ýoluň üstüne abanyp uçutly gaýa dur. büdür-südür gasynly, ýöne döwüksiz, jaýryksyz, uzakdan seretseň reňki göwnüňe bolmasa gara ýaly, hakykatda bolsa goňur. boýy dört gat jaý bilen boýdaş. adamlar oňa äpet daş diýip at goýdylar. äpet daş obadan uzakda ýerleşipdir, şol sebäpden ýadap, surnugan ötegçiler onuň saýasynda düşläp geçýärdiler. ol tomus günleri kölege berýärdi, gyşyna bolsa ýagyşdan, gardan we aýazly ýelden goraýardy. günleriň birinde onuň depesinde, bir ýerlerden uçup gelen garga gondy, çüňkünde-de—hoza meňzeş bir zat. töweregine göz aýlap, ol aýagy bilen awuny berk saklady-da, ony döwmäge başlady. hozuň gabygy ikä bölündi we garga seçelenen däneleri çalasynlyk bilen çokup-çokup aldy. däneleriň birisi äpet daşyň çat açan inçe jaýrygyna girip gitdi. garga ýiti gözleri bilen ony gördi, ýöne näçe jan etse hem ol ýerden dänäni alyp bilmedi we täze oljanyň yzyndan uçup gitdi. şeýdip, däne äpet daşyň yşynda galdy. bu waka güýz aýlary bolupdy. soňra ýagyşlary we garlary bilen aýazly gyş geldi. seleň ýelleriň, äpet daşyň etegine seçelän tohumlary soldular we çüýrediler, gargaň taşlan dänesi bolsa guraman galdy we haçan-da ýere ýyly girende özüniň ujypsyzja şinesini ýere urdy. ilkinji günler kök ejizjedi, güýçsüzdi. şemal ony iki ýana urýardy, gün bolsa yssysy bilen ýakýardy. öýläne çenli ol ýadap halys bolan adam ýaly, süllerip, parhsyz hala gelýärdi. ýöne agşama ýene-de jan girip, gönelip, ýokarlygyna uzalýardy. ynha bir gün şol şinejik enaýyja ýaprakly ownuk şahajyklaryny endam-jana goýberdi we şonda adamlar äpet daşda iň owadan agaçlaryň biri, daglarda kuhistanyň gelinligi diýilip atlandyrylýan arça agajynyň ornaşandygyny gördiler. bir näçe ýyldan arça, köklerini äpet daşyň ýüregine diredi, uly agaja öwrüldi. -eý, arça—diýip, bir gün äpet daş oňa ýüzlendi—sen näme edýärsiň? näme üçin seniň kökleriň gurçuk ýaly egrem-bugram bolup meniň endamyma girip gitdi. -başgaça bolup hem bilmez—diýip agaç jogap berdi—maňa-da suw bilen iýmit gerek. men hem ýaşasym gelýär. -töweregiň boşluk—diýip äpet daş hüňürdedi—näme, bu giden giňişlikden saňa peýda ýokmy, hökman meniň üstümde ösmeli bolduňmy. -bu meniň günäm däl, dogan. meniň tohumumy bu ýere garga getirdi, şondan hem sora. -wah, sen ýene dawa-da edýärmiň?!—diýip, äpet daş gaharlandy we arçaň sütünini gysmaga başlady. ýöne agaç hem el bermedi, ol daşyň özeninde täze ugurlary tapyp, täzeden kök urdy we ösmegini dowam etdirdi. arçanyň ýaşasy gelýäni çyndy. ahyry daş boýun boldy. -bolýar-da—diýip, ol arça aýtdy—ýaşa. töwerek-daşda agaçlaryň arçadan gelşiklisi ýokdy we geçip barýan adamlaryň biri hem onuň deňinden biparh geçip bilmeýärdi. onuň ýokary başynyň ýaşyl öwüşgini asmanyň gögi bilen utgaşyp gidýärdi, daş bolsa, uzakdan seretseň onuň gara mermerden edilen esasy ýaly bolup görünýärdi. ep-esli ýyl geçdi. ahyry günleriň birinde insiz ýoly giňeltmeli diýip karar çykaryldy. gelejekgi gara ýoluň ugrundan inžener geçdi. ol äpet daşyň deňinde sägindi. ýol göni we giň bolmalydy, indi bu äpet daşy näme etmeli? ýerinden bir gyra süýşürmelimi, ýa-da partladanyň ýeňil düşermi? inžener uzak wagtlap daşy syn etdi, iki gezek daşyndan aýlandy. dyrmaşyp onuň depesine çykdy, arça syn edip lezzet aldy, onuň ýaşaýyş üçin edýän göreşini gördi. äpet daş hem söweşýärdi: ýiti çüňkleri bilen, çeýnemäge çemeleşýän ýaly agajyň düýbine ýapyşypdyr. inženeriň gözüniň öňünde daş bilen arça däl-de, göwreleri bilen biri birine çolaşyp, eginlerini eginlerine berip söweşe çykan iki sany batyr-pälwanlar peýda boldy... inžener arça rehim etmeli diýen netijä geldi. ol ýoly dört metr aşakdan almaly diýip görkezme berdi. ýöne topagraflaryň birisi, gaýa mazara meňzeýär diýip garşy çykdy we ony partlatmagy teklip etdi. -ol hiç hili mazara meňzemeýär—diýip, inžener aýtdy—görüň-a bu gözelligi—daşyň üstünde ösýän arça. işgärleriň köpüsi inženeri goldadylar, we ahyr soňy ol näme diýen bolsa şony hem etdiler. äpet daş we arça öňki duran ýerlerinde galdylar. iki ýyldan ýoly gurup boldylar. ondan agyr ýük maşynlary we içi adamdan doly awtobuslar gatnap başladylar. aýnaň aňrysyndan, göwnüňe bolmasa arça howada asyl-asyl bolup duran ýalydy. awtobuslar äpet daşyň ýanynda säginýärdiler, ýolagçylar bolsa daşyna çykýardylar—dynç almak üçin we töweregiň peýzažyna syn etmek üçin. äpet daşyň depesi salkyndy. adamlar arça haýran galyp seredýärdiler. has hem gartaşan adamlar täsin galýardylar. -ine, ine ýaşaýyş üçin nähili göreşmeli! käbirler gidýärdiler, beýlekiler gelýärdiler. günüň-gününe äpet daşyň töweregine märeke üýşýärdi. ol ýer töweregiň ajap we syýahatçylaryň düşleýän ýerine öwrüldi. ýöne ýol entek resmi komissiýa tarapyndan kabul edilmändi. ony birnäçe aýdan döretdiler. onuň hataryna, başlygyň ýolbaşçylygynda dört adam girdi. ine bir gün olar gazige münüp, ýoly kabul etmäge gitdiler. başlyk, kemçilikler tapmak üçin töweregine ýiti-ýiti seredýärdi. ýöne awtoulag ýoluň galapyn ýarsyny geçse-de, başlyk hiç-hili ýetmezçiligi görmedi. ol bu ýagdaýy bilen bolsa, mümkin hiç haçan komissiýa başlyk bolmaga razyçylyk bermezdi. be, bular ýaly uzyn ýoluň dowamynda, dogrudan hem hiç-hili kemçilik ýokmuka? gurluşykçylaryň näme-de bolsa bir zady hökman ýatlaryndan çykarandyrlar, bir kemsiz bolup bilmez. kim muňa ynansyn? başlyk gowy sereden däldir, işine ähmiýet beren däldir diýerler. şu ýerde ol arçany we äpet daşy gördi. -sakla—diýip, ol sürüjä aýtdy. komissiýaň agzalary başlygyň yzy bilen maşyndan düşdiler. olar häli hiç zat güman etmediler. olar üçin häzir endamlaryny ýazmak wajypdy. başlyk bolsa äpet daşyň ýanyna geldi-de, kellesini ýokaryk galdyryp, ep-esli wagtlap arçany synlady, soňundan bolsa: -görýäňizmi? inženeri öwýärler—zehinli diýýärler, goýberen hatasyna bolsa serediň!—diýdi. -hawa, hawa—diýip, ýoldaşlarynyň biri ony goldady. -dogry—diýip ikinji tassyklady. ýöne üçünji olar bilen ylalaşmady. -ol nähili hata, nirede ýalňyşlyk? başlyk bu soraga üns hem bermedi, gulagynyň duşundan geçirdi. özüni goldaýanlaryň dogrudan hem bilip razydyklaryny barlajak bolýan terzde, ol: -hany aýdyň onda, inžener nämede ýalňyşypdyr?—diýip sorady. komissiýaň agzalary jogap berip bilmediler. başlygyň ýüzi boz-ýaz boldy we gaharly hüňürdedi: -bolduňyz meniň başyma hünärmen-ýol ussalary! olar günäkär ýaly ýylgyrdylar. başlyk bolsa sürüjini ýanyna çagyryp, ony golaýdaky obalaryň birine ýiti byçgy tapmaga ugratdy. ýigrimi minutdan sürüji eli byçgyly dolanyp geldi. başlyk arça elini uzatdy-da: -ony kesip aýyrmaly—diýdi. -hawa, hawa, kesip aýyrmaly—diýip, olaryň ikisi bir ses bilen başlygy goldadylar. -näme üçin—diýip, üçünji garşy çykdy—ol arça hiç kime päsgel bermeýär ahyry. -siz häzir hem hiç zada düşünmediňizmi?—diýip, başlyk gülümjiredi.—häzir päsgel bermeýär, uzagyndan ösüp töwerege ýaýrar, onuň şahalary ýol hereketine päsgel berer. görýän welin inžener uzakdan görüp bilmeýän eken, şonuň üçin hem çaky çykmandyr. indi düşündiňizmi? -hawa, hawa—diýip, birinji aýtdy. -dogry, ösüp barýar—diýip, ikinji goldady. ýöne üçünji razy bolmaýan terzde, kellesini ýaýkady. ýöne başlyk onuň garşylygyny diňläp durmady-da, beýleki ikisine tarap öwrülip, arçany kesip aýyrmaklygy buýrdy. olaryň biri byçgyny aldy-da, äpet daşyň ýanyna bardy we... pikirlendi. -ösüp barýar, goý dursun—diýip, ol hüňürdedi—häzir ol hiç kime päsgel bermeýär. -wah, bir agaçjyga nebsi agyran boldy-da!—başlygyň gahary geldi—janyma dert edip, ýanym bilen alypdyryn bulary! ol byçgyny onuň elinden aldy-da, äpet daşyň üstüne özi dyrmaşdy. ony görüp agaç titredi, haýpyň gelsin diýýän terzde ýapraklaryny zarynlyk bilen şygyrdadyp başlady. ýöne başlygyň gaýtmyşymy ýokdy. ol gurluşykçy-inženeriň uly ýalňyşyny tapanyna guwanýardy. indi ol ýokarky instansiýa bu barada habar berer, ýany bilen komissiýaň agzalarynyň biderekdigini, arçany bolsa bir özüniň kesip aýyrmaly bolandygy barada arzyny aýdar. byçgy agajyň böwründen girdi. gara dere batyp, başlyk byçgy bilen arçaň ýogyn sütüniniň ortasyna bardy, we şu ýerde agaç şarkyldap döwüldi-de, äpet daşyň bir bölegini goparyp, aşaklygyna gaýtdy. hemmeler biygtyýar, daşyň gopan ýerine seretdiler. ol ýerde gara, çalt ýaýraýan tegmil peýda boldy, soňra suw damjalary çişip çykyp başladylar. ynha birinji damja gaçdy, ol daşyň ýüzünden syrylyp gaýtdy, yzy bilen ikinji damja, üçünji damja... ýöne ol suwmyka bir? belki gözýaşdyr? belki äpet daş arça nebisi agyryp aglaýandyr? daş ýürekli adamyň etmişine tolgunyp aglaýandyr... şol döwürden bäri äpet daşy, aglaýan daş diýip atlandyrýarlar. terjime eden kakamyrat geldiýew.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir