Dogry o döwürler men 20 ýaşymdadym. Orta mekdebi tamamlap, welaýatdaky lukmançylyk mekdebiň birinji ýyl talybydym. Kakam pahyr birinji kursdakam aradan çykypdy. Birinji kursyñ altynjy aýynda men hiç zatdan kösenmedim. Bar kösençligim 26.04 aýdan soň başlapdy. Ejem işlanokdy, pensiýasy bardy. Şo pul hem meni we jigim Aýtäji ,doganym Eseni eklemelidi. Eseni kakam aradan çykansoň eklenjimiz ýok diýip bir ýarym aý öňürti gullyk etdi diýip düzeldip alyp gelipdik,ol ýaňy gullykdan gelensoň heniz işlanokdy. Biz 9 dogandyk. 3- oglan 6 gyz. Iki oglan doganym öýlenen, gyzlaryň hem 4- i hem durmyşa çykandy. Öýde diňe iki gyz bir oglan we ejem bardy Günlerde bir gün okuwdan ir boşap öýe barsam öýde ejem ýok, ol nirde diýip sorasam hassahanada diyip jigim jogap berdi. Men hassahana ylgap diýen ýaly bardym. Baryp görsem ejem bir gyrada ýygyrlyp ýarym ýaş aglap ýatyr eken. Ejemiň şo göz ýaşy heniz hem göz öňümden gidenok. - ejejan näme boldy, käbäm diýip gujakladym. Ol aglady, menem agladym Soň ejem maňa iň uly agam Gurban bilen şu günden beýläk gepleşmejegime ant içdirdi, menem ejeme söz berdim. Ýöne - ejejan ol uly agam kakam ýerinde otyran adam,näme boldy, gepleşmez ýaly! - diýip sorag berdim Ejem: Körpe doganym Esen bilen uly agam Gurban bir zadyň üstünde sene mene edişýär we gohlaryň soňy gyzyl ýumrukdan geçip eli armaturly körpe doganymy uly agam saýgylamaga başlaýar, demriň zarbyna çyrlaýan körpe doganym sesine ejem çykyp, urma çagany maýyp etýaň diýip iki doganym arasyna urşup durkalar girýär. Gaharyna durup bilmedik uly agam ejeme sen bir goşylma diýip beýläk zyňyp göyberyär, ejem şonda-da doganym elindaki armatura ýapyşyp durka, uly agam gaharyna ejemiň içine iki gezek depýär we elindäki armatur bilen ejemi iki üç gezek gowy saýgylaýar. Ejem özinden gitýär we hassahana düşýär. Ana şonda ejem uly agama "nan atly, sen pyýada bolarsyň emdiren ak süýdünden ant içýar, görjegiň diňe kösençlik ,sergezdançylyk, edeniň bergi, geýjegiň hem kepen bolsun-da hernä "-diýip uly agama gargaýar Bizi hem hemmamizi şonyň bilen gepleşseňiz men sizden geçerin diýip bize hem gadagan etýär. Wagt bolsa geçip durdy. Ejem görgüli şo wakadan soň diňe ukol bilen ýaşady. Uly agam ykbaly şo wakadan soň 5- çagasyn, aýalyn, öýin taşlap obadan näbelli ýerlere çykyp gitdi. Ony gördüm diýýän hem bildim diýýän hem yok.Diriligine ýitdi. Wagtyň geçmegi bilen ejem ony bagyşlady .ölmänkäm didaryn görsem diýip arzuw etdi. Ejem ýarawsyzdy. Çar ýandan habar ýolladyk, ejem ýaranok iň soňky demde seni görjek bolýar diýip, doňýürek gelmedi. Ejem hem öz dünýasini täzeledi. Ejem aradan çykdy gel diýsek ondada gelmedi. Tabydyny götermäge ogly barka keseki garyndaşlar ,ejemiň tabydyny götermeli boldy, ondada gelmedi Ejemiň 3- i ,7-i 40-y ,6- aýlygy, ýyly boldy ondada gelmedi Şeýdip ejemjan gözin açyp doganymyñ didaryny görmän aramyzdan sogurlyp gitdi ..... Ondan bäri 25- ýyl geçdi. 9- dogan hersiniň öz hojalygy, öz maşgalasy bar. Menem lukmançylyk mekdebi gutaryp şäherde işe galypdym we gelnejemiň jigisine durmyşa çykdym. Doganlarym toý märeke bolaýmasa görmäge elim hem degenok Uly agamyň bolsa şo diri ýitgi bolyp gidişi. Ol indi 60- yň onyndan aldy. Pensiýasyn hem alýar. Bir ýerlerden indi ýygy ýygydan ady eşdip ugradym. Ýüzbe ýüz göresim gelýar, ejemi näme üçin razy etmedigni sorasym gelýärdi, ýöne bolaýýamy belli bir ýerde ýaşamansoň hiç gabatlaşyp bilemokdym Bir gün öýde işden gelip nahar edip otyrkam el telefonyma jaň geldi, görsem aýal doganym aglap - tizräjik geläýdä renimasiýa! - diýip jaňy goýdy Men howsala düşüp yzyna aýladym - nä näme boldy - Gurbany paraliç kakypdyr, bir gapdaly tutyşlykgan çagşap dur ,duýanok - bor häzir barýan, diýip edip otyran böregimden nahar termoza salyp, renimasiýa gitdim Nahary iki aýal doganyma uzyn gün aç otyran bolsaňyz nahar ediniň men lukmany göreýin diÿip, öz işleýan hassahanam bolansoň näsagy ölmänkä ýekeje gezek göreýin diýip ýanyna girdim - Wah, wah doganjygym gör negünlere düşüpdir, ne ideg bar nede esewan, lagşyldap ýatan beden hiç zat duýanok, dilim tutyldy, şonda-da - Gurban kaka, Gurban kaka meni tanaýaňmy? - diýdim. Lukman bolsa ol seni tanamaz ol şokda şu wagt, diýdide öz kabinetine ýör diýip alyp gaýtdy lukman bilen gepleşip, näsaga lukmançylyk kömegiň barsyny etdik, indi musulmançylyk däp dessurmyza görä dil hat ýazyp berseň öýe äkidäýiň, etmeli goýmaly zatlarynyň we çagyrmaly adamlarňyzy çagyryberiň, - diýdi lukmanyň ýanyndan zordan aglaman tiz kömek sorasam berermikä başlyk diýdim - hawa berer, sorada äkit bärde kösenmesin, diýdi Daş çykdym, aýagym aýagyma çolaşýar, zordan iki aýal doganymyñ ýanyna bardym, we indi näme edeli, gyzlaryň öýinden çykaralymy, erkek jigisi barka gyzlaryň öýi hem birhili özä, il gün näme diýer, iň gorkynç pikirler durmyşa geçip başlady we ýene Esene jaň edip iň bolmanda seniň öýiňden çykaraly soňky sadakalaryn bolsa bölüşeris, diýip ony zordan yrdyk Ortanjy oglan doganym bolsa özi ýarawsyzdy we tazelikde gelin alansoň olara eltip boljak däldi Biz şeýdip tiz kömek bilen Eseniň öýine eltdik. Oba üýşdi, nasag iň soñky demde diňe gözi gapyda, birine garaşýan ýaly, il güni üýşürüp 25 ýyl mundan öň taşlap giden aýalyny we 5 sany çagasyny getirdik iň bolmanda Allaň haky üçin razy bol diýip aýdaýyň diýip, gaty agyr degýar eken doganmyzda günä bolansoň onyň maşgalasyn getirmek we razylaşdyrmak juda agyr, wah söz tapyp bolmaýar o ýagdaýdaky ýagdaýy Agşama çenli jan berip bilmän ýatansoň molla getirip kyrk yasyn okatdylar ,razylaşmadyk bar bolsa gelip razylaşsyn Allaň haky üçin bendesin günäkärlemaň, ony ýolyndan saklamaň diýip molla aýdansoň kim galan bolsa dogan garyndaş, dost bar, goňşy golam bary bir birden girip çykdy Doganjygym urnyp ýatyrdy, ýürek etmedi, ahyr men iň soňy hem öljek bolsa şu ýekeje asma menä şuňa goýjak iň bolmanda ýuregi bir kuwwatlansyn diýdim-de lukmandan soraman 0.9% S Natriň içine reboksin 10.00 + korglikon 2.0+Askorbinka 2.0+perestam 10.00 damara goýberip yzyndan pentoksifillini ýuwaşjadan onyň yzyndan goýberdim Yarym sagatdan soň dem alyş tizligi azaldy, nasag gowşady we endamy garamtyl gögümtik renkden çala gyzardy 3-4 sagatdan soň nasag iňlap ýuwaşjadan gözini açdy, daş töwerege seredip başlady, ikinji asmany täzeden goýberdim. Gije 9- lardan soň bolsa elini galgadyp ruçka soraýan ýaly doly özine geldi Birinji ruçka bilen ýazan zady hem - hany ejem - wah doganjygym ejem ýogalanyna eýýam 11 ýyl bolda, biz ony nirden tapaly, ol bolsa diňe ejem, ejem, ýene ejem diýip söz ýazýardy Indi biz näme edeli, doganlarym bary meni ýazgarýardy, ölüp barýan adamy yzyna dolap näme etjekdiň, sen asma goýmadyk bolsaň bu wagta ölerdi. Men bolsa diňe aglaýardym, iň bolmanda baryňyz bilen hoşlaşmaga asmada sebap bolandyr ,men üýtgeşik zat uramok oňa diýip aglap ýeňjek bolýadym. Ol gün geçdi, doganjygym towuk çorba iýdi, suw berseň içdi, ýöne ejemi bolsa ýazyp çagyryň diýýardi, barymyzy tanaýar ýöne geplap bilenokdy Gaýtadan ýene urdym ukolyn, ol ukollaryň tasiri gowy netije berdi Aradan üç gün geçdi, öýe baryp geleýin diýip öye gaýtdym. Yzymda korpe doganym şu ejem, eken diýýar welin ejemden razylyk sorajak bolaýmasyn diýip ony maşyna ýüklap üç maşyn oglan alyp ejemiň ýatan öwülýäsine äkidipdirler, ýerinden gozgaýmaň, oturdaymañ ,towuk çorbadan başga zat beräýmäň ,diýip gaýtsamda şeýdipdirler Soň Eseniň gürrüň bermegine görä Gurban kakamy ejem ýatan ýerine göterip eltseler ol uly ili bilen ejemiň guburynyň bagyrtlap aglapdyr we şo taýda hem çaşypdyr. Ony maşyna ýükläp öýe getirip ýerine getirenine mähetdel doganjygym baky gözini ýumdy. Men ýetişmedim we baryp jansyz ýatan göwresine özimi okladym, we men bilýadim, ejem gargyşy, ejem ahy seni ne günlere saldy, ýaşlyk etdiňiz ejemden razylyk almadyň, ejemi razy etmediň, ejem tabydynyň baş ujuny tutmadyň, gör seni nä güne saldy- diýip diňe ses edip agladym... Enäni razy ediň, ene ahy sizi ýerden galmaz eder,nan atly, siz pyyada bolarsyňyz, enäniň gargyşyny almajak bolyň, perzentlik borjyny ýerine ýetiriň, enäni harlasaňyz Allada sizi harlar. Ene mukaddesdir. Şol mukaddeslik bolsa biziň ýaşaýşymyzyň çyragy Dogan ahyna ýanan gelniň gürrüñ bermegi zerarly ýazyldy... Nowça