilki bilen özi ýalyny gözläp töweregine garanjaklaýar. men hatda gözümiň öňünde bolup geçen şuňa meňzeş enaýy wakalary özbaşyna ýazga geçirip başladym. men soň-soňlar bu ýazgylary gaýtalap- gaýtalap okaýardym, okadygymça bular ýaly şahslary adam bakýana meňzedýärdim, saýlawynyň jüpüne düşýänine gözüm ýetýärdi. gapdalymdaky sazyna güýmenip oturan garry pianiste näme diýjek?! hatda ol hem öz arakesmelerinde şolar ýaly dertlini özüne dertdeş tutunyp, bir bokal şerabyň başynda derdinişmäni gowy görýärdi. şonuň üçindir-dä, pianinanyň klawiaturasyny oýnap otyrka-da, gözüniň gyýtagy bilen şolara tarap nazar aýlaýardy. ylymynyň ýetikligine, menden artyk bilýänligine onuň çal saçlary şaýatdy. ýöne gürrüňimizi bir ýana sowmalyň. hut şu wagt täsin ýüzli adam, özüne berilen soraga jogap gözläp oýa batdy... fotograf: --nämede diýdiňiz-ow? sebäbi öýiňde-de bir özüň, ýene bir ýerlerde-de bir özüň, hat-da gürleşmäge-de adam ýok. angelina: --onda siz hiç kim bilen gatnaşmaýarsyňyz-da, men size dogry düşündimmi? fotograf: --ýok. sen.., bagyşlaň, siz maňa düşünmediňiz. barmen: şu sözleri diýende ol çalarak ardynjyrady, penjeginiň jübilerinden bir zatlar gözläp başlady. angelina: --gözleýän zadyň diregiň üstinde. sen diýeniň hem utanjy ýok. hawa, onsoň seniň ýalňyzlygyň dogrusy nämede? barmen: ol öz gürrüňdeşinden gözini aýyrman, çilimini otlady, ony iki gezek içine çekdi, öňündäki wiskisinden bir gezek owurtlady, soňra gürrüňini dowam etdi. fotograf: --adamlaryň maňa düşünmeýänliginde. barmen: ol bu sözleri diýende iki eliniň aýasyny bir-birine goýdy-da dodaklarynyň üstine eltdi we ýene bir gezek gaýtalady. fotofraf: --adamlaryň maňa düşünmeýänliginde. görşüňiz ýaly... terjime eden rejep guwaja.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir