nikolaýew demir ýolunyň, belogoýe menzilinden ýolagçy otlusy ýola düşýär. “çilimkeşleriň” ikinji klass wagonlarynyň birinde, tümlüge duwlanyp ýolagçylaryň bäşisi ýarymukuda otyrlar. olar şu mahal iki agyz nan iýip boldular, indi bolsa diwanyň düýbünde ornaşyp, irkilmäge çalyşýarlar. ümsümlik. ýuwaşlyk bilen gapy açylýar we işikde operettalaň we jýul werniň gahrymanlaryny ýatladýan, çal şlýapaly we kaşaň paltoly uzyn, oklaw ýali dik sudur peýda bolýar. sudur wagonyň ortasynda säginýär, myşşyldap esli wagt gözlerini diwanlara dikip durýar. --ýok, bu hem däl!-diýip, ol lapykeçlik bilen aýdýar-bu näme boldugy! bu ýöne bir gahabatlyk ahbetin! ýok, mundan boluş bolmaz! ýolagçylaryň biri sudura çiňňerilip seredýär we begenjine gygyrýar: --iwan alekseýewiç! siz nire, bu ýerleri nire? bu sizmi? oklaw ýaly iwan alekseýewiç ziňkildäp gidýär, ýolagça tarap biperwaý garaýar we ony tanap, begenjine şarpyldadyp ellerini urýar: --eý-ho! petr petrowiç! görüşmänimize niçe ýyllar geçdi! men siziň şu otluda barýanyňyzy bilmändirin. --barmydyňyz, janyňyz sagmy? --hiç neneň däl, ýöne welin tagsyrym, men kelesaň, öz wagonymy ýitirdim, indi bolsa ony tapyp bilmän kösenýärin! asla meni gamçylasaň hem az! oklaw ýaly iwan alekseýewiç, hem çaýkanýar hem içýakgyç gülýär. ol gürrüňini dowam edýär: --bolýan zatlara serediň! men ikinji jaňdan soň konýak içmäge çykdym. içdimem. indiki stansiýa çenli ýol uzak bolansoň, ikinji bulgury içäýsem nähili bolarka diýip pikir etdim. men pikir edip içýänçäm, üçünji jaň kakyldy... men, däli ýaly bolup ylgadym-da, gabat gelen wagona böküp mündüm. aýdyň, şundan soň men kelesaň dälmi eýsem? köpeý ogul dälmi eýsem? --siziň keýpiňiziň bäşligi mese-mälim-diýip, petr petrowiç aýdýar.--merhemet ediň, oturyň! gözüm üstünde ornuňyz bar! --ýok-ýok... öz wagonymy gözlemäge gitjek! hoş galyň! --gijäniň içinde, bilmezlikde işikden gaýdarsyňyz. oturyň, stansiýa ýetenimizde bolsa, siz öz wagonyňyzy taparsyňyz. oturyň! iwan alekseýewiç uludan demini alýar-da, ýaýdanyp petr petrowiçiň garşysynda oturýar. ol, ähtimal tolgunýandyr, şonuň üçin jany suw üstünde ýaly. --ugur nirä-diýip, petr petrowiç soraýar. --meniňmi? boşluga. kellämde şeýle bir bulaşyk, hatda özüm hem bilmeýärin, nirä barýanymy. ha-ha... gadyrdanym, siz haçan hem bolsa bir döwür bagty çüwen kelesaňy görüpmidiňiz? ýok? ynha, onda serediň! öňüňizde aýatdakylaryň iň bagtlysy dur! hawa-la! meniň ýüzümden hemme zat äşgär dälmi eýsem? --dogrusyny aýtsam äşgär, siziň... bildirýär... kän hem däl. --meniň ýüzüm häzir çendenaşa akmagyň ýüzi bolsa gerek! haýp, ýüz görülýän aýna ýok, ýogsa öz betnyşan ýüzüme äňederdim! göwnüme bolmasa tentege öwrülip barýaryn, eziz atam! eger çynym! ha-ha... biler bolsaňyz, men ýaş çatynjalaryň syýahatynda ýörün. eýesiz galmyşyň çagasy dälmi eýsem? --siz? näme siz öýlendiňizmi? --şu gün, merhemetlim! nikadan geçen dessime, göni otla eňdik. gutlamalardan soň, ýönekeý soraglar başlaýar. --gör muny...-diýip, petr petrowiç gülýär-bolasy kaşaň geýnipsiňiz diýdim-le. --hawa... hatda ysly suw hem sepdim üstüme. süýji arzuwlar huşumy aldy! hiç-hili alada, hiç-hili etsem-goýsam, diňe näme-de bolsa bir zadyň... içi gara galmyş, näme diýip atlandyrsamkam... gamsyzlygyňmy ýa-da şoňa meňzeş bir zadyň duýgusy bar. eneden dogalym bäri özümi şunuň ýaly ajap duýmandym! iwan alekseýewiç gözüni ýumup, kellesini iki ýana ýaýkaýar. --aňyrsyna ýetip bolmajak bagtlylyk!-diýip ol aýdýar. --özüňiz pikir edip görüň. häzir men öz wagonyma giderin. ol ýerde, kürsijikde, penjiräniň öňünde, aýdaly, jany-teni bilen saňa wepaly eýjejik otyr. jüýk burynlyja... inçe barmaklyja... sary saçlyja, ak ýüzlüje... meniň mähribanym! meniň perim! düwmejigim...diýmäýin diýsem! janymyň-tenimiň ýapyşalgasy! aýajyklaryny bir görsediňiz! eý taňrym! onuň aýajyklary siziň gödeňsi aýaklaryňyz däl, ol kindiwanja, jadyly... gözelligi ýatladýan aýajyklar. gyjynyp, iýsem diýýärin men ol aýajyklary! görýän welin, siz hiç zada düşünmeýärsiňiz! hawa-la, siz materialist ahbetin, siz häzir seljerjek bolýarsyňyz, eýlemi, beýlemi diýip! hiç zada düşünmeýän sallahlar diýerler size! ynha öýlenersiňiz, şonda meniň diýenlerimi ýatlarsyňyz! iwan alekseýewiç niredekä diýersiňiz! ynha, häzir men öz wagonyma giderin. ol ýerde maňa sabyrsyzlyk bilen garaşýan bar... meni göresi gelip, içi bökýändir. meni güler ýüz bilen garşy alar. men emaý bilen ýanynda oturýaryn-da, barmaklarym bilen äňiniň aşajygyndan... iwan alekseýewiç kellesini iki ýana ýaýkap, kemput berlen çaga ýaly gülýär. --soňra kelläňi onuň eginjigine goýarsyň-da, inçe biline elleriňi aýlarsyň. töwerek, bilýäňizmi, ümsümlik... joşgunly tümlük. şu pursatda, älemi gujaklamaga taýyn. petr petrowiç, rugsat berseňiz sizi gujaklaýyn! --merhemet ediň. dostlar, ýolagçylaryň agzybir gülküsine, mähirli gujaklaşýarlar, we täze öýlenen maňlaýly, gürrüňini dowam edýär: --has tentekligiňi duýmak üçin bolsa, ýa-da romanlarda aýdylyşy ýaly, bolsadyny ekmek üçin, bufete barýarsyň-da, iki-üç bulgury eňterýärsiň. şu ýerde, kelläňde-de, döşüňde-de, ertekilerde hem gabat gelip bolmajak joşgunly tupan başlaýar. men kindiwanja adam, hiç zat, ýöne göwnüme bolmasa, beýikligim çäksiz ýaly. göwräm bilen älem-jahany gujaklaýan ýaly! ýolagçylar içgili, täze öýlenen maňlaýla seredip, onuň şatlygyna şatlanýarlar we olaryň uky ýatlaryndan çykýar. bir diňleýjiniň deregine, iwan alekseýewiçiň töweregine, indi bäş diňleýji ýygnanýar. ol çişiň üstünde oturan ýaly bolup pyrlanýar, däbşenekleýär, ellerini galgadýar, dymman gürleýär. ol hahahaýlap gülýär, galanlary hem onuň özüne maýyl edýän gülküsine goşulýarlar. --iň esasy zat, jenaplar, azyrak pikir etmek! ikirjiňlemäni başyňdan aýlap zyň... içesiň gelýärmi, peýdalymy ýa-da zyýanly, bilimlisiremede al-da iç... filosofiýa-da, psihologiýa-da gümüne gitsin! wagondan konduktor geçip barýar. --eziz dogan-diýip, täze öýlenen oňa ýüzlenýär-haçan-da 209-njy wagona barsaňyz, ýüzi guşlyja, çal şlýapaly zenany tapyňda, oňa meniň şu ýerde oturanymy aýdyň! --bolýar. ýöne bu otluda 209-njy wagon ýok. diňe 219-njy wagon bar. --bolsa bolsun 219-njy! tapawudy ýok! gaýrat ediňde ol zenana aýdyň: äriňiz sag hem salamat! iwanalekseýewiç birden bet iş eden ýaly kellesini tutýar: --äri... zenanyň... haçandan bäri? äri... ha-ha... seni gamçylamaly, sen bolsa-äri! wah sen kelesaň! ýöne, ol gözel! dek düýn gyzjagazdy... owlajykdy... akyla sygmajak zat! --biziň döwrümizde beýle bagtly adama sataşandan, ak pile sataşanyň aňsat-diýip, ýolagçylaryň birisi aýdýar. --hawa, muňa kim günäkär-diýip, iwan alekseýewiç ýuka joraply uzyn aýaklaryny öňe uzadýar.-eger-de siz bagtly däl bolsaňyz, onda siziň özüňiz günäkär! hawa, ýogsa siz nähilidir öýtdüňiz? adam öz bagtynynyň eýesidir. isleseňiz, siz hem bagtly bolup bilersiňiz, ýöne siz isläňzok ahbetin. siz dikdüşdilik edip, öz bagtyňyzdan ýüz öwürýärsiňiz. --al saňa gerek bolsa! ol nähili beýle bolýar? --bu ýerde çylşyrymly zat ýok! tebygat adamy belli döwrüň dowamynda söýmeli edipdir. şol döwür geldimi, söýüň-dä ör boýuňyza galyňda, siz bolsa tebygaty diňlemeýärsiňiz, görüp otursaň haçandan bäri bir zatlara garaşýansyňyz. yzyny diňläň... kanunda, akyly ýerindäki şahs hökman öýlenmeli diýip aýdylýar... öýlenmeseň bagt ýok. öýlenmäniň wagty ýetdimi, nämä at oýnadýarsyň, öýlendä... ýöne siz öýlenmeýärsiňiz, ýene-de bir zatlara garaşýarsyňyz! şol ýazgyda, şerap adam ýüregini bökdürýär diýip aýdylýar... eger-de seniň keýpiň gowy bolsa we ondan-da gowulandyrmak isleseň, baş üstüne, bufete git-de iç. esasy-aşa akyllysyrama, gerek bolsa lejini çykar. öz-özüň bolmak, beýikdir. --ynha siz aýdýarsyňyz, adam öz bagtynyň eýesi diýip.eger-de seniň bagtyň dik başaşak gaýtmagy üçin ýeke agyryly dişiň, ýa-da ketjal gaýyn eneň bolany ýeterlik bolsa, nireden eýesi bolýarmyşyň? hemme zat tötänlige bagly. häzir atdanlykda kukuýew heläkçiligi bolsun, göreli-bakaly siziň heňiňiz nähili çykýar... --bolgusyzlyk!-diýip, täze öýlenen garşy çykýar-heläkçilikler ýylda diňe bir gezek bolýar. hiç-hili tötänlikden bolsa men gorkmaýaryn, sebäbi onuň bolmagyna esas ýok. olar ýaly waka örän selçeň! gümüne gitsin olaryň barysy! hatda olar barada gürrüň hem edesim gelenok! be-he, biz kiçiräk stansiýa geldik öýdýärin. --indi siziň ugruňyz nirä? moskwamy, ýa-da ondan hem aňyrykmy?-diýip, petr petrowiç soraýar. --al saňa gerek bolsa! o nähili demirgazyga barýan adam, günorta tarap gitmeli? --ýöne, moskwa demirgazykda däl ahbetin. --bilýärin, ýöne biz häzir peterburga barýarys ahyry!-diýip, iwan alekseýewiç aýdýar. -merhemet ediň, biz moskwa barýarys! --o nähili moskwa?-diýip, täze öýlenen haýran galýar. --geň galaýmaly... siz nirä bilet aldyňyz? --peterburga. --onuň ýaly bolsa gutlaýaryn. siz otlyňyzy ýalňyşypsyňyz. wagonyň içine ýarym minutlyk ümsümlik aralaşýar. täze öýlenen ýerinden galýar we töweregine gamgyn gözlerini aýlaýar. --hawa, hawa. bologoýoda siz gyssanyp, başga otla münüpsiňiz. diýmek, siziň içen konýaklaryňyz, sizi garşydan gelýän otla münmäge mejbur edipdir. iwan alekseýewiçiň ysgyny gaçýar, ol kellesini elleri bilen tutýar-da, wagonyň içinde aýagyna ot basylan ýaly bolup, iki ýana düwdenekläp başlaýar. --wah men aňkow! wah men deýýus, meni arwahlar kaksyn! indi men näme etmeli? ol otluda meniň gelnim barýar ahyry. ol ýerde onuň bir özi, garaşýandyr, alada edýändir! wah men wejera! täze öýlenen diwana özüni goýberýärde, edil ýarasyna basylan ýaly ýygrylýar. --men betbagt adam. indi men näme etmeli? näme? --bolýar,bolýar...-diýip, ýolagçylar ony köşeşdirjek bolýarlar-bu hiç-le, hemme zat düzeler... siz gelniňize telegramma beriň, özüňiz bolsa ugurdaş kurýer otlusyna münmäge çalşyň. şeýdip siz onuň yzyndan ýetersiňiz. --kurýer otlusy!-diýip, “öz ykbalyny özi kesgitleýän” ýaş çatynja aglaýar.-men kurýer otlusyna nireden pul alaýyn? meniň pulum aýalymda galdy ahbetin! gülşüp oturan ýolagçylar, pyşyrdaşýarlar-da, öz aralarynda deňňene edýärler we ýygnanan puly bagty çüwen maňlaýla berip, ony ugradyp goýberdiler. terjime eden kakamyrat geldiýew.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir